❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
19.02.2022 22:14
Dagy näme, ynanman—
Ynanýaryn, elbetde:
Bir çümmüjek gowulyk
Bardyr iň bir erbetde.

Şol çümmüjek gowulugy
Görjek boluň, adamlar!

Ýene-de bir hakykat
Bardyr dünýe döräli:
Ak guşdanam tapmak bor
Bir çümmüjek garany.

Şol çümmügi görmänräk
Geçjek boluň, adamlar!

Berdinazar Hudaýnazarow
14
126
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
19.02.2022 19:21
•Eger doglan doglan güni bolýan adamyň doglan güni we senesi deň gelýän bolsa onda şol doglan güne ALTYN DOGLAN GÜN diýilýär. •Beýik Britaniýada 80,90,100 ýaşan adamlar doglan gününden Korolewanyň
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
19.02.2022 09:46
Sözüň agramyny ölçemez tonna,
Ölçemez güýjüni milýon kilowat.
Söz — ýalaňaç pikre gyrmyzy dondur.
Söz bar — kime şapbat,
Söz bar — kime bagt.

Dünýede iň beýik şypa şolaňky,
Şatlygmyzy siňdirýäris şolara.
Dünýede iň beýik jepa şolaňky,
Hasratymyz siňdirýäris şolara.

Söz — bu gazap bilen çakan ýyldyrym.
Söz — bu gyz näzidir, dürleň-dürüdir.
Başarmasaň — ol öçügsi ýyldyzyň,
Başarsaňam — lowlap duran Günüňdir.

Gurbannazar Ezizow
8
21
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
18.02.2022 22:38
GORKUNÇ HEKAÝALAR Suratdaky keşpler Bir adam tokaýda azaşypdyr. Ol kän wagtlap ters aýlanandan soňra, ahyryn iňrik garalanda bir külbäniň üstünden barypdyr. Külbede hiç kim ýok bolansoň, ol geçip
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
18.02.2022 20:52
Dünýe juda mätäç merde,
Derman bolup ýara derde.
Alkyş, sogap ýatmaz ýerde,
Kasas galmaz kyýamata.

Guly bolma men-menligiň,
Ýokdur diýme, bardyr kemiň.
Dag ýarýanam bolsa demiň
Mätäçsiň sen hemaýata.

Gadryn bilgin ataň barka,
Gizlemegin hataň barka.
Sakla ony sarpaň barka,
Gulak salma mahabata.

Aç gözüň, saýgararsyň,
Ejizleme, eýgerersiň.
Ýük çekmegi öwrenersiň —
Gyýa bakma garamata.

Her obada duşar telpek,
Her ilde-de bar bir tentek.
Halk diýmegem bolmaz entek
Bir oýnatgy jemagata.

Ýene-de bir diýjek zadym,
Hak sylasyn öz zürýadyn.
Sena edin Allaň adyn,
Dil ýetirme keramata.

Rowaçlansyn haýyr-yhsan,
Eý, gudraty güýçli Subhan!
Bu dünýäde haýwan, yhsan
Göz dikip dur sahawata.

Agyr ýükler çekdi gerden,
Haka sygnyp gezdim her dem.
Eý takdyrym, gora şerden,
Duçar etme peläkete.

Azmasaň, aýp däldir meslik,
Bar beýiklik, bardyr peslik.
Geňlemeýän binamyslyk
Meňzeýär bir alamata.

Müzzerilme, çytma gaşy,
Düşse bir gün ömrüň gyşy.
Amanatdyr hemmäň başy —
Heý, şek barmy Adalata!

Berdinazar Hudaýnazarow
7
31
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
18.02.2022 09:09
Ullakan şäherde janyn ynanýan
Bir dostum bar,
Aman bolsun, sag bolsun.
Ullakan şäherde meni ýigrenýän
Bir adam bar.
Aman bolsun, sag bolsun.

Bu şäherde meni ýakyny saýyp
Ýören del adam bar,
Başy dik bolsun.
Bu şäherde meni keseki saýyp
Ýören ýakynym bar,
Başy dik bolsun.

