Ýaşşahyr
15.07.2021 21:13
Özüňe ýakyn gözlärsiň,
Ýar bilen gürleşýän çagyň
Käte ýalanam sözlärsiň.
Ýar bilen gürleşýän çagyň.

Söýgiňi gizlärsiň ilden,
Utanarsyň gybat dilden,
Kämahal çykarsyň dinden,
Ýar bilen gürleşýän çagyň.

Assa ýuwaş diliň süýjär,
Söýgä bolan duýgyň güýjär,
Gaharlansaň ýürek ünjär,
Ýar bilen gürleşýän çagyň.

Diňe bir zatdadyr oýuň,
Düýşüňde görersiň toýuň,
Ejizläp egsiler boýuň,
Ýar bilen gürleşýän çagyň.

Kemden artar berekediň
Hökman üýtgär herekediň
Günde bolar şerekediň
Ýar bilen gürleşýän çagyň.

Ene-atadan gaçmaly,
Syr bermän, ara açmaly,
Gözden ýaşyňy saçmaly,
Ýar bilen gürleşýän çagyň.

Hangeldi öýlenmeli ýaşyň,
Ýetip geldi, galdyr başyň,
Tanamaly ýakyn daşyň,
Ýar bilen gürleşýän çagyň.

Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.
8
184
Ýaşşahyr
16 Iýul 2021
Myhman Myhman, Paýlaş mende açanoga.Onnoňam men indi ol ýerik goşgy goýman diýip ant içdimä
Myhman Myhman
15 Iýul 2021
Meñ pikirimçe sözleri kapiÿa salyp goşgy duzup bolmaz
Myhman Myhman
15 Iýul 2021
Öñ goşgularñyzy paýlaş programmada goýýadyñyz indi ol ýerde goşgy goýañzokmy ?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.