Ýaşşahyr
29.05.2021 10:47
Agym tutýar, ýada salsam geçenim,
Barly bolup, garyp güne düşemde.
Terk etdi, ýar diýip saýlap seçenim,
Barly bolup, garyp güne düşemde.

Baý wagtym, şat ýaşadym, meslik bilen,
Kem-kemden, hoşlaşypdym, peslik bilen,
Pul diýip,daş galdym, jebislik bilen,
Barly bolup, garyp güne düşemde.

Pulum bardy, lemmer-lemmer, dag ýaly,
Nuranadym, misli dogan, çog ýaly,
Saraldym, ýapragyn döken, bag ýaly,
Barly bolup, garyp güne düşemde.

Ýetime ýüz bermän, kemsitdim gaýta,
Garypdan pulumy, ýygşyrdym pugta,
Illeňki ýaly, ýetermikäm bagta,
Barly bolup, garyp güne, düşemde.

Ozaldan, baý däldim, soňra gazandym,
Ene-ata dälde, pula daýandym,
Baýy taşlap, garyby dost saýyndym,
Barly bolup, garyp güne düşemde.

Uzak däl eken, haram pulyň soňy,
Öýümi basypdyr, tozanyň çaňy,
Doga dileg edýän, atyrsam daňy,
Barly bolup, garyp güne düşemde.

Ine indi şagal meslik galmady,
Dogan gardaş, meni töre salmady,
Goňşy-golam hak salamym almady,
Barly bolup, garyp güne, düşemde.

Çagamy ulaldyp ekläp bilmedim,
Aýal diýen zady saklap bilmedim,
Günäkär men, özüm aklap bilmedim,
Barly bolup garyp güne düşemde.

Şahyr, haram puluň soňy, jenaýat,
Gözden çyksaň, syryň açar jemagat,
Il bilen gopsaň, ederler hemaýat,
Garyp bolup, harap güne düşeňde.

Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.
















6
247
Ovezova_
3 Iýun 2021
👏👏👏👏
Ýaşşahyr
29 May 2021
Guli_, Minnetdar

Masterman_05, Taňryýalkasyn jigim
guli_
29 May 2021
Ýaşşahyr,👏👏👏👏👌
Ýaşşahyr
29 May 2021
Masterman_05, Bugdaýam galmady indi orara, Orup gitdi Magtymguly barysyn, Eglip hoşasyny çöpläýin diýsem, Çöpläp gitdi Kerim aga ýarysyn. Yzy bilen Gurbannazar çöpledi, Berdinazar topragyny kökledi, Indi bize ýazara zat galmady, Menem bu ussatlaň ýolun saklaýyn. Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.
Ýaşşahyr
29 May 2021
Masterman_05, tüweleme.olam bir kesp kär
Ýaşşahyr
29 May 2021
Masterman_05,Ýazylmasa bolanokda jigim
Ýaşşahyr
29 May 2021
Masterman_05, Öwrenersiň nesip bolsa.Bizem başda seýledik
Ýaşşahyr
29 May 2021
Masterman_05, tüweleme galamyň ujy ýiti bolsun
Ýaşşahyr
29 May 2021
Masterman_05, 😀😀😀
Ýaşşahyr
29 May 2021
Masterman_05, Durmuşdan alýan, adamlaň dilinden alýan.Öz durmuşymdan däl.

Guwanjow, Taňryýalkasyn dost
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.