Bu şäherde meni söýüp ýören bar.
Sag-salamat bolsun,
Minnetdardyryn.
Meni görse ýüzün sowup ýören bar,
Sag-salamat bolsun,
Minnetdardyryn.

Başga bir tanşym bar, ýagşy-ýamandan
Hiç kime hiç bir zat diýenogam ol.
Sebäbi hiç kimi ýigrenenogam,
Ýöne hiç kişini söýenogam ol.

Takdyr meni şu adamdan gorasyn.
Beýikler maňa o diýen ýat däl.
Köpi gören bu köneje dünýäde
Ýigrenmek diýeniň täze bir zat däl.


Berdinazar Hudaýnazarow
5
39
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
17.02.2022 20:24
“Instagram” platformasy ulanyjynyň tejribesini has-da ýokarlandyrjak “Işjeňlik” atly täze aýratynlygyny mälim etdi. Bu aýratynlyk, paýlaşylan ýazgylardaky teswirleriň bozulmagyna mümkinçilik berer.
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
17.02.2022 20:12
Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­de çä­ge­ bilen çe­ki­len ägirt uly su­rat ese­ri Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Bu ese­ri dö­ret­mek üçin dür­li reňk­dä­ki 12 müň ton­na çä­ge
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
17.02.2022 12:54
Dellekhanada

Bir adam dellekhana gelipdir. Saçyny kiçeldýän wagty, dellekçi(parikmaher) bilen Hudaý hakda gürleşýärler.

Dellekçi:

“Näme diýseňizem, Hudaýyň bardygyna ynanamok."

-" Näme üçin?" -müşderi sorady.

-“Hudaýyň ýokdugyna göz ýetirmek üçin köçä çykmak ýeterlikdir. Maňa aýdyň, eger Hudaý bar bolsa, näme üçin hassalar beýle köp? Öýsüz çagalar ? Maýyplar? Açlar? Eger hakykatdanam bar bolsa, görgi bolmazdy, agyry bolmazdy. Bularyň hemmesine rugsat berýän söýýän Hudaýy göz öňüne getirmek kyn."

Müşderi pikir etdi. Iş gutarandan soň, müşderi tölegini töledi. Dellekhanadan çykyp, köçede saçyny oňaý berilmedik bir adamy gördi. Soňra müşderi dellekhana gaýdyp gelip, dellekçini penjirä çagyrdy we ýaňky adamy görkezip:

- Dellekçiler ýok!-diýip Ol sypaýylyk bilen şlýapasyny galdyrdy we gitdi.



Terjime eden: SimpleGirl
8
89
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
16.02.2022 18:34
Ýok, lukman, ýüregim hiç kime bermen,
Oň üçin pyçagny gynama, lukman!
Başga kişiň ýüregini götärne,
Derdi-azar çekerine howlukmaň!

Ony arzan alyp, arzan satmadym.
Ol maňa berilen ömrüň ykbaly.
Men ony köçeden gözläp tapmadym,
Indi bun çykaryp berärim ýaly.

Bolgusyz joşanda sesin diňdirdim,
Hak söz diýeninde erk berdim doly.
Men oňa juda kän zehin siňdirdim,
Gel-gel bun çykaryp bermezim ýaly.

Sag günüm bäsdeşim ummandy, umman,
Höwesimdi köňlüm alan ýerlerim.
Meniň bu dünýede bir baýlygym bar, —
Olam aýdyp ýetişmedik syrlarym.

Başga biri üçin gursagma kakyp,
Hakyň ýok syryma gulak asmaga.
Ýürekler diwar däl,
Oňa çüý kakyp,
Soň şo çüýden başga pikir asmaga.

Nämä degseňizem,
Degmäň ýürege,
Mydam ýürekleri sylamak gerek.
Salmaň ony başga bir del kükrege, —
Agyr düşer del syrlary götermek?!

Gurbannazar Ezizow
9
61