Селби
15.03.2020 18:54
Dünýe-hä owadan,
Durmuş jadyly.
Bir ömürde bu zatlardan ganmak ýok.
Ýöne bolýan oýunlara syn edip,
Özüň öňki özüň bolup galmak ýok.

Namart merde sapak berer sakyrdap,
Pes-beýiklik hakda gürlär oturar.
Paýhas päki dek ýiti danalar
Akmakdan utanyp derlär oturar.

Düýnem ýaradana jort atyp ýören
Bu gün selle oranandyr başyna.
Sen diliňi dişläp, başyňy ýaýkap,
Geň galarsyň onuň bolup ýörşüne.

Bir gün geň galarsyň... Iki gün...
Üç gün...
Dördünji gün öwrenişer gidersiň.
Bäşinji gün biri alnyňdan çykar
Sen ýakaňy tutup, toba edersiň.

Märekä baş egip, salam berýändir,
On adam barýandyr daşyny gallap.
Walla, bu şol pylanyl-aý diýersiň,
Ýene-de yzyndan nazaryň ýollap.
Hawa, ol şo-ol pylanydyr — tanapsyň —
Towuk görse ütüp ýören ýelekçi...
Indi bolsa... görüp dursuň özüňem,
Yzynda märeke,
Daşynda sakçy.

Bu nähili beýle bolýa, haw diýip,
Jibrinersiň, oda-köze düşersiň.
Bir gün geçer,
Iki... üç... dört gün geçer,
Bäşinji gün eýýäm öwrenişersiň.

Hawa, bu gün ýokuş gören zadyňa
Ertesi gün eýýäm kaýyl bolarsyň.
Soňkusy gün at diýseler eşege,
Sen tassyk etmäge taýyn bolarsyň.

Indi hiç zat seniň parhyňa däldir,
Ýöne bir ýylgyryp oturansyň sen.
Elbetde, ölmeseň ýaşar ýörersiň,
Öz-özüňi welin ýitirensiň sen.

Hawa şeýleräjik dünýe — bu dünýe,
Ömür gysga, eşretinden ganmak kyn.
Ýöne bolýan oýunlara syn edip,
Özüň öňki özüň bolup galmak kyn.
13
451
Селби
10.03.2020 14:17
Dashyñdan gaty bolup icinden ýumshak bolanyñdan,
Iciñden gaty bolup dashyñdan ýumshak bolanyñ gowy...!
16
868
Селби
03.03.2020 22:12
Meni ýigrenýän adamlary öňkidenem beter ýigrendirmegi söýýän...☺
17
970
Селби
01.03.2020 23:48
Men ýadadym bu ýalancy dünýeden
Töwerek dashym gursalypdyr hasratdan
Hasratdan däl-de, ýalan söýgüden ,
Ýalan dostluklardan, ýalan duýgudan.

Hawa, asyl bu dünýänin özi ýalancy
Ýalancy dünýa diyp etýänlerimiz,
Heý dogry bormyka hereketlermiz,
Ýalancy diýp ýalan ýashamalyn biz.

Elbetde bu dunýe ýalandyr ýalan
Emma duýgularmyz däldirle ýalan
Gynansakda köplenc adamlaryñ biz
Duýgularnyñ ýalandygyny gorýäris.

Gamlanma ýüregim bolýan zatlara
Hemme zadyn õz wagty bardyra
Belki senem bir gün shatlanarsyña
Belki shonda düşünersiñ bolýan zatlara.

Käbir ynsanlary sheýle bir söýdüm
Hic soz bilen beýan ede bilmedim
Emma bir gün sheýle ýagdaýa düshdim
Meni kyn ýagdaýda goýdy söýdügim.

Ana shonda sholan ýalan bolmagyn
Sheýle bir isläpdim cyn ýüregimden
Ýöne gynansamda däl eken ýalan
Bolan zatlaň bary hakykat eken.

Shol pursat göz ýetirdim bir zada
Ýalancyda seni cyndan söýjek bar
Onuň kimdigini aýtsam men size
Mähriban käbämiz ejelerimizdir.

Olaryň söýgüsi mydam cäksizdir
Olaň duýgulary garshylyksyzdyr
Hemishe cagasyn alada eder
Ýogyn bar edip mydam goraglar.

Shonun ücin biz hem elmydam
Ejemize söýgi bilen garalyň
Ejemizi shatlandyryp gezeliñ
Paýymyza düshýänleri edeliñ..!
10
1 025
Селби
28.02.2020 13:58
Men ýene oturyp oýa batýaryn,
Seretseñ her kimiñ öz gaýgysy bar
Munuñ sheýledigni hemmeler bilýär
Neçüýn bir birege etmeýäs kömek.

