Ýaşşahyr
09.09.2021 23:10
Ozaldan adam ganyny,
Kem-kemden, içer garyplyk.
Ak bizden, mata donuny,
Ilden öň, biçer garyplyk.

Sowuk tamdyr, hamyr tutmaz,
Gara ýer, özüni ýuwutmaz,
Çekip bije, garyp utmaz,
Ters göçüm, göçer garyplyk.

Saýlanar adamyň parhy,
Pukaranyň bolmaz nyrhy,
Aýlansa durmuşyň çarhy,
Öz nyrhyn, gaçyr garyplyk.

Kim çeker, ynsan gynansa,
Parçalap ýürek gyýylsa,
Geň görler, garyp sylansa,
Guş kimin, uçar garyplyk.

Pyntyklan bag, bolar saýa,
Çykan ýokdur, täsin aýa,
Ynjan göwün, batar laýa,
Şatlykdan, gaçar garyplyk.

Şahyr arşda, penaň bolsa,
Niýetiň päk, senaň bolsa,
Jany sagat, synaň bolsa,
Hak bagtyň, açar garyplyk.

Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.
6
95
Ýaşşahyr
21.07.2021 15:02
Täze goşga garaşýaňyzmy? A- howwa
B-ýok. Komentarýa ýazyň.
5
138
Ýaşşahyr
15.07.2021 21:13
Özüňe ýakyn gözlärsiň,
Ýar bilen gürleşýän çagyň
Käte ýalanam sözlärsiň.
Ýar bilen gürleşýän çagyň.

Söýgiňi gizlärsiň ilden,
Utanarsyň gybat dilden,
Kämahal çykarsyň dinden,
Ýar bilen gürleşýän çagyň.

Assa ýuwaş diliň süýjär,
Söýgä bolan duýgyň güýjär,
Gaharlansaň ýürek ünjär,
Ýar bilen gürleşýän çagyň.

Diňe bir zatdadyr oýuň,
Düýşüňde görersiň toýuň,
Ejizläp egsiler boýuň,
Ýar bilen gürleşýän çagyň.

Kemden artar berekediň
Hökman üýtgär herekediň
Günde bolar şerekediň
Ýar bilen gürleşýän çagyň.

Ene-atadan gaçmaly,
Syr bermän, ara açmaly,
Gözden ýaşyňy saçmaly,
Ýar bilen gürleşýän çagyň.

Hangeldi öýlenmeli ýaşyň,
Ýetip geldi, galdyr başyň,
Tanamaly ýakyn daşyň,
Ýar bilen gürleşýän çagyň.

Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.
8
184
Ýaşşahyr
09.07.2021 20:41
Kim bar kim ýok.Gijeki çat.
4
149
Ýaşşahyr
07.07.2021 12:06
Eý, musulmanlar, halaýyklar,
Şägirt, kemala, getirsedim.
Şygra salyp, diýjek sözümi.
Şol, jemala ýetirsedim.

Namazlygyň, üstüne çöküp,
Doga kylsadym, derim döküp,
Atsyz, pyýada, menzil söküp,
Hajy Parzymy bitirsedim.

Ýalan gybatlary tankytlap,
Hak öwütlerini takyklap,
Her dem, niýetimi, tämizläp,
Ýaman, gylygmy, ýitirsedim.

Hangeldi, ser salma, çyraga,
Ajal ýetse, gaçma gyraga,
Nesip etse, duşup Pyraga,
Hemişe möhrün, bitirsedim.

Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.
8
103
Ýaşşahyr
01.07.2021 18:12
Synladym jahany, sylap adamy,
Çekdim, bu dünýäniň, ähli minnetin.
Özgeleriň göwnüni, tapjak bolup,
Gaçyrdym özümiň, gadyr gymmatym.

Käte-käte, il öňüne, baş bolup,
Ýeňletdim ynsanlaň, agyr derdini.
Dost-duşman, saýgarman, çalam- çaş bolup,
Ýitirdim adamlaň, namart merdini.

Kim sen? diýip, sorag berýän özüme,
Gezip ýörün, jogabyn berip bilmän.
Şeýle bir dünýede, ýaşasym gelýär,
Ganym duşmanmyňam, gözüne ilmän.

Şygrymy ýazamok durmuşdan ýeňlip,
Ýeňildim men, öz dünýä garaýşymdan.
Galat gybatlardan, dolupdyr serim,
Indi çykman oturýan, saraýşymdan.

Ahyrýet jaýyna, gadam basynçam,
Ýazasym gelýär, hakykat ýalany.
Razy boluň, sizden maňa, şol gerek,
Ene-ata, dogan-gardaş, galany.

