Men ýadadym bu ýalancy dünýeden
Töwerek dashym gursalypdyr hasratdan
Hasratdan däl-de, ýalan söýgüden ,
Ýalan dostluklardan, ýalan duýgudan.
Hawa, asyl bu dünýänin özi ýalancy
Ýalancy dünýa diyp etýänlerimiz,
Heý dogry bormyka hereketlermiz,
Ýalancy diýp ýalan ýashamalyn biz.
Elbetde bu dunýe ýalandyr ýalan
Emma duýgularmyz däldirle ýalan
Gynansakda köplenc adamlaryñ biz
Duýgularnyñ ýalandygyny gorýäris.
Gamlanma ýüregim bolýan zatlara
Hemme zadyn õz wagty bardyra
Belki senem bir gün shatlanarsyña
Belki shonda düşünersiñ bolýan zatlara.
Käbir ynsanlary sheýle bir söýdüm
Hic soz bilen beýan ede bilmedim
Emma bir gün sheýle ýagdaýa düshdim
Meni kyn ýagdaýda goýdy söýdügim.
Ana shonda sholan ýalan bolmagyn
Sheýle bir isläpdim cyn ýüregimden
Ýöne gynansamda däl eken ýalan
Bolan zatlaň bary hakykat eken.
Shol pursat göz ýetirdim bir zada
Ýalancyda seni cyndan söýjek bar
Onuň kimdigini aýtsam men size
Mähriban käbämiz ejelerimizdir.
Olaryň söýgüsi mydam cäksizdir
Olaň duýgulary garshylyksyzdyr
Hemishe cagasyn alada eder
Ýogyn bar edip mydam goraglar.
Shonun ücin biz hem elmydam
Ejemize söýgi bilen garalyň
Ejemizi shatlandyryp gezeliñ
Paýymyza düshýänleri edeliñ..!