❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
11.01.2022 21:52
Ýyr­ty­jy guş­la­ryň iň ki­çi­si. Ýyr­ty­jy guş­la­ryň ara­syn­da iň ki­çi­si gü­nor­ta-gün­do­gar Azi­ýa­da duş gel­ýän ga­ra aýak­ly kin­di­wan­ja la­çyn (Micro­hie­rax frin­gil­la­ri­us)
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
11.01.2022 21:34
Lukmanlar saglygymyz üçin miweleriň peýdasynyň örän uludygyny nygtaýarlar. Miwe we miwe önümlerini yzygiderli iýmek bilen ýürek, gan-damar, aşgazan, içege, kelle-beýni keselleriniň öňüni almak mümkin. Türkmen topragynyň sahawatlylyk bilen eçilýän saglyga peýdaly nygmatlarynyň arasynda ülje esasy orunda durýar. Bu miwäniň özi-de, ondan taýýarlanýan önümler-de taýsyz melhemdir. Üljäniň has giňden ýaýran görnüşleri adaty ülje we çereşnýadyr. Bu turşumtyk, süýji tagamly miwe, esasan, şekere, B1, B2, P, PP, C, E witaminlerine, karotine, foliý turşusyna, pektin maddalaryna, şeýle-de mineral duzlardan marganese, kalä, mise, demre, kalsä we ýoda örän baýdyr. Ülje ganazlykda örän peýdalydyr. Bu miwäniň nerw ulgamyna, ýürek kesellerine hem haýry uludyr. Üljäniň miweleri we ondan alnan şire dowamly iç gatamada iç sürüji serişde hökmünde, üşütmede, bedeniň gyzgynlygy ýokarlananda, dem alyş ýollarynyň sowuklamasynda giňden peýdalanylýar. Ülje bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar. Onuň ýapragy köp mukdarda askorbin turşusyny saklaýar. Şonuň üçin ysgynsyzlykda, işdäsizlikde, witamin ýetmezçiliginde, beden gowşaklygynda ülje ýapragyndan demlenen çaýy içmek maslahat berilýär.

Ülje kosmetologiýada hem giňden ulanylýar. Ondan taýýarlanan ýapgylar deriniň tiz garramagynyň öňüni alýar, reňkini durlaýar we agardýar, ownuk ýygyrtlary aýyrýar.
9
48
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
10.01.2022 21:25
Garaz, kimiň kimdigi
Ahyrsoňy bilinýä.
Bilmän geçsek näderdik —
Şükür, Elhamdülillä!

Gowy, gowy zatlary
Görseň ýürek ýylynýa,
Görmän geçsek näderdik —
Şükür, Elhamdülillä!

Bu dünýäde aglanýa,
Bu dünýäde gülünýä,
Gülmän geçsek näderdik —
Şükür, Elhamdülillä!

Gözi ýaşlyny görsem,
Ýürek-bagrym dilinýä.
Dilinmese näderdik —
Şükür, Elhamdülillä!

Kişä ýagşylyk etseň,
Ýagşy sözler diýilýä.
Diýilmese näderdik —
Şükür, Elhamdülillä!

Biri dünýäden gitse,
Ýene biri dogulýa.
Dogulmasa näderdik —
Şükür, Elhamdülillä!

Gözüň bilen görülýär,
Ýürek bilen duýulýa,
Duýulmasa näderdik —
Şükür, Elhamdülillä!

Ýazgardyňam, eý Alla!
Ýalkadyňam, eý Alla!
Ýalkamasaň näderdik —
Şükür, Elhamdülillä!


Berdinazar Hudaynazarow
10
121
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
10.01.2022 10:58
1.Bir adam taxi-a münüpdir.Barmaly ýerine çenli barypdyr.
-Näçe bolýar?
- sekiz manat bolýar
-me on bar eken ýanymda
- Agam, gaýtargym ýokda
- Aý bor, ýör onda iki manatlyk ýol süräý ýene.
Iki manatlyk ýol sürüpdir,bir çatrykda düşüpdir.Yzyna-da öýüne çenli honnansy bolup " Bäh iki manadyma halallatdymeý!" diýip ýöräp barypdyr

2.Ýagyş ýagýar. Iňlis gyzlary:
Aýnaň ýanynda gyzgynjak kofe içip oturýarlar.
Türkmen gyzlary:
Tizliginiň ýetdiginden ylgap daşarda asylgy duran eşikleri alyp gaýdýar

3.-Men aýda 3 kitaby okadym. Ine şul iň gyzyklysy eken gaty haladym. Sen aýda näçe kitap okaýaň?
- Gyw nämäň Aýy men ýerde onça kitap okamok-how!

4. Çyra öçýär . Başga ýerde:
- tokça jaň etsene, näme üçin öçdikä çyra, ýa biraz garaşyp görelimi entek
Bizde
-Bar Baharlara seretsene aýnadan, olaňam çyrasy öçüpdirmi?
11
165
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
10.01.2022 10:19
Bu hereketde içgysgynçlygyň ýüze çykmagy aýdyň düşündirilýär. Diňleýji şeýle bir içi gysyp, uklamak bilen bolýar welin, kellesi stoluň üstüne ýykylmazlygy üçin eňegini elinde goýýar. Egerde
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
08.01.2022 09:18
Bir adam diňe iki elini döşüniň üstünden geçirmän, eýsem ellerini hem ýumruk bilen gyssa, bu onuň duşmançylykly ýagdaýyny görkezýär. Mundan başga-da, bu hereket ýüzi gyzarýan we gysylan dişler bilen
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
07.01.2022 13:44
Ýerganatlaryň gözleri oňat ösmedik. Emma olar tüm garaňkylykda hem gowy ugur tapýarlar. Bu haýwanlar howada uçýan wagty özünden ýokary ýygylygy bolan özboluşly sesi (ultrases) yzygiderli çykarýarlar. Şol ses päsgelçilikler tarapyndan yzyna gaýtarylýar we ýerganatlaryň uly gulaklarynyň kömegi bilen sesiň tolkunlary tutulýar. Yzyna serpikdirilen ses tolkunlarynyň alamaty boýunça ýerganatlar islendik zada çenli aralygy kesgitläp bilýärler. Hut şul sebäpli-de olar islendik päsgelçilik bilen çaknyşmaýarlar. Giňişlekde özüňi alyp barmagyň, ugrukmagyň şunuň ýaly usulyna eholokasiýa diýlip at berilýär. Olar adamdan 10 esse gowy eşidýärler. Olar süýdemdirijiler klasynyň ýaryganatlylar otrýadyna degişlidir.
10
71
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
07.01.2022 11:00
Balyklaryň içki gurluşy Daýanç-hereket ulgamy.Balyklaryň içki skeletiniň esasyny oňurga we kelleçanak düzýär. Oňurga bir birine meňzeş bolan birnäçe onlarça oňurgalyklardan ybarat. Her bir
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
07.01.2022 09:26
Ýalançy hakykaty aýdýan adama garanyňda burnuna has köp degýär. Sebäbi burun kapilýarlarynda adrenalin gyjyndyrma döredýär. Adamda diňe burun gijeýän bolsa, ýagny aldamaýan ýagdaýynda eli bilen
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
06.01.2022 10:40
Bu hereket, ynamy we güýji görkezýär. Esasan döwlet ýolbaşçylary, polisiýa işgärleri, mekdep müdirleri we ýokary wezipeli adamlar tarapyndan ulanylýar. Gorkusyzlygyny, özüne ynamlydygyny görkezýär.