Ýaşşahyr
18.06.2021 22:57
Kursdaşy Sähetliniň özüne ýiti-ýiti bakyp ýörenini Dürjemal eýýäm nije ýyl bäri
duýup ýördi. Her gezek Dürjemaly görende nazarlary bilen gyzy iýip barýan-da bolsa,
nämüçindir ýigit dilden gyza zat diýiberenokdy. «Utanýa öýdýän» diýip, Dürjemal
ýigidiň bolşuna öz ýanyndan baha keserdi hem-de onuň özünden çekinip ýörmesine
gülküsi tutardy.
Gülälekli maýyň ilkinji günleridi. Dördünji kursy tamamlaýyş ekzamenlerine
ýekeje aý galypdy. Ine, şol günleriň birinde Sähetli dil açdy:
— Dört ýylyň içidir paýtagtda okap ýörenimize. Onda-da şäheriň medeni-seýil
baglaryna-da gezelenje gidip göremzok. Gel, şu gün agşam çaýyndan soň baga
aýlanaly — diýip, ol umumy ýaşaýyş jaýynda, ýokarky gatdan aşak düşüp gelýän
Dürjemala pete-pet gelende, ony gezelenje çagyrdy.
Kursdaşy Sähetli hem öz obalaryna ýakyn obadan. Boý-syraty hem hiç
ýigidiňkiden pes däl. Üstesine-de, hukuk fakultetiniň ökde okuwçylarynyň biri. Beýle
ýigidiň çakylygyndan Dürjemal ýüz öwürmekçem däldi. Ol çakylygy kabul etdi.
Agşam çaýyndan soň Dürjemal bezenip, ýola şaýlandy.
— A gyz, nirä ugradyň? — diýip, hiç wagt agşam gezelenje gitmeýän
Dürjemalyň biwagt geýnişini geňlän otagdaş jorasy Döndi oňa ýylgyryp bakdy.
Soňam sag eliniň süýem barmagyny çommaldyp, Dürjemala haýbat atdy. — Nämejik
hyýala mündüň, hä?!
Dürjemal ilki utanjyrap ýylgyrdy. Soňam jorasyndan syr saklap durmady:
— Sähetli gezelenje çagyrdy.
— Bow! — diýip, Döndi gaşlaryny geňsi gerdi. — Ilkinji çakylygymy ýa öňem
bir zatlar diýýädimi?
Döndi soňky sözlerini süýndürip aýtdy. Soňundanam jykyrdady. Dürjemal
jorasynyň näme diýjek bolýanyny aňdy:
— Ilkinji çakylygy... Onda-da gidýän, Döndi. Göwnüňe ýarap durka nämä gerek
näziňi artdyryp durmak...
— Bolýa, git, joram, git, alnyň-bagtyň açyk bolsun — diýip, Döndi ýene
jykyrdady.
Dürjemal oýun edip, Döndiniň ýagyrnysyna bir şarpygy batly ýelmedi-de, özem
ondan gaýtargy şarpygy datmajak bolup, gaçyp, otagdan çykyp gitdi.
— Sen entek dolanyp gel bakaly, almytyňy alarsyň — diýip, Döndi onuň
yzyndan ýetip bilmän, gygyryp galdy.
Dürjemal jorasyna ýetdirmän, bökjekläp barşyna, aşaky gata düşüp, umumy
ýaşaýyş jaýynyň daşyna çykdy. Sähetli eýýäm oňa garaşyp durdy.
Ikisi ýanaşyk ýöräp, ýola düşdüler. Birbada seslerini çykarman ýörediler.
Dogrusy, olar näme gürrüň etjeklerinem bilenokdylar. Uzakly gün okuwdaky zatlary-
da bile synlap durdular, okuwdan soň umumy ýaşaýyş jaýynyň ýagdaýyna-da ikisi
hem beletdi.
— Baga gidenden kino gitsek gowy bolmazmy? — diýip, esli ara geçenlerinden
soň Dürjemal Sähetlä ýüzlendi.
— Ýok-laý — diýip, Sähetli elini silkip goýberdi. — Kinoda surata seretmeli
bolýar. Bagda bolsa bileje oturyp, gürleşeris. Kursdaşam bolsak, ikimiz ýakyndan
gürleşibem göremzog-a...
— Bolýa-da beýle bolsa — diýip, Dürjemal Sähetli bilen ylalaşdy.
Ikisi tirkeşip, uniwersitetden gaty uzak bolmadyk merkezi medeni-seýil bagyna
bardylar. Bagyň içindäki hem töwerekdäki çyralaryň şöhlesi töweregiň gözelligini has-
da artdyrýardy. Bezemen geýnen ýaş juwanlaryň eýläk-beýläk ötüşip duranlary-da
bardy, Dürjemal bilen Sähetli ýaly bileje oturanlary-da. Bagyň çetindäki konsert
zalyndan aýdymyň sesi gelýärdi.
