❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
30.07.2021 15:13
10.1.    16-17-nji asyrlarda Türkiýede kofe içip tutulan islendik adamy jezalandyrýardylar
10.2.     Marsyň atmosferasynyň 95% -ini kömürturşy gazy tutýar
10.3.     Ýürek 1 minutda ortaça, 70—75 gezek urýar. 70 ýaşly adamyň ýüregi ömrüniň dowamynda ortaça 2.900 million gezek urýar.
10.4.      Köp derejede arzuw edýän adamlar realistlardan köp düýş görýärler we ony ýatda saklap bilýärler
10.5.     Zenanlaryň ýüregi erkekleriňkiden çalt urýar
10.6.      "Spiderman" filmi surata düşürilýän döwri bahasy 50000$ bolan baş gahrymanyň geýimi 4 gezek ogurlanypdyr.
10.7.     Ýylan hamyny täzeleýän wagty kör bolýar
10.8.     Adam bedenindäki iň güýçli myşsa – dildir
10.9.     Dünýädäki iñ gysga eskalator Ýaponiýanyñ supermarketlarynyñ birinde ýerleşip onyñ beýikligi 70 sm.


( ꈍᴗꈍ)(◕ᴗ◕✿)
12
103
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
30.07.2021 15:13
Sag bol, durmuş!
Sag bol bereniň üçin.
Şükür, saçagymda kemenok çörek.
Ýöne adam
Çörek bilen, adam däl,
Oňa başga-da kän,
Kän zatlar gerek.

Sag bol, durmuş!
Sag bol bereniň üçin,
Ýagyşlaryň üçin, garlaryň üçin.
Ýöne ýagyş, gara juda höwrügip,
Adamyň hasratdan ölmegi mümkin.

Sag bol durmuş!
Sag bol bereniň üçin.
Il deňinde ýar ýerinde ýar berdiň
Ýöne ýaryň saçyn ýassyk edinip
Ýatmak gylygyna syganok merdiň.

Dahana söz berdiň waspyň diýere,
Dost berdiň şol dosta mynasyp saýyp.
Dost kyn günüň gerek.
Duşmanam berdiň
Şat günümde aglap biljek ajaýyp.

Saglyk berdiň, duýgy berdiň köňlüme,
Dözdüň meni gyşyň aňzak ýeline.
Şu zatlaryň aşagyndan çyk diýip,
Iň soňunda galam berdiň elime.

Bu baglaryň göni,
egri hatary,
Gülleriň, günleriň müň hili reňki,
Adamlaryň sary aýralyklary,
Elwan duşuşygy — bary meniňki.

Gije-gündiz galamymy oýnatdym,
Habar sorap gülden, ýagyşdan, guşdan.
Aşagyndan çykar ýaly däl eken,
Kän zat alan ekenim men durmuşdan.

Ýöne neçün
Mende kinäň bar ýaly,
Berenlerňi alýaň ýuwaş-ýuwaşdan?
Ýa-da onuň bolmalysy şeýlemi?
Eýýäm aýra düşdüm niçe deň-duşdan.

Atyň eýerinde tans oýnaýyn,
Ýolbars deý böwseýin oduň halkasyn,
Köp zat berdim diýip gynama meni,
Berenleriň üçin taňryýalkasyn.

Pursat ber, howlukma,
Gyssama meni,
Älemgoşaryňa bir gaş kakaryn.
Öňümde ak kagyz,
Elimde galam.
Menem bir gün bergilemden çykaryn!

Gurbannazar Ezizow
10
52
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
30.07.2021 15:12
Tümüň ýary penjirämiz kakyldy
– Salam!
– Salam. Kim borsuňyz, eý daýy?
Myhman jogap berdi örän akylly:
– Menmi? Ajal.
Has dogrusy — Ezraýyl.

– Gaty oňat.
Geliň, geçiň, oturyň.
Size haýsy gerek: kofemi ýa çaý?
– Maňa, gowsy, boş çüýşejik getiriň.
Ol seniň janyňy saklar örän jaý.

– Bagyşlaň:
Siz ýalňyşýan-a dälsiňiz.
Meniň keselim ýok. Özümem juwan.
Belki, jaý nomerim ýalňyşansyňyz,
Men-ä, walla, hiç düşünip bilmeýän.

– Ýok, men jaý nomerin ýalňyşamok,
ýok,
Men geldimmi — boş gitmäni halamok.
– Bilýän, ýöne meň ölesim gelenok,
Janym sagat, durmuşymdan nalamok.

– Sen ilk-ä aglama, soňam aldama,
Aldawyň köp bolsa, jezaňam artýar.
Onsoňam bilip goý, her bir adama
Meniň saýlap-seçen bir perişdäm bar.

Ine, seniň diýen sözleň barada,
Seredip gör, şunça fakt gowuşdy.
– Niçik? — diýip sorajakdym,
şobada
Bir kitap gütüläp öňüme düşdi.

