❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
07.01.2022 13:44
Ýerganatlaryň gözleri oňat ösmedik. Emma olar tüm garaňkylykda hem gowy ugur tapýarlar. Bu haýwanlar howada uçýan wagty özünden ýokary ýygylygy bolan özboluşly sesi (ultrases) yzygiderli çykarýarlar. Şol ses päsgelçilikler tarapyndan yzyna gaýtarylýar we ýerganatlaryň uly gulaklarynyň kömegi bilen sesiň tolkunlary tutulýar. Yzyna serpikdirilen ses tolkunlarynyň alamaty boýunça ýerganatlar islendik zada çenli aralygy kesgitläp bilýärler. Hut şul sebäpli-de olar islendik päsgelçilik bilen çaknyşmaýarlar. Giňişlekde özüňi alyp barmagyň, ugrukmagyň şunuň ýaly usulyna eholokasiýa diýlip at berilýär. Olar adamdan 10 esse gowy eşidýärler. Olar süýdemdirijiler klasynyň ýaryganatlylar otrýadyna degişlidir.
10
71
N.T.
7 Yanwar 2022
Hakyky👏👏👏👏👍👍👍
ideallider
7 Yanwar 2022
Şeýdibem radar döreýär. Ýene kör adamlaryň ses duýujulygy adaty adamlaryňkydan 3 esse ýokary bolýar, sebäbi kör adamlar hem eholokasiýa ulanýarlar. Umuman bir duýgy kemelse başga duýgular güýçlenýär.
Gülhan
7 Yanwar 2022
Egerde olaryň gulak ýelkenleri we agzy daňylsa, olar uçup bilmeýärler.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.