Balyklaryň içki gurluşy
Daýanç-hereket ulgamy.Balyklaryň içki skeletiniň esasyny oňurga we kelleçanak düzýär.
Oňurga bir birine meňzeş bolan birnäçe onlarça oňurgalyklardan ybarat. Her bir oňurgalygyň galňan bölegi bolýar, oňa oňurgalygyň bedeni diýilýär, şeýle hem ýokarky we aşaky baglaryny tapawutlandyrýarlar.(Surat B we Ç). Suratda bolşy ýaly B we Ç'daky ýokarky ýaý(2 diýilip atlandyrylan)- kanaly emele getirýär. We onda
arka beýnisi ýerleşýär. Şol ýaýlar şol bir wagtda arka beýnisini zeperlenmeden goraýarlar. Oňurgalygyň gapdal ösüntgilerine
gapyrgalar birleşýär- olar içki synalary gurşap alýarlar we myşsalar üçin daýanç bolup hyzmat edýärler.
Kelläniň skeletinde
kelleçanak ýerleşelýär. Ol süňkler bolsa kelle beýnisini goraýarlar. Kelle skeleti:
•ýokarky we aşaky äňler
•göz hanasy
•žabra süňklerinden durýar.
Žabra apparatynda ( surat A ,3nji) žabra gapaklary bar. Olaryň aşagynda žabra ýaýlary bar. Olar jübüt durýarlar. Ýagny her tarapdaky žabra ýaýynyň(sag we çep ýaýlar diýip atlandyrylýar) üstünde bir žabra gapjyklary ýerleşýär. Žabra gapjyklary nyň yzky zonasy kelle bilen göwräniň arasyndaky araçäkdir. Olaryň esasy funksiýasy:
•kislorodly arassa suwy žabralara tarap akmagyny üpjün edýär. Olar hemişe hereketde bolýarlar ýagny açylyp ýapylýarlar.
ÝüzgüçlerOlar täk we jübüt bolýar.
Täk ýüzgüçlere
•arka
• guýruk
•artbujak degişli.
Olaryň arasynda has möhümi
guýruk ýüzgüji hasaplanýar. Ol esasy hereketlendiriji synadyr. Şol ýüzgüjiň kömegi bilen balyk öňe hereket edýär
Jübüt ýüzgüçler
•kükrek ýüzgüji(öňde)(A Surat 5nji)
•garyn ýüzgüji (yzda)(A Surat 6njy)
Kükrek ýüzgüçler örän herektlidir. Funksiýasy:
• Bedeniň suwda öwrülmegine ,ýokaryk we gapdala hereket etmekde kömek edýär.
Garyn we täk ýüzgüçler bedeni dik ýagdaýda saklaýar.
Taýýarlan: SimpleGirl
Bellik:suratdaky alabuga balygynyň skeleti