Kitaby agyz däl, göz bilen iýýän,
Düşünýän, arada bar ullakan syr:
Ýokarsynda meniň adym, familiýam,
Iň aşakda bolsa «Ezraýylneşir».

Ýüregimde zat galmady hemleden,
Şo pursat ajalym ýakyn göründi.
Bu iş meniň bir kitaba jemlenen
Ölüm hakyndaky goşgularymdy.

– Ine, indi bildiň gerek, ýaş ýigit,
Neçün gelenimi tünüň ýarynda.
Seniň ahy-nalaň ýüregmi iýip,
Ýer tapmadym tünegimiň töründe.

Şatlykdan, begençden, ýaşlykdan ötüp,
Siz nämüçin beýle hala düşdüňiz?
Beýtmäň ahyr, işim özüme ýetik,
Meniň halys ýüregime düşdüňiz.

Juwan halyňyza gojadan beter
Çekýärsiňiz bu dünýäniň ahyny.
Her kimiň mütdedi wagtynda ýeter,
Siz bir entäk azar bermäň ahyry.

Wasp ediň ýaşaýşy, beýik şatlygy,
Gözelleriň elden ýeňil öýmesin.
Ýat ediň ölümi — çyn berbatlygy,
Wasp ediň çagalaň säher deý sesin.

Eger, walla, erkim bolsa özümde,
Taşlap şu kärimi allaowarra,
Ýaşardym şadyýan ýeriň ýüzünde,
Guwanyp ýaş ýigit, gözeldir garra.

Meň baran ýerimde ýatýar şagalaň,
Aýdym aýdylanok, çalnanok dutar.
Eger adam bolsa Allatagalla
Meni beýle jeza etmezdi duçar!

Birden onuň gözlerine ýaş gelip,
Bolşy meniň jigerimi daglady.
Hasratdan müzzerip,
Bir gysym bolup,
Titräpler ykbalyndan aglady.

Dözmedim men ol pahyryň halyna
Kärini unutdym bu şum apatyň.
Emaý bilen baryp onuň ýanyna,
Onuň bedibagt başyn sypadym.

Diýdim: — Besdir, bozulma sen ýaşuly
Men-ä asyl höwrügäýdim seň bilen!
Köne ülpetler deý, köne dostlar deý,
Onuň bilen hümürdeşdik daňa çen.

– Äý — diýdi — bolsa-da aralarmyz daş
Içimi bir dökeýin diýip gaýtdym.
– Bir gören tanyş bor, iki — garyndaş
Kyn günüňde geläýgin — diýp aýtdym.

– Ýamanlyga duşmaweri ylaýym.
Derdim egsiläýdi diýen sözüňden,
Siz bir işli adam.
Zyýan bermäýin.
Işläň! — diýip,
Sumat boldy gözümden.



Gurbannazar Ezizow
11
106
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
29.07.2021 11:23
Salam hemmä👋👋👋👋👋Gowmysyňyz?🤗
133
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
14.07.2021 17:22
Oýlanma baýry


Reňbe-reň öwüsýär Aşgabat baýry.
Ýüpekdi bägüli, mahmaldy çaýry.
Ortasynda fontan. Çepinde howdan.
Öňümde derweze. Al-ýaşyl meýdan.
Derwezäň ýüzünde (harplary saýry)
Gülden örülipdir.
«Oýlanma baýry».

Baýryň depesinde dört sany memmer.
Gyzyl, ýaşyl, goňur... durşuna mermer.
Memmerleň syraty bolsa-da meňzeş,
Ýüzünde oýnaýar ýüz tüýsli güneş.
Hersiniň eginide-bir dürli eşik.
Reňkleri aýry, ysy üýtgeşik.
11
37
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
13.07.2021 06:47
9.1 Eger ilki gözýaşlar sag gözden aksa sebäbi begenmekdir, çep gözden aksa gynanmakdan aglamak.

9.2 Ýyldyrymyñ gyzgynlygy Güniñ üstiniñ gyzgynlygyndan 5 esse beýikdir.

9.3 ABŞ-nyň Ogaýo ştatyndaky Uaýnsberg şäherçesinde 28-nji iýul adatça ýagmyr bilen geçýär. Bu ýagdaý ýüz ýyldan bäri gaýtalanýar

9.4 Adatça millionerlaryň köpüsiniň aýaly mugallym

9.5 Leonardo da Winçi “Mona Lizanyň” dodaklaryny çekmäge 12 ýyl sarp edipdir

9.6 Dünýä belli milliarder Bill Geýts institutda okaýan döwründe mugallymlaryna  30 ýaşynda millioner boljagyny aýdypdyr

9.7 Adam bedenindäki iň güýçli myşsa – dildir

9.8 Islandiýada “çaý pulunyň” berilmegi kemsitme hökmünde kabul edilýär

9.9 ABŞ-da aýallaryñ iň az ştaty Alýaskadyr

9.10 Žirafalaryň 35sm. uzynlygynda gara dilleri bardyr.

