Ýaşşahyr
18.06.2021 22:57
Kursdaşy Sähetliniň özüne ýiti-ýiti bakyp ýörenini Dürjemal eýýäm nije ýyl bäri
duýup ýördi. Her gezek Dürjemaly görende nazarlary bilen gyzy iýip barýan-da bolsa,
nämüçindir ýigit dilden gyza zat diýiberenokdy. «Utanýa öýdýän» diýip, Dürjemal
ýigidiň bolşuna öz ýanyndan baha keserdi hem-de onuň özünden çekinip ýörmesine
gülküsi tutardy.
Gülälekli maýyň ilkinji günleridi. Dördünji kursy tamamlaýyş ekzamenlerine
ýekeje aý galypdy. Ine, şol günleriň birinde Sähetli dil açdy:
— Dört ýylyň içidir paýtagtda okap ýörenimize. Onda-da şäheriň medeni-seýil
baglaryna-da gezelenje gidip göremzok. Gel, şu gün agşam çaýyndan soň baga
aýlanaly — diýip, ol umumy ýaşaýyş jaýynda, ýokarky gatdan aşak düşüp gelýän
Dürjemala pete-pet gelende, ony gezelenje çagyrdy.
Kursdaşy Sähetli hem öz obalaryna ýakyn obadan. Boý-syraty hem hiç
ýigidiňkiden pes däl. Üstesine-de, hukuk fakultetiniň ökde okuwçylarynyň biri. Beýle
ýigidiň çakylygyndan Dürjemal ýüz öwürmekçem däldi. Ol çakylygy kabul etdi.
Agşam çaýyndan soň Dürjemal bezenip, ýola şaýlandy.
— A gyz, nirä ugradyň? — diýip, hiç wagt agşam gezelenje gitmeýän
Dürjemalyň biwagt geýnişini geňlän otagdaş jorasy Döndi oňa ýylgyryp bakdy.
Soňam sag eliniň süýem barmagyny çommaldyp, Dürjemala haýbat atdy. — Nämejik
hyýala mündüň, hä?!
Dürjemal ilki utanjyrap ýylgyrdy. Soňam jorasyndan syr saklap durmady:
— Sähetli gezelenje çagyrdy.
— Bow! — diýip, Döndi gaşlaryny geňsi gerdi. — Ilkinji çakylygymy ýa öňem
bir zatlar diýýädimi?
Döndi soňky sözlerini süýndürip aýtdy. Soňundanam jykyrdady. Dürjemal
jorasynyň näme diýjek bolýanyny aňdy:
— Ilkinji çakylygy... Onda-da gidýän, Döndi. Göwnüňe ýarap durka nämä gerek
näziňi artdyryp durmak...
— Bolýa, git, joram, git, alnyň-bagtyň açyk bolsun — diýip, Döndi ýene
jykyrdady.
Dürjemal oýun edip, Döndiniň ýagyrnysyna bir şarpygy batly ýelmedi-de, özem
ondan gaýtargy şarpygy datmajak bolup, gaçyp, otagdan çykyp gitdi.
— Sen entek dolanyp gel bakaly, almytyňy alarsyň — diýip, Döndi onuň
yzyndan ýetip bilmän, gygyryp galdy.
Dürjemal jorasyna ýetdirmän, bökjekläp barşyna, aşaky gata düşüp, umumy
ýaşaýyş jaýynyň daşyna çykdy. Sähetli eýýäm oňa garaşyp durdy.
Ikisi ýanaşyk ýöräp, ýola düşdüler. Birbada seslerini çykarman ýörediler.
Dogrusy, olar näme gürrüň etjeklerinem bilenokdylar. Uzakly gün okuwdaky zatlary-
da bile synlap durdular, okuwdan soň umumy ýaşaýyş jaýynyň ýagdaýyna-da ikisi
hem beletdi.
— Baga gidenden kino gitsek gowy bolmazmy? — diýip, esli ara geçenlerinden
soň Dürjemal Sähetlä ýüzlendi.
— Ýok-laý — diýip, Sähetli elini silkip goýberdi. — Kinoda surata seretmeli
bolýar. Bagda bolsa bileje oturyp, gürleşeris. Kursdaşam bolsak, ikimiz ýakyndan
gürleşibem göremzog-a...
— Bolýa-da beýle bolsa — diýip, Dürjemal Sähetli bilen ylalaşdy.
