❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
05.02.2022 22:35
Iki zat erklidir, ýeriň ýüzünde.
Olara erk eden bolmandyr heniz,
Birisi şaý-sepe beslenen gije,
Biri haýyr-şere beslenen gündiz.

Ýene bir iki zat erklidir juda,
Şolar bilen ýetýäs sapaly güne,
Birisi dünýäniň görki söýgüdir,
Biri bu dünýäniň gymmaty ene.

Ýene iki zadyň güýçlüdir erki,
Olar gapy kakman geler her mahal:
Biri seniň üçin baş goýjak dostuň,
Beýlekisi başyň aljak şum ajal.


Gurbannazar Ezizow
7
60
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
04.02.2022 21:06
Ýarygije. Bir zat okap otyryn.
Çyramyz söndi.
Ýanyp durka bilmändirin gadyryn.
Hany, bilmäbilseň bilme-dä indi.

Şu gün gören dostuň – erte görseň ýok.
Çyra dek sönýär.
Gezip ýörkä gadyryny bilemzok.
Onsoň bilinýär.
AşGES-e aýdaryn. Çyramyz ýanar.
Dostlar hakda nirä bereris habar?


Kerim Gurbannepesow
13
68
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
04.02.2022 20:54
Lukman we suratçy

Tanymal suratkeş, lukman dostuny özüniň iň gowy eseri hasaplaýan täze bir çeken suratyna seretmäge çagyrdy. Lukman, her jikme-jiklige üns berip, uzak wagtlap sessiz surata seretdi.

Ahyrynda suratçy çydap bilmän, sorady:

- Bolýar, dost, näme diýýärsiň? - diýdi.

Lukman jogap berdi:

“Ine. Suratda çeken gyzyňyzyň bagrynda näsazlyklar bar ýaly. Goý, ony meniň ýanyma ugrat ,maslahatlaşsyn.




11
185
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
04.02.2022 20:45
Ni­der­land­lar­da 2 müň ýyl mun­dan ozal ýa­sa­lan aý­na kä­se ta­pyl­dy. Bu ga­byň aý­ra­tyn­ly­gy şon­ça ýyl ge­çen­di­gi­ne ga­ra­maz­dan hiç hi­li ze­per ýet­män­li­gi­dir. Bi­ler­men­ler gök
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
03.02.2022 20:33
Dünýede her kimiň öz gylygy bar,
Oňatlary saýlap-seçgin — diýdiler.
Edep-sypaýçylyk adamy bezär,
Mydam gödeklerden gaçgyn — diýdiler.

Diýişleri ýaly, gaçdym-da ýördüm,
Gödekligem meni kowlap ýörmedi.
Ol öňümden çyksa, ýüzüm öwürdim,
Oň nä derdi — asyl gaty görmedi.

Sypaýy diýlenler bolýar her hili
Juda sypaýylar daşym aldylar.
Duýman durka, kastlary bar ýaly,
Sypaýlygmyň dulugyna çaldylar.

Sypaýçylyk bilen hormat etdiler.
Sypaýçylyk bilen adym tutdular.
Sypaýçylyk bilen arzan satdylar.
Sypaýçylyk bilen etdiler baryn.

Soň ýene diýdiler ýanyma gelip,
Mert ýigide näzik bolmak ýaraşmaz.
Bardyr adamlarda şeýle bir gylyk, —
Ajyň ýokmy — süýjüňe-de garaşmaz.

Eýsem, ýaranjaňlyk, öz külbäň küýi
Göriplik hem juda-juda küteklik
Ýaly gylyk-häsýet duş gelýän güni
Iň ýaramaz gylykmydyr gödeklik?

Baş çykarmak gerek şeýle gylykdan,
Näçe çuň düşünseň şonça-da ýagşy.
Kebzä pyçak sokýan sypaýçylykdan,
Tumşugyňa kakýan gödeklik ýagşy.


Eý, siz, sypaýylar, men taýa bakan
Gelmäweriň leşger çekip, dökülip.
Ýaşasyn hak üçin gulakdan çekýän,
Göni göze bakýan sagdyn gödeklik!