8
152
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
11.07.2021 22:41
Enäniň ýaşy
Günämizi bagyşlaýar eneler.
Sebäp –
eneleriň ak süýtli döşi
Köp-köp garalygyň günäsin ötýär.
Şeýdibem kemelýär eneleň ýaşy...

Ene balasyna buýurdy ýumuş,
Ol diýdi: «Özüň et oň ýaly işi!»
Ýandy ene. Emma ötdi günäsin.
Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy.

«Öýe wagtynda gel,
giç gelme, balam..»
Ogly bolsa enä çenedi daşy.
«Wah, nätsemkäm?»
Emma günäsin ötdi.
Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy.

Ýigrimi ýaşyny doldurdy ogul.
Gapak ýaly boldy tüýlüje döşi.
«Indi ata bolduň,
adam bol, oglum!»
Gysyldy, gysyldy enäniň dişi.

Ene dişin gysdy otuzki gezek,
Her gezek gysanda
gaçdy bir dişi.
Enäniň her gaçan dişine derek
Ýaprak dek saralyp,
Gaçdy bir ýaşy...
7
80
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
11.07.2021 18:29
Adamlaryň 95% ilki çep jorabyny geýýär, soňra sag jorabyny
∆∆∆
Dünýäde iň meşhur zenan ady – Anna. Dünýäde 100 milliondan gowrak Anna atly zenan bar.
∆∆∆
Kitleriň ýüregi minutda 9 gezek urýar
∆∆∆
Dünýäde agtyk gören iň ýaş zenanyň ýaşy 23-e deň
∆∆∆
Adam beýnisiniň 80 göterimi suwdur.
∆∆∆
Adamyň 65%-i beýleki adamlaryň göwnüne degmezlik üçin käwagt ýalan sözlemegiň peýdalydygyny hasaplaýarlar
∆∆∆
Badamjan örän peýdalydyr, ýagny ol özinde Mendeleýewiň tablisasyndaky elementleriň köp bölegini saklaýar
∆∆∆
Towuklar garaňkylykda hiç zat iýmeýärler
∆∆∆
Adam halaýan zadyna seredende onuň göreji 45% ulalýar
∆∆∆
1941-nji ýylda bir akulanyň aşgazanyndan 3 kemer, 9 köwüş, 14 jorap we 43 ilik tapyldy



9
203
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
11.07.2021 11:25
Dost
Adam
adam adyn alaly bäri
Bir ýumrugy – toýly,
Birisi – ýasly.
...Dosty soňky demde
hyrkyldap ýatyr.
Edil gapdalynda toý tutýar dosty.

Ýöne weli bu dost
Hakyky dostdy –
Dostunyň ugrunda ýurt söküp bir ýyl,
Toýuny tesdirdi. Melhem gözledi...
Emma şaha-şaha,
şatut dek ogul
Gara kesewi dek süýnüp ýatyrdy.
Peýda berenokdy hiç hili melhem.
Dostuň dosta eden melhemlerinden
Dirilip bilerdi,
Belki, öli hem.

Emma dirä weli şypa ýetmedi:
Bu dünýäde artyp bäş sany ýetim,
Sapagyndan tänen, bäş alma ýaly
Ýaş enäň etegne
gaçjakdy ertir.

Emma Kesel üçin ýetimmi, ýesir –
Tapawudy ýokdy. Bolsaň-da her kim,
Hökmürowandy ol. Sülçüsiz-zatsyz –
Bir madda boýunça
Kesýärdi
Höküm.

...Bu gezek Höküme howlukmady ol.
Pidasyn bir ýyllap oýnady Kesel.
Düýn oňa bir bulgur awy uzatdy,
Bu günem uzatdy
Bir oýmak hesel.

Diýmeli, yzyna tesipdir Kesel.
Guwandy dost-ýarlar. Begendi il gün.
Enesi gülledi misli bir erik,
Aýaly açyldy misli bir bägül.

Toý hakda maslahat gozgaldy şol gün.
Ol diýdi: «Nämüçin şu wagta çenli
Maňa aýtmadyňyz? Men toý küýseýän.
Ataryň gazany! Getiriň gelni!
Toýuň hyzmatyna ýaraman weli,
Sazyn diňlemäge ýarar bu göwün.
Aý, onsoňam, näme... dostumyň toýy...
Belki bir käsejik
Urarsam şo gün...»

Ertesi daň bilen gitdi atbaşy.
Gelin getirildi. Toý gyzdy öýlän.
Tans edip başlady ýigitler, gyzlar...
Gün bolsa... ýaşypdy,
Ýaşypdy eýýäm.

