❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
18.02.2022 09:09
Ullakan şäherde janyn ynanýan
Bir dostum bar,
Aman bolsun, sag bolsun.
Ullakan şäherde meni ýigrenýän
Bir adam bar.
Aman bolsun, sag bolsun.

Bu şäherde meni ýakyny saýyp
Ýören del adam bar,
Başy dik bolsun.
Bu şäherde meni keseki saýyp
Ýören ýakynym bar,
Başy dik bolsun.

Bu şäherde meni söýüp ýören bar.
Sag-salamat bolsun,
Minnetdardyryn.
Meni görse ýüzün sowup ýören bar,
Sag-salamat bolsun,
Minnetdardyryn.

Başga bir tanşym bar, ýagşy-ýamandan
Hiç kime hiç bir zat diýenogam ol.
Sebäbi hiç kimi ýigrenenogam,
Ýöne hiç kişini söýenogam ol.

Takdyr meni şu adamdan gorasyn.
Beýikler maňa o diýen ýat däl.
Köpi gören bu köneje dünýäde
Ýigrenmek diýeniň täze bir zat däl.


Berdinazar Hudaýnazarow
5
39
Shir✍️
18 Fewral 2022
Jelal Karynyñ aýtmagyna görä:"Kim dawa dörände,özüniñ haklygyny bilse-de,siziñki dogry diýip,yza çekilen adama,Allatagalla jennetden Köşk salyp berer.Bu Allanyñ sözleri..."diýýär....
Melikee
18 Fewral 2022
Mlds.👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.