Biri sadalyk edip, aýdaýsa eger
Icindäki hasratyndan bir parça
Shol wagt ýanynda gynanan bolup
Gybatyn edip gülerler hökman.

Päk ýürekli ynanjan ýene bir ynsan
Päli ýaman bir nadana ynanyp
Ýalnyshyp birdenem kömek soraýsa
Ýalan hilesine düshjegi anyk.

Ýüregi ejizje ýagshy bir ynsan
Adamlañ eden ýalnyshlaryny
Beýik bolup bagyshlasa hem
Hic haýsy bilmez gadyrlanyny.

Gaýtam oňa diylýerler akmak
Göreniñi bagyshlap ýõrmek
Ýöne olar onun edýänlerine
Akyllary hem ýetenok entek

Perishde mysaly ýene bir ynsan
Elmydama kömege taýyn
Onuň ýagshy niýetinden hem
Arkaýynja peýdalanylar.

Bu bolýan zatlary görüp hem ýene
Dymyp durmak gaty kyn eken.
Shonun ücin hemme bileje
Geliň bir birege edeliň ýardam.


Juma güniňiz mübarek bolsun! Geliñ iñ bolman shu gün birek birege çyn ýürekden kõmek edeliñ!
9
1 001
Селби
27.02.2020 00:06
Hic ýere sygamok ýüregim gysýar,
Öz bolshum öz janymy ýakýar.
Hemme zat ýerbe ýer gülala günlük,
Hic düshünip bilemok öz ahwalyma.

Bu ýagdaý maňa örän nätanysh,
Beyle yagdaya hic dushup gormedim.
Bu zatlañ sebäbin kimden görsemkäm,
Özümdenmi ýa da ýalan dünýeden.

Golaýda bir nähoshluk bolaýjak ýaly,
Erbet howsalalar basýala meni.
Allajan bosh hyýal bolary ýaly,
Özüň her beladan goragör meni...
6
791
Селби
26.02.2020 08:34
Ine bu gun yene yagysh yagyar,
Gecenje gaygylarmy yatladyp.
Olar mana gaty agyr degyar,
Shondada olary yatlayaryn men.

Kasi suyji kasi ajy duygular,
Hem yylgyrdya hem agladya meni
(yatlap cala yylgyryan ajy aglayan.)
Halys cyn yurekden soyyan yagyshym,
Edil beyle hala salar oytmedim meni...


Shondada soymegimi dowam ederin,
Gaygylarmy yadyma salsada menin.
Ondan lezzet almagymy dowam ederin
Yagyshy men elmydama soyerin...
6
1 026
Селби
25.02.2020 00:16
Bu gun menin ýüregim ýaralandy,
Garashmadyk adamlam tamgasyn goydy.
Birisi shu zatlar hakda aýdaysa eger,
Hic hacan ynanmazdym meger.

Dünýäde beýle elhenc duýgy bar eken,
Ozal beyle duygyn barlygyndan hem.
Hic hili habarym bolmadyk eken,
Bu duýgyny neneñ maña rowa gordün sen..?

Onuñ neneñ duýgydygny aytsam men,
Ganym dushmanymada islemerin men.
Aklyma hic sygdyryp bilemokla men,
Seniñ beýle ishleri edeniñe men...

00:19
Goshgy hakda öz pikiriñizi ýazsañyz hemmañizden minnetdar bolardym...
9
1 331
Селби
23.02.2020 21:17
Käte ýersiz ýere gussa batýarsyñ,
Tapañok hiç öz-özüñden ýakyny.
Ah, şeýle pursatlar neneñsi oñat,
Ýürekdeş gapyñy kaksa birisi...
12
668
Селби
19.02.2020 20:59
Men ýene nämälim ahwaly duýýan,
Bu ahwal me şatlyk, ne-de gussa.
Ýene agşam çygy düşüpdir eýýäm,
Ýene gözlem kän eglenýä alysda.

Bu ýerleñem ýanyp barýar gursagy,
Yşka düşüp elewreýän ýigit deý.
A, men neçüýn düýni ýatlap durmagy,
Endik etdim haýry yokka çigit deý.

Bilmedim nirede, nämede hoşluk,
Göwnüme ters güman getirdimmikäm?
Ýene gursagymda döredi boşluk,
...Ýa ýene bir zadym ýitirdimmikäm?!
7
2 381