Ýaşşahyr.
09.07.2020 10:06
Eý, ýaranlar, halaýyklar,
Ýalançydan, gitmek gerek.
Çekip munda, jepa baryn,
Döwran sürmän, ötmek gerek.

Heňňam uzyn, ömür gysga,
Kimler sagat, kimler hassa,
Bu köňül, gam, laýna batsa,
Ýalan-ýaşryk, gülmek gerek.

Birden bolsa, halyň harap,
Durar sen, işige garap,
Il-günüň, gelmese sorap,
Öz-özüňden, sönmek gerek.

Köp gazanmak üçin sogap,
Der döküp, çekmeli azap,
Pis bolsaň, töwerek gazap,
Dogry ýola, düşmek gerek.

Peder guwanjy, zürýatdyr,
Zürýatsyz ynsan, perýatdyr.
Şodur arkaň, özge ýatdyr.
Baryň miras, goýmak gerek.

Hangeldi, soňuň, tümlükdir,
Güň sen, diýjegiň, ümlükdir,
Bu dünýä bir, bäş günlükdir,
Ýakynlarňy, söýmek gerek.

Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.



15
905
Ýaşşahyr.
08.07.2020 09:18

Üýtgemezligim üçin özüme pent.

Sen beýik dälsiň beýikdir Ýaradan
Ýaradanyň saýasynda bu älem.
Sen henizem özüňi beýik saýyp,
Bu sözlere ynanmaýarsyň hälem.

Hakdan sylag gelip abraýyň artdy
Sen bolsa götermän gerdiň döşüňi
Diliň uzady, uzady il güne
Başarmadyň gala edip dişiňi.

Sadadyňa hany ahlak düşünjäň
Gözýetimiň giňdi beýikdi ornuň
Bil kösenersiň päliň ýaman bolsa
Eşt soňky tüýkülik ezmez sakalyň.

Sungatda senden beýiklerem bardyr,
Bes, indi çeniňde dur, artyk azma.
Hangeldi diýseler han boljak bolma
Han bolsaň, Pyragyny halypa saýma.

Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.
15
507
Ýaşşahyr.
07.07.2020 14:52
Gorkut, Ata deýin pähimli bolsam,
Aýt gazanarynmy seniň söýgüňi.
Görogly Beg deýin bir sözli bolsam
Aýt gazanarynmy seniň söýgüňi.

Tahyr bolup goja daglary söýsem
Nejep bolup seniň yzyňda ýörsem
Öwez bolup saňa bir gazal düzsem
Aýt gazanarynmy seniň söýgüňi.

Oguz han deý bir ýurda nöker bolsam,
Gara han deý ençe ýurt söker bolsam
Seniň üçin gözde ýaş döker bolsam
Aýt gazanarynmy seniň söýgüňi.

Gara batyr ýaly syratly bolsam
Görogly beg deýin Gyratly bolsam
Seniň deýin gyza zyratly bolsam
Aýt gazanarynmy seniň söýgüňi.

Her gün agşam seni arzuwlap ýatsam,
Sen gerek diýip janym oda atsam
Saňa ýetmän bu ýalançydan ötsem
Aýt ynanardyňmy meniň söýgüme

Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.

0
11
864
Ýaşşahyr.
07.07.2020 13:46
Boldumy?,gutardymy?, söýgümiziň soňy,
Düýş ýaly arzuwlarmyzy nokatlalymy?,
Bir giden, umyt, hyýaldan, doldurlan aňy,
Şer söz diýip, onki süňňü, tukatlalymy?

Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.
5
946
Ýaşşahyr.
07.07.2020 12:27
Sabyrly gul dura bara şat bolar,
Diýp ötüpdir Magtymguly Pyragy.
Wagt geler ähli ynsan ýat bolar,
Sebäb uzak ýanmaz ömür Çyragy.

Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.
0
12
403
Ýaşşahyr.
07.07.2020 11:44
Sençe ýogam höküm eder,
Egniňde erkiň bolmasa.
Buýran işin, möhüm eder,
Egniňde erkiň bolmasa.

Saçagyň nana, zar bolar,
Çagalaň gülmez, har bolar,
Her işde, aýal, är bolar,
Egniňde erkiň bolmasa.

Gelne berersiň hasabat,
Ýaýrar ile gep mahabat,
Geze bilmersiň parahat,
Egniňde erkiň bolmasa.

Diňlenmez sözüň, gur diýler,
Erkek, bir sözde, dur diýler,
Bigaýrat bolsaň, bar diýler,
Egniňde, erkiň bolmasa.

Dost- ýarlaň, güler üstüňden,
Duşman suw göýbär astyňdan,
Puç, saplansaňam, kastyňdan,
Egniňde, erkiň bolmasa.

Hangeldi, dur, indi besdir,
Saňa geljek, ýaman sesdir,
Zehiniň ýiti, sulh pesdir,
Egniňde, erkiň bolmasa.

Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmydow.

0
17
777
Ýaşşahyr.
07.07.2020 11:36
Pirim.

Hiç bir zatdan çekinmän,
Ýoluň saýladym Pirim,
Ýaman atdan çekinmän,
Ýoluň saýladym Pirim.

Saklap sada durkumy,
Şygra berdim görkümi,
Zyňyp gorky ürkümi,
Ýoluň saýladym Pirim.

Hak ýoly, kürse ýetdi,
Il ony, galat etdi,
Şägirt, bet pälden, çetdi,
Ýoluň saýladym Pirim.

Hangeldi Piriň Pyragy,
Gysgadyr ömrüň çyragy,
Ähli şahyrlaň diregi,
Ýoluň saýladym Pirim.

Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.

0
12
210
Ýaşşahyr.
06.07.2020 12:17
Galam alyp, bir namany göndersem,
Gönderdigim, bu namany duýmazmy?
Ýürekden, ajy hasratym syzdyrsam,
Syzdyrdygym, bu halymy duýmazmy?

Derdim köpdür, çoh ataşda ýanar men,
Ykbalym keçdir, hasratda galar, men,
Bir ýar söýdüm, gözelligin sanar men,
Sanadygym, bu sözlermi duýmazmy?

Gije-gündiz, Haky ýatlap agladym,
Aglaý, aglaý, jiger bagrym dagladym,
Atam öldi, ýolun garap bagladym,
Garadygym, bu gözlermi duýmazmy?

Indiň dünýä, saz, söhbet, mukam bilen,
Baýlyk diýip, garpyşdyň, hazan bilen,
Ýere girdiň, okalyp Kuran bilen,
Ýolladygym, bu günlermi duýmazmy?

Il-günüň, hormatyn, saklap ýaşadym,
Syladyňyz, sylaňňyz, haklap ýaşadym,
Dost-duşman, kalbyn päkläp ýaşadym,
Päkledigim, bu derdimi duýmazmy?

Hangeldi, ömür täk, dünýe ikidir,
O dünýä, jandaryň agyr ýüküdir,
Sözlem ýagşa pent, ýamana şekidir,
Okadygym, bu pendimi duýmazmy?

Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.

15
929