News
Blogs
Posts
Tags #
Psihologiya
Anketa
Soraglar
Sözler
Degişmeler
Sport
Tasinlikler
Eserler
Goşgular
Today trends
Most trends posts in today
lavinya_
Bu gün, 11:47
Güýz güni. Howanyň
Ýüzi diýseň çal, —
Baglaryň iň soňky
Ýapragy gaçýar.
Gark bolup gojaman
Daglar dumana,
Tukat nazar bilen
Bakýar ummana.
Ýat edýär köl-derýa,
Ördegin-guşun.
Söýýän güýz paslynyň
Tukat görnüşin!
Bilýän, guşlar geler
Derýadyr köle.
Baglar ýaşyl donun
Geýer müň ýola.
Ýöne nämüçindir
Güýz howasy dek,
Ýumşak gussa bilen
Örtülýär ýürek.
Goýup ýüregimde
Bitmejek yzy.
Geçdi bu ömrümiň
Gelmejek güýzi.
Awtor: Gurbannaz Ezizow
3
15
0
Today popular
Most popular posts in today
alma___
Düýn, 22:31
Gep berýänden syrdaş bolmaz, gepe gitýänden dost bolmaz
2
32
0
Yesterday trends
Most trends posts yesterday
enes_∞
13.11.2024 21:54
5 welaýatyň 5 täsinligi
1. Dowzahyň derwezesi – Ahal.
Çuňlugy 20 metre, diametri 70 metre barabar bolan bu çukur dünýäde “Dowzahyň derwezesi” hökmünde tanalýar. 1971-nji ýylda sowet alymlary bu ýerden gaz almaga başlanlarynda belli bir wagtdan soň ýer çöküp bütin enjamlary ýer ýuwudypdyr. Çukurdan bolsa metan gazy çykmana başlapdyr. Soň alymlar gazyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin ony ýakmaly bolýarlar. Olar birnäçe sagadyň içinde metan gazy ýanyp gutarar diýip oýlapdyrlar. Ýöne ol ot 50 ýyl bäri ýanmaga dowam edýär.
2. Ýangygala kanonlary – Balkan.
Bu ajaýyp kanonlaryň döremegi million ýyllara barabar bolupdyr. Hazaryň we Balkan welaýatynyň şemally howalary belentliklere dört tarapdan hüjüm edip her ýerinden ýol ýasapdyr. Kanon gyzyl reňkli bolansoň adynyň “Ýangyn gala” söz düzüminden gelip çykandygy çaklanylýar. Belentligi 60-100 metr aralygynda üýtgeýär. 25 kmlik meýdanda ýaýylyp ýatyr.
3. Uzboý derýasy – Daşoguz.
Uzboý Amyderýanyň bir hanasydy. XVI asyra çenli Amyderýa, esasan hem Hazar deňzine guýýar eken. Ýöne şol asyrdan başlap ugruny Aral deňzine tarap üýtgedýär we Uzboý derýasy assa-ýuwaş guraýar. Häzirki günlerde käbir suwly ýerleri galdy. Görmek isleýänlere ýagyşly möwsümde gitmek maslahat berilýär.
4. Dinozawrlaryň yzlary – Lebap
Köýtendag etrabynda ýerleşýän dinozawrlaryň yzlary ilkinji gezek Rudolf Ýuferow tarapyndan 1960-njy ýylda ýüze çykarlypdyr. Şondan bäri 2000 müň töweregi aýak yz tapylypdyr. Bu ýerde öň köl bolan eken. Dinozawrlar şol kölüň eteklerinde ýaşapdyrlar.
5. Ýeroýlanduz çöketligi – Mary.
Bu çöketlik diňe Türkmenistanyň däl, tutuş dünýäde seýrek duş gelýän landşafta eýe. Çuňlugy 500 metre barabar ýerleri bar. 300 km töweregi ýere ýaýlyp ýatyr. Säher we şapak wagty seredeňde hasam ajaýyp. “Men haýsy planetada?” diýdirýär. Görmek isleýänlere aprel-maý aýlarynda gitmek maslahat berilýär.
7
115
0
Weekly trend
Last week trend posts
smiling_
09.11.2024 13:52
Şu 5 adamdan peýda gelmez.
- Meñki bitsin señki ýitsin, diýýän ýalançylardan.
- Asyl sebäbini bilmän, şol tema hakynda gybat edip, gep ýaýradýan gybatkeşlerden.
- Pes adamlary ezip ulanýan, wezipeliñ wagtlaýyn etegine girýän ikiýüzlilerden.
- Allanyñ adyny berip, ant içip awy ýalaýan kezzaplardan.
- Öz bähbidini her kimden öñe goýýan, pul üçin hemme zady etjek nadanlardan!
15
165
2
See All Posts