Dost
Adam
adam adyn alaly bäri
Bir ýumrugy – toýly,
Birisi – ýasly.
...Dosty soňky demde
hyrkyldap ýatyr.
Edil gapdalynda toý tutýar dosty.
Ýöne weli bu dost
Hakyky dostdy –
Dostunyň ugrunda ýurt söküp bir ýyl,
Toýuny tesdirdi. Melhem gözledi...
Emma şaha-şaha,
şatut dek ogul
Gara kesewi dek süýnüp ýatyrdy.
Peýda berenokdy hiç hili melhem.
Dostuň dosta eden melhemlerinden
Dirilip bilerdi,
Belki, öli hem.
Emma dirä weli şypa ýetmedi:
Bu dünýäde artyp bäş sany ýetim,
Sapagyndan tänen, bäş alma ýaly
Ýaş enäň etegne
gaçjakdy ertir.
Emma Kesel üçin ýetimmi, ýesir –
Tapawudy ýokdy. Bolsaň-da her kim,
Hökmürowandy ol. Sülçüsiz-zatsyz –
Bir madda boýunça
Kesýärdi
Höküm.
...Bu gezek Höküme howlukmady ol.
Pidasyn bir ýyllap oýnady Kesel.
Düýn oňa bir bulgur awy uzatdy,
Bu günem uzatdy
Bir oýmak hesel.
Diýmeli, yzyna tesipdir Kesel.
Guwandy dost-ýarlar. Begendi il gün.
Enesi gülledi misli bir erik,
Aýaly açyldy misli bir bägül.
Toý hakda maslahat gozgaldy şol gün.
Ol diýdi: «Nämüçin şu wagta çenli
Maňa aýtmadyňyz? Men toý küýseýän.
Ataryň gazany! Getiriň gelni!
Toýuň hyzmatyna ýaraman weli,
Sazyn diňlemäge ýarar bu göwün.
Aý, onsoňam, näme... dostumyň toýy...
Belki bir käsejik
Urarsam şo gün...»
Ertesi daň bilen gitdi atbaşy.
Gelin getirildi. Toý gyzdy öýlän.
Tans edip başlady ýigitler, gyzlar...
Gün bolsa... ýaşypdy,
Ýaşypdy eýýäm.
Ýaşsa ýaşybersin. Gün diýilýän zat
Ýaşmak, dogmak üçin dälmidir başda!
Wah, ol şeýle welin,
bu günki Günüň
Ýaşyşy öňküden
Bolmaly başga.
Şol gün bilen
Bile ýaşmalydy ol –
Hoşlaşmalydy ol bu älem bilen.
Ýöne Dost toýuny bozmazlyk üçin
Keseller içinde iň Zalym bilen
Başa-baş söweşe girişipdi ol.
Ýok, ol edenokdy ölümden heder.
Diňe birje zatdan heder edýärdi:
«Toýy bulaşdyrsam,
Il-günüm näder?!
Men diri bolmaly. Diňe diri däl,
Men adam bolmaly. Adamlyk bolsa –
Diňe Wepa bilen Mertlige bagly.
Adamlyk tohumy gutarar ýogsa...»
...Bir howlyň içine syganok ilat.
Deň-ýary düzlüpdir ýabyň boýuna.
Ol bolsa
söweşip ýatan ýerinden
Guwanyp dostunyň uly toýuna,
Gyzlaň gülküsine, bagşyň sazyna
Ýüregniň iň soňky sesin goşýardy.
Daşarda Saz bilen Gülki ýaryşsa,
Öýde Ömür bilen Ýas ýaryşýardy.
Haýsynyň ýeňjegi eýýäm bellidi.
Emma dowam edýär başa-baş söweş.
Göýä Ajal onuň bogazna däl-de,
Ol onuň bogazna münene meňzeş –
Gysýardy ýumrugyn, barha gysýardy.
Ýüzüniň, gözüniň üýtgäpdi persi.
Göýä gurçuk üçin pudalan tuduň
Kellesi ýalydy ýumrugnyň hersi.
Ýatyrdy ol misli telegraf pürsi –
Göýäki diýersiň, uly bir tupan
Ony ýykypdyr-da, emma henizem
Simler işläp ýatyr
myhyndan sypman.
Emma etjegini edipdi tupan.
Güýç barha keselden
Asgyn, asgyn, asgyn...
Onýança-da dosty gapydan girdi.
Gyssandy: «Toýuňy sowduňmy, dostum?»
– Hawa, hawa, toýy sag-aman sowduk.
Ýap-ýaňja ugratdym soňky myhmany.
– Onda eliň äber...
Toý gutly bolsun!...
Men gitdim...
Hyrk boldy.
Sogruldy jany.