Gorkunjum köpdür, Taňrydan, Ymmatdan,
Wagt dolup, Ezraýyl, alar janymy,
Meň üçin, iň uly jeza, şul bolar,
Nesillem çalyşsa, halal ganymy.

Ýaş şahyr: Hangeldi Orazmyradow.
6
109
Ýaşşahyr
26.06.2021 09:15
Pyragym, neçün hakykat,
Ýer ýüzünden, gaçyp barýar.
Kada, kanunly şerigat,
Bizden ara, açyp barýar.

Aýdanlaň bary, puç boldy.
Özge şygyrlar täç boldy.
Indi şygyr hem paç boldy.
Şahyrlyk borç, ýitip barýar.

Käbir ynsan, hetden aşdy,
Sözün bilmän, akly çaşdy.
Indi ýurduň, güni ýaşdy.
Her kim, ornun tapyp barýar.

Kybla ýüzlenmeli ady,
Özgä aýdyp, galan bady,
Kimseleň, han, göwün şady,
Halkyň aňy, öçüp barýar.

Ýagşylaň, pendini alman,
Ýaradany ýada salman,
Jemagatlar munda galman,
Özge ýurda, göçüp barýar.

Hangeldi, Pirin, ýat edip,
Bahyllaň sözün, mat edip,
Bäş günlik demin, şat edip,
Şygryn miras, goýup barýar.

Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.
7
72
Ýaşşahyr
25.06.2021 22:22
Ah talyplyk ýyllam, talyplyk ýyllam
Gör sen meni ne günlere ýetirdiñ
Sen maña ylym bilimden daşary
Maňa söýgüň nämedignem öwretdiň.

Seň gapyňa ätlän ilkinji günümden
Meni sen bir gözel bilen tanş etdiň
Diňle sözümi kursdaşym gülşatjan
Bu goşgymy seň şanyňa bagş etdim.

Bir göremde seni söýdüm ezizim
Ol gözleň bilen jadyladyň meni
Ýöne näme üçin bilemok gülüm
Bir zat diýsem näze bagladyň meni.

Ýekeje gezek menem söýýän diýseň
Bu sözi eşdip guş kimin uçaryn
Ejejan bir gözeli söýdüm diýip
Uludan toýuň şaýyny tutaryn.

Ýöne şol sözleri diýmek kyn ýaly
Her gezek baramda ýuwdunyp durýaň
Belli jogap aýday diýemde saňa
Gyssanma intäk diýip jogapsyz goýýaň.

Nädeýin men ýürek sen diýip dursa
Söýen ýürege hiç karar tapmadym
Şu diýýän sözlerme ynanaý gülüm
Senden özge gözele hiç bakmadym.

Eger göwnüň özge oglanda bolsa
Oňünden aýtgyn soň ökünmez ýaly
Ýada öňden adaglap goýan bolsalar
Aýt siziň araňyza goşulmaz ýaly.

Oglan ýazyp gutardy bu goşgyny
Goşguda aýtdym men gülüm baryny
Senem meni ýürekden söýýän bolsaň
Jogapsyz goýmagyn söýen ýaryňy.

Ýaş şahyr: Hangeldi Orazmyradow
9
223
Ýaşşahyr
24.06.2021 21:54
Eý, ýaranlar, halaýyklar,
Ýalançydan, gitmek gerek.
Çekip munda, jepa baryn,
Döwran sürmän, ötmek gerek.

Heňňam uzyn, ömür gysga,
Kimler sagat, kimler hassa,
Bu köňül, gam, laýna batsa,
Ýalan-ýaşryk, gülmek gerek.

Birden bolsa, halyň harap,
Durar sen, işige garap,
Il-günüň, gelmese sorap,
Öz-özüňden, sönmek gerek.

Köp gazanmak üçin sogap,
Der döküp, çekmeli azap,
Pis bolsaň, töwerek gazap,
Dogry ýola, düşmek gerek.

Peder guwanjy, zürýatdyr,
Zürýatsyz ynsan, perýatdyr.
Şodur arkaň, özge ýatdyr.
Baryň miras, goýmak gerek.

Hangeldi, soňuň, tümlükdir,
Güň sen, diýjegiň, ümlükdir,
Bu dünýä bir, bäş günlükdir,
Ýakynlarňy, söýmek gerek.

Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.
7
101
Ýaşşahyr
23.06.2021 21:55
Indi haýsy temadan goşgy ýazaýyn.Şul üçüsinden birini saýlaň.Haýsyna bal köp gelse şony ýazjak.Hökman jogap ýazyň.

1.Durmuş öwrümi.
2.Aýdyşyk.
3.Öwüt-nesihat.
8
206