Dürjemal bilen Sähetli obadan, okuwdan, kursdaşlarydyr tanyş-bilişlerinden
söhbet açyp, esli oturdylar. Aýdym-saz tamamlanyp, konserte gelenler topar-topar
bolup, çykyp gitdiler. Ýaş juwanlaryňam käbirleri turup gitdiler. Bag çolaryp ugrady.
— Bizem turaly, wagt gijikdi — diýip, Dürjemal Sähetlä ýüzlendi. Şeý diýip, ol
ýerinden turdy. Töwerege nazar aýlady. — Hol çetde birki skameýkada adam bar.
Hemmeler gidipdir.
— Beýle bolsa, bizem gidäýeris — diýip, Sähetli diklenip, töwerege nazar
aýlady.
Edil şol wagt olaryň gabat garşysyndaky ýodajykdan orta boýly ýaş ýigit bagyň
günbatar derwezesine tarap geçip barýardy. Onuň elinde çilim bardy. Ol çilimini
sorup, öz maýdalyna ýöräp barýardy.
Ähli zat göz açyp-ýumasy salymda bolup geçdi.
Günbatar derwezeden gündogar derwezä tarap hem şol ýodajyk bilen uzyn
boýly, daýaw bir ýigit gelýärdi. Gara «warýonka» balakly, gök zolak geçen ala
köýnekli daýaw ýigit gaty badyhowady. Hamala, dagy ýerinden süýşürip gelýän ýaly,
özüni hondanbärsi tutýardy. Uzyn, atan-satan aýaklarynyň hersini bir çete taşlap,
«bassammykam-basmasammykam» diýip gelýärdi.
— Ýöräli — diýip, şol pursat Sähetli Dürjemala ýüzlendi.
Dürjemaldyr Sähetli-de gitmekçi bolsalar, iki ýigidiň biri-birine tarap
golaýlaşyp gelýän ýodasyna tarap düşmelidiler. Şol atan-satan geçip gidýänçä
Dürjemal durmagy makul bildi. Ol ýigitden üýşendi.
— Biraz duraly, şol atan-satan geçip gitsin-le — diýip, pyşyrdap diýen ýaly
aýtdy.
— Eý, çilimiňi bir özüň çekmäň näme, hany birini maňa-da bersene — diýip,
gök zolak köýnekli atan-satan ýigit eli çilimli ýigide ýüzlendi.
Edil şol pursatam gündogar derwezeden günbatar derwezä tarap ýarym ýeň ak
sport maýkaly, egni goşhaltaly daýaw ýigit hem gaty-gaty ýöräp gelýärdi. Ol çilimli
gürrüňleri başlanlaryň ýanyna ýetipjik barýardy...
— Şundan başga çilimim ýok, dost — diýip, çilim çekip barýan aýak hem
çekmän, atan-satanyň deňinden geçip barşyna jogap berdi. — Bi-de gutaraýdy-da,
ýogsa şuny beräýerdim. — Şeý diýip, ol çilim galyndysyny ýere pitikläp goýberdi.
Ala köýnekli atan-satan çilim çekip gelýäniň ýakasyndan ebşitläp tutdy-da:
— Sen maňa agzyňdan galanyny hödürlejek bolýaňmy! — diýip gygyrdy. —
Häý, seň bir bajyňy!..
Atan-satanyň elinde ak zat ýalpyldap gitdi.
— Waý! Pyçak! — diýip, Dürjemal zähresini ýaryp, çirkin gygyrdy. — Sähetli,
ýet! Ony pyçaklaýa!
Sähetli kömege ylgamadan geçen, Dürjemalyň elinden çekdi:
— Ýör, gaçaly.
Dürjemal saň gaty bolup, sekuntlarça durdy. «Birini öldürjek bolup durkalar
näme üçin gaçyp gitmeli!» diýen pikir ýyldyrym çaltlygynda onuň kellesine gelip
geçdi. Ol bu sowaly Sähetlä bermek isledi.
7
78
Ýaşşahyr
07.06.2021 21:25
Galam alyp, bir namany göndersem,
Gönderdigim, bu namany duýmazmy?
Ýürekden, ajy hasratym syzdyrsam,
Syzdyrdygym, bu halymy duýmazmy?
Derdim köpdür, çoh ataşda ýanar men,
Ykbalym keçdir, hasratda galar, men,
Bir ýar söýdüm, gözelligin sanar men,
Sanadygym, bu sözlermi duýmazmy?
Gije-gündiz, Haky ýatlap agladym,
Aglaý, aglaý, jiger bagrym dagladym,
Atam öldi, ýolun garap bagladym,
Garadygym, bu gözlermi duýmazmy?
Indiň dünýä, saz, söhbet, mukam bilen,
Baýlyk diýip, garpyşdyň, hazan bilen,
Ýere girdiň, okalyp Kuran bilen,
Ýolladygym, bu günlermi duýmazmy?
Il-günüň, hormatyn, saklap ýaşadym,
Syladyňyz, sylaňňyz, haklap ýaşadym,
Dost-duşman, kalbyn päkläp ýaşadym,
Päkledigim, bu derdimi duýmazmy?
