Ýaşşahyr.
06.07.2020 12:17
Galam alyp, bir namany göndersem,
Gönderdigim, bu namany duýmazmy?
Ýürekden, ajy hasratym syzdyrsam,
Syzdyrdygym, bu halymy duýmazmy?

Derdim köpdür, çoh ataşda ýanar men,
Ykbalym keçdir, hasratda galar, men,
Bir ýar söýdüm, gözelligin sanar men,
Sanadygym, bu sözlermi duýmazmy?

Gije-gündiz, Haky ýatlap agladym,
Aglaý, aglaý, jiger bagrym dagladym,
Atam öldi, ýolun garap bagladym,
Garadygym, bu gözlermi duýmazmy?

Indiň dünýä, saz, söhbet, mukam bilen,
Baýlyk diýip, garpyşdyň, hazan bilen,
Ýere girdiň, okalyp Kuran bilen,
Ýolladygym, bu günlermi duýmazmy?

Il-günüň, hormatyn, saklap ýaşadym,
Syladyňyz, sylaňňyz, haklap ýaşadym,
Dost-duşman, kalbyn päkläp ýaşadym,
Päkledigim, bu derdimi duýmazmy?

Hangeldi, ömür täk, dünýe ikidir,
O dünýä, jandaryň agyr ýüküdir,
Sözlem ýagşa pent, ýamana şekidir,
Okadygym, bu pendimi duýmazmy?

Ýaş şahyr:Hangeldi Orazmyradow.

15
929
Ýaşşahyr.
7 Iýul 2020
hä.Wah halk aýdyma boljak goşgulam bar.Rebä tansawalna ýazamokda.Diňe halk aýdyma ýazyp bilýändä.Magtymguly Pyragynyň ýolundan gidemsoň maňa beýleki ýollardan gitmek agyrrak degjekdä.
DovaDade
7 Iýul 2020
yas howesjenler bardy gowja tekst gozlap yorduler satyn almaly bolsada aljak dp sondan soradym
Ýaşşahyr.
7 Iýul 2020
Ýok dost.Aýdyma ýazamoga.
DovaDade
7 Iýul 2020
Rap heninde yazyp bilyanmi gosgularyny?
Ýaşşahyr.
7 Iýul 2020
Hudaýa şükür.Alla döneýin bir tap bar
DovaDade
7 Iýul 2020
Allaha munde bir sukur yagsy ozuniz gowymy jan saglyk oy iceri
Ýaşşahyr.
7 Iýul 2020
Waleýkumessalam.Gowmy ýagdaýlarňyz
DovaDade
7 Iýul 2020
Essalamualeykum we rahtamulla berekatu
Ýaşşahyr.
7 Iýul 2020
Men Esasy Magtymguly Pyragyny özüme gaýywana halypa saýyp şoň äheňinde düzmegi gowy görýän.Birem durmuşda Gören zadymy goşga geçirmegi gowy görýän
Blume?
7 Iýul 2020
Gosgy duzmane okde ekeniniz gosgulary ozunizce Duzyanizmi yada yuregi dinlap duzyanizmi (G❤?)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.