Gurbannazar Ezizow
11
68
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
03.02.2022 20:21
Çarlz Darwin, haýwanlar ýaly adamlaryň bir zat bilen gyzyklananda kellelerini egýändiklerini ilkinji bolup üns berenleriň biri. Önüm satmak ýa-da auditoriýada çykyş etmek bilen meşgullanýan bolsaňyz,
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
03.02.2022 20:11
Şeysel adalaryndaky “Jonathan” atly pyşbaganyň 190 ýaşandygy mälim edildi. Oňa ideg edýänler iki asyra golaý ýaşan jandaryň saglyk ýagdaýynyň kadalydygyny belleýärler. Sankt Helena adasynda ýaşaýan
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
02.02.2022 23:10
Dünýe döräp, heniz şeýle ajaýyp döwür bolan däldir.Emma käbir naýynsaplar özleriniň ähli aýyplaryny döwrüň ustüne atýarlar.
(Ýaşulular Sowetiniň maslahatynda bir gojanyň aýdanyndan)

– A-gyz, näme, hanmydyň sen!
Geýinýärsiň beýle gymmat?
Her ýaglygyň – iki goýun.
Her ýüzügiň – bir bedew at.
Her köýnegiň bahasyna alyp boljak iki sygyr.
– Iller geýýär, menem geýjek.
Döwür şeýle, döwür.


Gelin, näme dänjirýärsiň?
Çüýredimi öňki dişiň?
Altyn seni ýigdeltmändir:
kyrk bolupdyr otuz ýaşyň.
Hem pul seçdiň, hem garradyň,
hem dişiňe berdiň jebir...
– Iller şeýdýär, bizem şeýtdik,
Döwür şeýle, döwür.


* * *
– A-how ýigit, bu nä boluş!
Ýeňsäň saçy iki gujak!
Bu gün-erte ogluň bolsa,
sallançak hem ýasap boljak.
Hany derrew il görmänkä sertaraşa tarap ýüwür!
– Iller şeýdýär, menem şeýtdim.
Döwür şeýle, döwür.


– Men-ä seni tanamadym
Gözleriň-ä örän tanyş
Wiý, wiý, Berdiň gyzymy sen!
Saçyň näme ýarty garyş
Dört örümiň şemal degse seslenerdi şowur-şowur,
– Iller kesdi, menem kesdim
Döwür şeýle, döwür.


* * *
Goňşym diýdi: «Toýdan bäri iş edenok oglum Anna
Ogluň Anna iş edermi!
Öýün goşy – dokuz tonna
Ojakda-da öweç eti bylkyldap dur bygyr-bygyr...
–Wah, şeýdýäs-dä... Biz guraly!
Döwür şeýle, döwür.


–Dur, dur gardaş! Konwertiňi atma poçta ýaşigine
Işligini görmesem-de, seredeýin daşlygyna.
Muň yzynda goluň ýok-la!
Näme barka, için çöwür?!
– Çöwürmäge gaýrat ýokdur.
Döwür şeýle, döwür.


* * *
– Şägirt inim, eserleriň setir sany çykdy çenden
Kitaplaryň galňadykça, okalýarsyň günbe-günden!
Setirleriň arasynda ne ýürek bar, ne-de bagyr...
– Şu günki öýken... besdir maňa.
Döwür şeýle, döwür.


Omzy bilen bir gojany kakyp geçdi daýaw oglan.
– Ýeri köçä sygaňokmy, garynjygy doýan oglan?
Degmedige ýylanlaram degmezmişin ömür-ömür.
O diýýäniň ertekidir.
Döwur şeýle, döwür.


* * *
Aýna bakyp bezenip dur çynar boýly Ogulsenem.
– Hanha seret, hamyry-da ýugrup otyr syrkaw eneň.
Hany derrew eliň ýuw-da, iýjek nanyň özüň ýugur!
– Ejem jandan aýlanaýyn!
Döwür şeýle, döwür.


* * *
Iki mellek ortasynda
gygyrşyp dur iki goňşy.
Ýeke garyş ýer üstünde
turýar «watançylyk» urşy,
– Agam, sen bir parhlyrak bol,
nämä gerek munça wagyr?
– Parhly bolsaň nyrhyň bolmaz.
Döwür şeýle, döwür.


* * *
– On otagly köşk gurupsyň.
Keşşik aga, berekella!
Ýöne bu on... köpräk dälmi
dört-bäş sany gara kellä?
Görýän weli, bir aýlyk däl:
kisejigiň örän agyr.
– Aýlyk bilen iş bitenok.
Döwür şeýle, döwür.


* * *
– «Moskwiçli», Žigulili»
köp duşupdyň uly ýolda.
Bu gün bolsa garažyňda
lowurdap dur mele «Wolga».
Bir başyňa nämä gerek
munça rul, munça tigir?
– Satýas, alýas... Alýas, satýas...
Döwür şeýle, döwür.


* * *
– Köşek, nirä howlugýarsyň?
Ajalamy? Jenaýata?
Kabinaňda – mele gelin.
Özüň bolsa – juwan ata.
Bäş-on minut giç barsaň-da,
toý eýesi eder sabyr...
– Döwre görä sürmek gerek.
Döwür ýyndam, döwür.