Ikisi tirkeşip, uniwersitetden gaty uzak bolmadyk merkezi medeni-seýil bagyna
bardylar. Bagyň içindäki hem töwerekdäki çyralaryň şöhlesi töweregiň gözelligini has-
da artdyrýardy. Bezemen geýnen ýaş juwanlaryň eýläk-beýläk ötüşip duranlary-da
bardy, Dürjemal bilen Sähetli ýaly bileje oturanlary-da. Bagyň çetindäki konsert
zalyndan aýdymyň sesi gelýärdi.
Dürjemal bilen Sähetli obadan, okuwdan, kursdaşlarydyr tanyş-bilişlerinden
söhbet açyp, esli oturdylar. Aýdym-saz tamamlanyp, konserte gelenler topar-topar
bolup, çykyp gitdiler. Ýaş juwanlaryňam käbirleri turup gitdiler. Bag çolaryp ugrady.
— Bizem turaly, wagt gijikdi — diýip, Dürjemal Sähetlä ýüzlendi. Şeý diýip, ol
ýerinden turdy. Töwerege nazar aýlady. — Hol çetde birki skameýkada adam bar.
Hemmeler gidipdir.
— Beýle bolsa, bizem gidäýeris — diýip, Sähetli diklenip, töwerege nazar
aýlady.
Edil şol wagt olaryň gabat garşysyndaky ýodajykdan orta boýly ýaş ýigit bagyň
günbatar derwezesine tarap geçip barýardy. Onuň elinde çilim bardy. Ol çilimini
sorup, öz maýdalyna ýöräp barýardy.
Ähli zat göz açyp-ýumasy salymda bolup geçdi.
Günbatar derwezeden gündogar derwezä tarap hem şol ýodajyk bilen uzyn
boýly, daýaw bir ýigit gelýärdi. Gara «warýonka» balakly, gök zolak geçen ala
köýnekli daýaw ýigit gaty badyhowady. Hamala, dagy ýerinden süýşürip gelýän ýaly,
özüni hondanbärsi tutýardy. Uzyn, atan-satan aýaklarynyň hersini bir çete taşlap,
«bassammykam-basmasammykam» diýip gelýärdi.
— Ýöräli — diýip, şol pursat Sähetli Dürjemala ýüzlendi.
Dürjemaldyr Sähetli-de gitmekçi bolsalar, iki ýigidiň biri-birine tarap
golaýlaşyp gelýän ýodasyna tarap düşmelidiler. Şol atan-satan geçip gidýänçä
Dürjemal durmagy makul bildi. Ol ýigitden üýşendi.
— Biraz duraly, şol atan-satan geçip gitsin-le — diýip, pyşyrdap diýen ýaly
aýtdy.
— Eý, çilimiňi bir özüň çekmäň näme, hany birini maňa-da bersene — diýip,
gök zolak köýnekli atan-satan ýigit eli çilimli ýigide ýüzlendi.
Edil şol pursatam gündogar derwezeden günbatar derwezä tarap ýarym ýeň ak
sport maýkaly, egni goşhaltaly daýaw ýigit hem gaty-gaty ýöräp gelýärdi. Ol çilimli
gürrüňleri başlanlaryň ýanyna ýetipjik barýardy...
— Şundan başga çilimim ýok, dost — diýip, çilim çekip barýan aýak hem
çekmän, atan-satanyň deňinden geçip barşyna jogap berdi. — Bi-de gutaraýdy-da,
ýogsa şuny beräýerdim. — Şeý diýip, ol çilim galyndysyny ýere pitikläp goýberdi.
Ala köýnekli atan-satan çilim çekip gelýäniň ýakasyndan ebşitläp tutdy-da:
— Sen maňa agzyňdan galanyny hödürlejek bolýaňmy! — diýip gygyrdy. —
Häý, seň bir bajyňy!..
Atan-satanyň elinde ak zat ýalpyldap gitdi.
— Waý! Pyçak! — diýip, Dürjemal zähresini ýaryp, çirkin gygyrdy. — Sähetli,
ýet! Ony pyçaklaýa!
Sähetli kömege ylgamadan geçen, Dürjemalyň elinden çekdi:
— Ýör, gaçaly.
Dürjemal saň gaty bolup, sekuntlarça durdy. «Birini öldürjek bolup durkalar
näme üçin gaçyp gitmeli!» diýen pikir ýyldyrym çaltlygynda onuň kellesine gelip
geçdi. Ol bu sowaly Sähetlä bermek isledi.
7
78
Ovezova_
19 Iýun 2021
Myhman Myhman,ay yok sen nm un registrasiya bolonok
Myhman Myhman
18 Iýun 2021
OVEZOVA_yatañokmy 😴
Ovezova_
18 Iýun 2021
Ogulsenem Taňňyýewaň gowy eserlerinin biri
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.