❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
30.07.2021 15:13
Sag bol, durmuş!
Sag bol bereniň üçin.
Şükür, saçagymda kemenok çörek.
Ýöne adam
Çörek bilen, adam däl,
Oňa başga-da kän,
Kän zatlar gerek.

Sag bol, durmuş!
Sag bol bereniň üçin,
Ýagyşlaryň üçin, garlaryň üçin.
Ýöne ýagyş, gara juda höwrügip,
Adamyň hasratdan ölmegi mümkin.

Sag bol durmuş!
Sag bol bereniň üçin.
Il deňinde ýar ýerinde ýar berdiň
Ýöne ýaryň saçyn ýassyk edinip
Ýatmak gylygyna syganok merdiň.

Dahana söz berdiň waspyň diýere,
Dost berdiň şol dosta mynasyp saýyp.
Dost kyn günüň gerek.
Duşmanam berdiň
Şat günümde aglap biljek ajaýyp.

Saglyk berdiň, duýgy berdiň köňlüme,
Dözdüň meni gyşyň aňzak ýeline.
Şu zatlaryň aşagyndan çyk diýip,
Iň soňunda galam berdiň elime.

Bu baglaryň göni,
egri hatary,
Gülleriň, günleriň müň hili reňki,
Adamlaryň sary aýralyklary,
Elwan duşuşygy — bary meniňki.

Gije-gündiz galamymy oýnatdym,
Habar sorap gülden, ýagyşdan, guşdan.
Aşagyndan çykar ýaly däl eken,
Kän zat alan ekenim men durmuşdan.

Ýöne neçün
Mende kinäň bar ýaly,
Berenlerňi alýaň ýuwaş-ýuwaşdan?
Ýa-da onuň bolmalysy şeýlemi?
Eýýäm aýra düşdüm niçe deň-duşdan.

Atyň eýerinde tans oýnaýyn,
Ýolbars deý böwseýin oduň halkasyn,
Köp zat berdim diýip gynama meni,
Berenleriň üçin taňryýalkasyn.

Pursat ber, howlukma,
Gyssama meni,
Älemgoşaryňa bir gaş kakaryn.
Öňümde ak kagyz,
Elimde galam.
Menem bir gün bergilemden çykaryn!

Gurbannazar Ezizow
10
52
Greenleaf
30 Iýul 2021
👍👍👍👍👍❤🌹
Ogulnabat
30 Iýul 2021
🙏👍👍💞
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.