Men ýene oturyp oýa batýaryn,
Seretseñ her kimiñ öz gaýgysy bar
Munuñ sheýledigni hemmeler bilýär
Neçüýn bir birege etmeýäs kömek.
Biri sadalyk edip, aýdaýsa eger
Icindäki hasratyndan bir parça
Shol wagt ýanynda gynanan bolup
Gybatyn edip gülerler hökman.
Päk ýürekli ynanjan ýene bir ynsan
Päli ýaman bir nadana ynanyp
Ýalnyshyp birdenem kömek soraýsa
Ýalan hilesine düshjegi anyk.
Ýüregi ejizje ýagshy bir ynsan
Adamlañ eden ýalnyshlaryny
Beýik bolup bagyshlasa hem
Hic haýsy bilmez gadyrlanyny.
Gaýtam oňa diylýerler akmak
Göreniñi bagyshlap ýõrmek
Ýöne olar onun edýänlerine
Akyllary hem ýetenok entek
Perishde mysaly ýene bir ynsan
Elmydama kömege taýyn
Onuň ýagshy niýetinden hem
Arkaýynja peýdalanylar.
Bu bolýan zatlary görüp hem ýene
Dymyp durmak gaty kyn eken.
Shonun ücin hemme bileje
Geliň bir birege edeliň ýardam.
Juma güniňiz mübarek bolsun! Geliñ iñ bolman shu gün birek birege çyn ýürekden kõmek edeliñ!