❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
02.02.2022 19:38
Şwesiýanyň “Corvid Cleaning” kompaniýasy, gargalara şäher köçelerinden çilim galyndylaryny we ownuk hapalary çöpläp aýyrmagy öwredýärler. Guşlar zibili nädip ýörite maşyna salmalydygyny öwrenerler we munuň öwezine ýörite enjamdan iým paýyny alarlar. Gargalara tälim bermek aňsat bolanlygy üçin bu programma ýörite saýlandy. Gargalaryň bir-birinden hem öwrenip bilýän zatlary köp bolup, çem gelen zady iýmezlik üçin hem ýeterlik akyly bar.

Ilki bilen, guşlar Stokgolmyň golaýyndaky Sedertelýe şäherçesiniň etegindäki köçeleri arassalamaga çekiler. Bu işe başlamak bilen, ýerli häkimlik arassalaýyş çykdajylaryny 75 göterim azaltmagy meýilleşdirýär. Bu tejribe öz netijeliligini görkezen halatynda, gargalar beýleki şäherleriň köçelerini arassalamaga hem çekiler.

Täjirçilik maksatly bolmadyk “Keep Sweden Tidy Foundation” guramasynyň habaryna görä, Şwesiýanyň şäherleriniň köçelerindäki hapalaryň ýarysyndan gowragyny (62%) çilim galyndylary düzýär.

Çeşme: Zaman Türkmenistan gazeti
12
90
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
2 Fewral 2022
m🌙aa,geliň bize bile gözläli😆

m🌙aa,men eýýäm bir wagtdan bäri gözläp ýörün, aýdýana tapamok, beýtsegä hiç kimem tapmaz😁
m🌙aa
2 Fewral 2022
ha-ha gargaň höwürtgesini gözläp yörmeli etdiňiz-le 😅😅😅
ideallider
2 Fewral 2022
SimpleGirl,Guşlaryň içinde iň akyllysy gargalar. Onsaň bukmaly ýerleri bilerlerle😊👍
N.T.
2 Fewral 2022
Täsin maglumat geñ galdym🙄🙄🙄👏👏👏👍👍👍
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
2 Fewral 2022
IDEALLIDER,ýogsa diýýänle, ýaňy daşaryk çykyp gözläp gaýtdymla, tapmadyma😁
MissBoss♕
2 Fewral 2022
IDEALLIDER,менем шейле эдердим 😂😂😂гызыклы 😁
ideallider
2 Fewral 2022
MissBoss♕, kyn ýeri. Olaň höwürtegsini tapyp bolanok. Olar gaty gizlin ýerde bukýarlar! Elementarno
MissBoss♕
2 Fewral 2022
IDEALLIDER,Ромео агамызын билмеян зады йооок😂😂😂мен мени гарганын ховуртгесини гозлесеммикам Бир затлар тапармыкам😂😂SimpleGirl,говы маглумат😉🤗
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
2 Fewral 2022
IDEALLIDER,😂şuwagda çenlä gargaň höwürtgesine duşamok menä, duşsam hökman barlaryn( mendäl jigimi mündüren😁)

Ýalnyzja,🙂👍🏻
ideallider
2 Fewral 2022
Ine bu ajap hereket😊👍 ýogsada gargalaryň höwürtgesini tapsaňyz HÖKMAN höwürtgäni barlaň, içini gözläň. Gargalar ähli ýalpuldawuk zatlar bilen höwürtgelerini bezemegi halaýarlar. Onsaň esasy gowy ýalpydaýan zat näme... elbetde briliant, altyn-kümüş. Şol sebäpli "Ogrudan ogurlamak halal". Bir geliniň gürrüňinden, ol gyzyllaryny ýuwup etažda aýnaň öňünde goýupdur. Birnäçe wagtdan soň bir garganyň aýnaň öňünden aňyrlygyna uçanyny görüpdir. Netijede gyzyllar ýitirim bolan eken. Ahyrynda höwürtge barlanymyz bilen ýitirýän zadymyz ýok. Gaty gitse sport bilen meşgullandygymyz bolar. Ýada salam gips😊👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.