Ýaşşahyr
24.06.2021 21:54
Eý, ýaranlar, halaýyklar,
Ýalançydan, gitmek gerek.
Çekip munda, jepa baryn,
Döwran sürmän, ötmek gerek.

Heňňam uzyn, ömür gysga,
Kimler sagat, kimler hassa,
Bu köňül, gam, laýna batsa,
Ýalan-ýaşryk, gülmek gerek.

Birden bolsa, halyň harap,
Durar sen, işige garap,
Il-günüň, gelmese sorap,
Öz-özüňden, sönmek gerek.

Köp gazanmak üçin sogap,
Der döküp, çekmeli azap,
Pis bolsaň, töwerek gazap,
Dogry ýola, düşmek gerek.

Peder guwanjy, zürýatdyr,
Zürýatsyz ynsan, perýatdyr.
Şodur arkaň, özge ýatdyr.
Baryň miras, goýmak gerek.

Hangeldi, soňuň, tümlükdir,
Güň sen, diýjegiň, ümlükdir,
Bu dünýä bir, bäş günlükdir,
Ýakynlarňy, söýmek gerek.

Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.
7
101
Ýaşşahyr
25 Iýun 2021
Turkmenogly,Sag bol sylaňňa dost.Nesip bolsa
Ýaşşahyr
25 Iýun 2021
Turkmenogly, Howwa.Bilýän dost.nesip bolsa goýjak üstünde işläp otyryn.
Ýaşşahyr
24 Iýun 2021
Turkmenogly, Minnetdar hemmäňize
Ovezova_
24 Iýun 2021
👏👏👏👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.