Hangeldi, ömür täk, dünýe ikidir,
O dünýä, jandaryň agyr ýüküdir,
Sözlem ýagşa pent, ýamana şekidir,
Okadygym, bu pendimi duýmazmy?
Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.
11
166
Ýaşşahyr
06.06.2021 16:06
Höwesiň bolmaz hiç zada,
Agzybirlik ýiten çagy.
Eden işiň bitmez ýada,
Agzybirlik ýiten çagy.
Dogan gardaş hile gurar,
Günä ýükläp ýüzňe durar,
Duz iýen saçagyn urar,
Agzybirlik ýiten çagy.
Goňşy gaçar, töre salmaz,
Salam berip, salam almaz,
Abraýyňdan nyşan galmaz,
Agzybirlik ýiten çagy.
Çümseňde dürli pikire,
Ýene gelersiň şüküre.
Günde çokunarsyň zikire,
Agzybirlik ýiten çagy.
Ýekeligiň çaňy çykmaz,
Güýçli bolup, birin ýykmaz,
Gün-günden bolarsyň ykmaz,
Agzybirlik ýiten çagy.
Hangeldi ýaz bileniňden,
Agyň kändir güleniňden,
Parhy ýokdur, öleniňden,
Agzybirlik ýiten çagy.
Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow
9
100
Ýaşşahyr
30.05.2021 17:25
Geçmişimdäki agyr ýatlama.
Ykbal bizi, aýra salsada,
Men henizem, seni gözleýän.
Umydym, üzülip galsada,
Men henizem, seni gözleýän.
Eştdim, başyň boglupdyr, öýmä,
Ornam galmady, öýke kinä,
Giden bolsaňam, uzak ýana,
Men henizem, seni gözleýän.
Wada gitdi, şemala gaýyp,
Bagt guşmyz uçdy, ganat ýaýyp,
Indi, söýmek, bolsada aýyp,
Men henizem, seni gözleýän.
Kimden gördüň, beýle sütemi,
Ah, jogapsyz, goýduň hatymy,
Bolsaňda, özgäniň hatyny,
Men henizem, seni gözleýän.
Egniňden erkiň alypdyrlar,
Özgäde, galyň salypdyrlar,
Razylyk, alman satypdyrlar,
Men henizem, seni gözleýän.
Toýuň ýasa öwrüpsiň aglap
Maňa beren sözüňi ýatlap,
Suratyňy, ýüregme baglap,
Men henizem, seni gözleýän.
Joraňdan ýollaýan salamym,
Hökman okaňyn şu kelamym,
Doýma ýok görküňden ylaýym,
Men henizem, seni gözleýän.
Asla saňa, diýmen biwepa,
Şat gez, her giz, çekmegin jepa,
Diläp, her demde, sowky sapa,
Men henizem, seni gözleýän.
Gel indi, temany öwreli,
Mämeleri , goşa düwmeli,
Sen ene, bolsaňda göwreli,
Men henizem, seni gözleýän.
Hangeldi, yrzadyrla senden,
Sen hem yrza bolgunyň menden,
Niçe aýlar geçsede, şindem,
Gülälek men, seni gözleýän.
Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.
9
138
Ýaşşahyr
29.05.2021 10:47
Agym tutýar, ýada salsam geçenim,
Barly bolup, garyp güne düşemde.
Terk etdi, ýar diýip saýlap seçenim,
Barly bolup, garyp güne düşemde.
Baý wagtym, şat ýaşadym, meslik bilen,
Kem-kemden, hoşlaşypdym, peslik bilen,
Pul diýip,daş galdym, jebislik bilen,
Barly bolup, garyp güne düşemde.
Pulum bardy, lemmer-lemmer, dag ýaly,
Nuranadym, misli dogan, çog ýaly,
Saraldym, ýapragyn döken, bag ýaly,
Barly bolup, garyp güne düşemde.
Ýetime ýüz bermän, kemsitdim gaýta,
Garypdan pulumy, ýygşyrdym pugta,
Illeňki ýaly, ýetermikäm bagta,
Barly bolup, garyp güne, düşemde.
Ozaldan, baý däldim, soňra gazandym,
Ene-ata dälde, pula daýandym,
Baýy taşlap, garyby dost saýyndym,
Barly bolup, garyp güne düşemde.
Uzak däl eken, haram pulyň soňy,
Öýümi basypdyr, tozanyň çaňy,
Doga dileg edýän, atyrsam daňy,
Barly bolup, garyp güne düşemde.
Ine indi şagal meslik galmady,
Dogan gardaş, meni töre salmady,
Goňşy-golam hak salamym almady,
Barly bolup, garyp güne, düşemde.
Çagamy ulaldyp ekläp bilmedim,
Aýal diýen zady saklap bilmedim,
Günäkär men, özüm aklap bilmedim,
Barly bolup garyp güne düşemde.
Şahyr, haram puluň soňy, jenaýat,
Gözden çyksaň, syryň açar jemagat,
Il bilen gopsaň, ederler hemaýat,
Garyp bolup, harap güne düşeňde.
Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.
6
248