❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
03.02.2022 20:33
Dünýede her kimiň öz gylygy bar,
Oňatlary saýlap-seçgin — diýdiler.
Edep-sypaýçylyk adamy bezär,
Mydam gödeklerden gaçgyn — diýdiler.

Diýişleri ýaly, gaçdym-da ýördüm,
Gödekligem meni kowlap ýörmedi.
Ol öňümden çyksa, ýüzüm öwürdim,
Oň nä derdi — asyl gaty görmedi.

Sypaýy diýlenler bolýar her hili
Juda sypaýylar daşym aldylar.
Duýman durka, kastlary bar ýaly,
Sypaýlygmyň dulugyna çaldylar.

Sypaýçylyk bilen hormat etdiler.
Sypaýçylyk bilen adym tutdular.
Sypaýçylyk bilen arzan satdylar.
Sypaýçylyk bilen etdiler baryn.

Soň ýene diýdiler ýanyma gelip,
Mert ýigide näzik bolmak ýaraşmaz.
Bardyr adamlarda şeýle bir gylyk, —
Ajyň ýokmy — süýjüňe-de garaşmaz.

Eýsem, ýaranjaňlyk, öz külbäň küýi
Göriplik hem juda-juda küteklik
Ýaly gylyk-häsýet duş gelýän güni
Iň ýaramaz gylykmydyr gödeklik?

Baş çykarmak gerek şeýle gylykdan,
Näçe çuň düşünseň şonça-da ýagşy.
Kebzä pyçak sokýan sypaýçylykdan,
Tumşugyňa kakýan gödeklik ýagşy.


Eý, siz, sypaýylar, men taýa bakan
Gelmäweriň leşger çekip, dökülip.
Ýaşasyn hak üçin gulakdan çekýän,
Göni göze bakýan sagdyn gödeklik!

Gurbannazar Ezizow
11
68
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
3 Fewral 2022
N.T.,👍🏻🙂
N.T.
3 Fewral 2022
Hakyky gödeklik ýagshy bp dur😔👏👏👍👍👍
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
3 Fewral 2022
Ýalnyzja,🙂👌🏻
Ýalnyzja
3 Fewral 2022
SimpleGirl, seretmandirnem 😉😉😉😉
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
3 Fewral 2022
Ýalnyzja, Salam 👋🏻, ýok , profilimde bolmalydyr-a
Ýalnyzja
3 Fewral 2022
SimpleGirl, salam sen ahaldanmy
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
3 Fewral 2022
Älem,IDEALLIDER,Ýalnyzja,🙂👍🏻
Ýalnyzja
3 Fewral 2022
👍👍👍👍👍👍👏👏👏
ideallider
3 Fewral 2022
Dil bir zat diýer, hereket başga zat👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.