* * *
– Aý, goňşy jan jan, aýaklaryň
kesildi-le işigmizden
Ozallar-a tä ýatýançak
düşmezdiňem düşegmizden.
Ýatlaşardyk geçenleri.
Okaşardyk goşgy-şygyr.
– Şygyr-pygyr ýatdan çykdy.
Döwür şeýle, Döwür.


* * *
– Magaziniň takrap ýatyr.
Planyň hem uklap ýatyr.
Gerek zady, geçgel zady
haçan aljak, Mämmet müdir?
Bu gün-bu gün, ertir-ertir.
Gutardy-la takat-sabyr.
– Zat bermeseň – zat berlenok.
Döwür şeýle, Döwür.


* * *
– A-haw, dogan, düýn dälmidi
öz dostuňa wepaň hakda
Güp-güp edip, gant deregne
ant içýärdiň tokga-tokga.
Indem dosta şyltak atyp, dübläp
ýörsüň gübür-gübür
– Işim bitdi. Antym ýitdi.
Döwür şeýle, döwür.


* * *
Öňümden bir ýigit çykdy
ýetmiş ýaşly garry ýaly.
Düýnem daýaw bir ýigitdi
dagda biten gargy ýaly.
Bu gün bolsa garynja dek
zordan ýörýär gybyr-gybyr...
– Şahyr, ýör bir... üçleşeli
Döwür şeýle, döwür.


* * *
Soradym men Döwre bakyp.:
«Dogrudanam, şeýlemiň sen?
Hany antyň? Hany haýaň?
Serhoşmyň, sen? Telbemiň sen?»


Döwür maňa jogap berdi:
«Men hemişe size bagly.
Ulaldýan hem adam ogly,
kiçeldýän hem adam ogly.


Biri çekýär ýagta tarap,
biri çekýär gijä tarap –
Uly çekýär ula tarap,
kiçi çekýär kiçä tarap.


Ýagşylara arka durdum,
ýamanlary gaýgyrmadym.
Dogrulyga çagyrdym men,
egrilige çagyrmadym.


Ýalan gepi diý diýmedim.
Döwlet pulun iý diýmedim.
Iki sygryň bahasyny
köýnek edip geý diýmedim.


Münmek üçin maşyn berdim,
ýüz elliden bas diýmedim.
Daranmaga darak berdim,
dort örümiň kes diýmedim.


Dynç almaga wagt berdim,
okamaga – bagt berdim.
Jübiňizden hak almadym,
öz kisämden mugt berdim.


Bugdaýňyzy orup berdim,
pagtaňyzy ýygyp berdim.
Her gün içjek süýdüňizem
güjürdedip sagyp berdim.


Söýüşseňiz – ýigit berdim,
söýülseňiz – gözel berdim
Lak atmaga söz tapmasaň –
goşgy berdim, gazal berdim.


Dertleseňiz – derman berdim,
işleseňiz – zähmet berdim.


Ýaşamaga al baýdakly,
adalatly Döwlet berdim.
Bezedim men egniňizi,
doýurdym men garnyňyzy.
Ýöne weli käbiriňiz
ýelä tutup burnuňyzy,
Bar garany maňa sürtüp,
Etseňiz-de uly gowur,
Dünýe döräp bolan däldir.
Meniň ýaly Uly döwür...


Siz etmeli ömri ömür,
Siz etmeli döwri döwür!»

Kerim Gurbannepesow
10
51
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
02.02.2022 19:38
Şwesiýanyň “Corvid Cleaning” kompaniýasy, gargalara şäher köçelerinden çilim galyndylaryny we ownuk hapalary çöpläp aýyrmagy öwredýärler. Guşlar zibili nädip ýörite maşyna salmalydygyny öwrenerler we
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
02.02.2022 19:09
Günämizi bagyşlaýar eneler.
Sebäp – eneleriň ak süýtli döşi
Köp-köp garalygyň günäsin ötýär.
Şeýdibem kemelýär eneleň ýaşy...

Ene balasyna buýurdy ýumuş,
Ol diýdi: «Özüň et oň ýaly işi!»
Ýandy ene. Emma ötdi günäsin.
Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy.

«Öýe wagtynda gel,giç gelme, balam..»
Ogly bolsa enä çenedi daşy.
«Wah, nätsemkäm?»
Emma günäsin ötdi.
Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy.

Ýigrimi ýaşyny doldurdy ogul.
Gapak ýaly boldy tüýlüje döşi.
«Indi ata bolduň,adam bol, oglum!»
Gysyldy, gysyldy enäniň dişi.

Ene dişin gysdy otuzki gezek,
Her gezek gysanda gaçdy bir dişi.
Enäniň her gaçan dişine derek
Ýaprak dek saralyp,
Gaçdy bir ýaşy...

Kerim Gurbannepesow
8
44