https://owrenmeli.app/20135-dellekhanada.html#comment
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
17.02.2022 12:54
Dellekhanada
Bir adam dellekhana gelipdir. Saçyny kiçeldýän wagty, dellekçi(parikmaher) bilen Hudaý hakda gürleşýärler.
Dellekçi:
“Näme diýseňizem, Hudaýyň bardygyna ynanamok."
-" Näme üçin?" -müşderi sorady.
-“Hudaýyň ýokdugyna göz ýetirmek üçin köçä çykmak ýeterlikdir. Maňa aýdyň, eger Hudaý bar bolsa, näme üçin hassalar beýle köp? Öýsüz çagalar ? Maýyplar? Açlar? Eger hakykatdanam bar bolsa, görgi bolmazdy, agyry bolmazdy. Bularyň hemmesine rugsat berýän söýýän Hudaýy göz öňüne getirmek kyn."
Müşderi pikir etdi. Iş gutarandan soň, müşderi tölegini töledi. Dellekhanadan çykyp, köçede saçyny oňaý berilmedik bir adamy gördi. Soňra müşderi dellekhana gaýdyp gelip, dellekçini penjirä çagyrdy we ýaňky adamy görkezip:
- Dellekçiler ýok!-diýip Ol sypaýylyk bilen şlýapasyny galdyrdy we gitdi. Terjime eden: SimpleGirl
8
89