Gorkut, Ata deýin pähimli bolsam,
Aýt gazanarynmy seniň söýgüňi.
Görogly Beg deýin bir sözli bolsam
Aýt gazanarynmy seniň söýgüňi.
Tahyr bolup goja daglary söýsem
Nejep bolup seniň yzyňda ýörsem
Öwez bolup saňa bir gazal düzsem
Aýt gazanarynmy seniň söýgüňi.
Oguz han deý bir ýurda nöker bolsam,
Gara han deý ençe ýurt söker bolsam
Seniň üçin gözde ýaş döker bolsam
Aýt gazanarynmy seniň söýgüňi.
Gara batyr ýaly syratly bolsam
Görogly beg deýin Gyratly bolsam
Seniň deýin gyza zyratly bolsam
Aýt gazanarynmy seniň söýgüňi.
Her gün agşam seni arzuwlap ýatsam,
Sen gerek diýip janym oda atsam
Saňa ýetmän bu ýalançydan ötsem
Aýt ynanardyňmy meniň söýgüme
Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.