Ýaşsa ýaşybersin. Gün diýilýän zat
Ýaşmak, dogmak üçin dälmidir başda!
Wah, ol şeýle welin,
bu günki Günüň
Ýaşyşy öňküden
Bolmaly başga.

Şol gün bilen
Bile ýaşmalydy ol –
Hoşlaşmalydy ol bu älem bilen.
Ýöne Dost toýuny bozmazlyk üçin
Keseller içinde iň Zalym bilen
Başa-baş söweşe girişipdi ol.
Ýok, ol edenokdy ölümden heder.
Diňe birje zatdan heder edýärdi:
«Toýy bulaşdyrsam,
Il-günüm näder?!

Men diri bolmaly. Diňe diri däl,
Men adam bolmaly. Adamlyk bolsa –
Diňe Wepa bilen Mertlige bagly.
Adamlyk tohumy gutarar ýogsa...»

...Bir howlyň içine syganok ilat.
Deň-ýary düzlüpdir ýabyň boýuna.
Ol bolsa
söweşip ýatan ýerinden
Guwanyp dostunyň uly toýuna,
Gyzlaň gülküsine, bagşyň sazyna
Ýüregniň iň soňky sesin goşýardy.
Daşarda Saz bilen Gülki ýaryşsa,
Öýde Ömür bilen Ýas ýaryşýardy.

Haýsynyň ýeňjegi eýýäm bellidi.
Emma dowam edýär başa-baş söweş.
Göýä Ajal onuň bogazna däl-de,
Ol onuň bogazna münene meňzeş –
Gysýardy ýumrugyn, barha gysýardy.
Ýüzüniň, gözüniň üýtgäpdi persi.
Göýä gurçuk üçin pudalan tuduň
Kellesi ýalydy ýumrugnyň hersi.

Ýatyrdy ol misli telegraf pürsi –
Göýäki diýersiň, uly bir tupan
Ony ýykypdyr-da, emma henizem
Simler işläp ýatyr
myhyndan sypman.

Emma etjegini edipdi tupan.
Güýç barha keselden
Asgyn, asgyn, asgyn...
Onýança-da dosty gapydan girdi.
Gyssandy: «Toýuňy sowduňmy, dostum?»
– Hawa, hawa, toýy sag-aman sowduk.

Ýap-ýaňja ugratdym soňky myhmany.
– Onda eliň äber...
Toý gutly bolsun!...
Men gitdim...
Hyrk boldy.
Sogruldy jany.
10
107
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
10.07.2021 10:38
Iň köp sözlenýän ýalan: Meniň bilen hemme zat gowy. Üçünji ýerde: Men seni söýýärin. Ikinji ýerde bolsa: Ýok, sen çişik däl
|||
 Kebelekler tagamy aýaklary bilen alýarlar.
|||
 Mumiýalarda radioaktiw madda bolanlygy sebäpli olary birinji gezek tapan 12 alym rak keselinden ölýär
|||
 Internet ulanyjylaryñ 7%-i her sapar internete girenlerinde hökman Wikipedia saÿtynyñ makalalaryny okaÿarlar
|||
 Iň gymmat telefon - iPhone 3G Kings Button. Bahasy 2.41 million dollar.
|||
 Pil kellesinde duryp bilýär.
|||
 Prezident John F. Kennedy ýigrimi minudyň içinde 4 sany gazet okap bilýärdi.
|||
 Dünýäde diňe 18 ýurt Bill Geýtsden baý
|||
 Aýa çykanlarynda Aýda birinji bolup iýilen zat şetdalydyr
|||
 New York ol awtoulaglara nomer dakmaly karara gelen ilkinji ştatdyr. Kanun 1901-nji ýylda kabul edildi
|||
 Oprah Winfrey her sekuntda 10, minutda 600, sagatda 36000, günde 864000, aýda 25920000 we ýylda 311040000 barabarlykda dollar gazanýar.
|||
 1830-njy ýylda ketçup derman hökmünde satylypdyr
|||
 Günüň şöhlesiniñ Ýere ýetmegi üçin 8.5 minut ýeterlikdir.
|||
 Beýnimiziň agyrlygy orta hasap bilen 1,3 kilogramdyr.
|||
 Motsartyň nirede jaýlanandygyny hiç kim bilmeýär
|||
 Dünÿäniñ kõp ýurtlarynda eje sözi M harpy bilen başlaýar
|||
 Adamyñ beýnisi 1 milliondan 7 million megabaýta çenli informasiýany saklap bilýär
|||
 1 milliard sekund takmynan 37 ýyl bolýar
|||
 Adam hor çekýän wagty düýş görüp bilmeýär
|||
 Gök kitiň ýüregi Toyota Sienna awtomobiliniň ululygy bilen deňdir



🙂🙂🙂
9
143