News
Blogs
Posts
enes_∞
03.03.2025 04:46

Orazada dogry iýmitleneliň!
Oraza aýynda nämeler iýmeli diýen soraga jogap bermezden ozal, agzymyz bekli wagtynda bedenimizde nähili hadysalar bolýarka?

Oraza döwründe 15-16 sagat aç gezmeli bolýarys. Bu açlyk döwründe beden özüni täzeleýär, bejerýär hem-de bedeni toksinlerden arassalaýar. Ilkinji hepdede, esasanam ilkinji birki günde beden täze iýmitlenme wagtlaryna öwrenişýänçä kelle agyry, halsyzlyk ýagdaýlary döreýär. Bu ýagdaý wagtlaýyn adaptasiýa ýagny, geçiş döwrüdir. Sagdyn bolan adamlar agyz beklemelidir. Diýabet, ýürek, islendik organ ýetmezçiligi, göwreli ýa-da ýarawsyz adamlar agyz beklemeli däldirler.
Sagdyn şahsyýetiň fiziki we psihologiki taýdan peýdaly agyz beklemegi üçin selälik we agyzaçar menýusy örän ähmiýetlidir.
Oraza aýynda iň ähmiýetli zat selälikdir. Selälige turmazlyk goýberilýän iň uly ýalňyşlyklardan biridir. Selälige turup, nahar edinmezlik bedende metabolizmanyň peselmegine, myşsalaryň güýçden gaçmagyny eltip bilýär. Selälikde düzüminde belok bolan iýmitleri köpräk iýmeli. Ýumurtga, az duzly peýnirler, gan şekerini sazlaýjy däneli önümler, gök-önümler, gury iýmişler, duzsyz zeýtun şeýle-de süýt önümleri ýaly peýdaly suwsatmajak hem-de dok saklajak önümler iýilmeli. Selälikde hamyr önümlerini, süýjüdir aşa ýagly naharlary iýmezlige çalyşyň.
Orazada ikinji ähmiýetli zatlaryň biri-de agzaçardyr. Agyz açylanda suw we hurma bilen açylsa gowy bolar. Ondan soňra bir şakäse çorba içmeli. Soňra esasy nahara geçmezden ozal 10-15 minut arakesme edip, esasy nahara geçilse has peýdaly. Soňra bedeni witamin we minerallar bilen kaganatlandyrjak, dogry usullarda bişirilen esasy naharlar, işdäaçarlar iýilmeli. Agyr naharlardan, ýagly hem-de aşa etli naharlardan saglygymyz üçin saklanmalydyrys. Suwuň deregine bolsa gazly ýa-da reňkli suwlary içmeli däl.
Agyz açylandan soňra iki sagat ýaly wagt geçirip miwedir gury iýmişleri, süýtli süýjülikleri iýip, saglygyňyzy gorap bilersiňiz. Şerbetli, aşa süýji önümleri oraza aýynda iýmeseňiz has ýerlikli bolar.
Sagdyn oraza geçirmegiňizi arzuw edýäris!
Kabul bolsun hemmamizin Orazasy🤲
36
584
Tags #
Psihologiya
Anketa
Soraglar
Sözler
Degişmeler
Sport
Tasinlikler
Eserler
Goşgular
Today trends
Most trends posts in today
okyyjy
Düýn, 01:56
Ýassyk
Saçyň ýaýyp irkilipsiň sen eýýäm,
Arkaýyn ýat, oturaryn ýanyňda.
Menem indi otuz dokuz ýyl bäri
Mydar etýän seň ýassygyň ýarynda.
Özgelere galdyramok gabagmy,
Bolýar maňa bir seň göwnüň hoş bolsa.
Bir haýyşym, aglamagyn turaňda,
Öz ýassygyň galan ýary boş bolsa.
Atajan Annaberdiýew
11
32
Today popular
Most popular posts in today
awadan
Düýn, 09:19
Gayn ene günakarmi ya ykbal?
Meniň nebir Jumagözel adym hem ýatdan çykara geldi. Gelin bolyp şu öýe gelen günüm Junagözel adyma Jenýa öwrüldi. Maňa uly kiçisi Jenýa ýa Jenýa gelneje diýýadiler. Serdarada men Serdar diýaýmesem bary Serik diýýadiler....!?
Ynha obadan gelin bolyp şähere düşüp ors tipçe düzgüne hem öwrenişip gitdim, öwrenmän gitjek ýeriň niri diýsene, gaýnym görgüli Jenýam, Jenýam diýip kökenegä meniň üstümde
Aý gün geçip durdy. Bir gün nahar iýip başladym welin birden ýüregim bulanyp gaýtaryp başladym. Indi nahar görsem ýüregim bulanýa iýmegä beýlede dursun
Gaýnym ertesi işden ruhsat alyp meni anyklaýyş we maslahat beriş bölüme barlaga äkitdi
Barlaglaryň netijesi belli bolýança iki gezek gaýtaryp geldim Barlagyň netijesi belli boldy. Men göwreli ekenim 12-13hepde
Lukmanlar derrew hasaba aldylar
Gaýnym yolda öýe gaýdyşyn magazina meni salyp çaga eşik, özüme taýýar öýde geýer ýaly köýnek alyp berdi. Men diňe näme diýse bor diýip yzyna düşüp ýörün, ogul boljakmy gyz boljakmy o barada pikirem edenokdy, kiçi wagty ogla gyza geýdirseňem bolýan eşikler diýip alyp berdi. Ýygnada goý, hä diýmän geýdirersiň, diyip
Menem bor diýip ýygnap goýdym
Meniň aş saýym örän agyr geçdi
Bir gün gaýnym saňa ýagly et bolanok diýip bir eti gyzylja gowuryp, üstüne ukrop petruşga, reýhan sepip maňa iýdirdi.
Men bu et nämäň eti bir hili balygyň tagamyny berýar, ýöne bu balyga däl
-iýiber Jenýam senem kuwwatlanmala, ýöne gaýtaryp ýörsüňa
-bor iýdimä,, diýip bir tarelka gowyrlan eti iýdim
Bar zada ynam derek diýilşi ýaly, soň ýuwaş yuwaşdan ýagdaýym gowlanyp gitdi
Aý gün geçip durdy
Garaşylýan pursat geldi.
Meniň gyzym boldy. Biz begenip oňa garry enelerni ýatlap Enejan goýdyk. Enejan goýsakda onyň ady derrew Eni boldy.
Barsy Eni diýip tutýardy
Bar zat 7 günlük çagany suwa düşüremizde başlady.
Gaýnym iki aýagyny legene salyp gyzymy suwa saldyk welin 7 günlük çaga suwda çyrpynýar, göýä meni suwa goýber diýýan ýaly. Gaýnym bilen ikimiz haýran galdyk, ýöne üns hem bermedik
Şo günden soň gyzymy suwa salsam suwda ol şeýle bir begenýär suwa düşmäni halaýar. Bizem günaşa suwa düşürýadik
Bir gün gaýnym iki aýlyk gyzymy eline alyp oýnadyp otyrka hany kellejigini tutmany öwrensin diýip garnynda ýatyrdy welin iki aýlyk çaga öýiň içinde garnyny ýere degdigi bes sünip gidip barýar. Gaýnym göz degaýmesin diýip oňa dakyp bilen gözmonjygyn hem dakyşdyryp çykdy. Ondada kän üns beremedik
Çaga 6 aýlyk boldy. Ony arkan ýatyrsam aglaýar ýüzün ýatyrsam bolsa öýiň içinde emedeklemän diňe ýylan ýaly sünüp ýör, ondada uns bermedik
Aradan bir ýyl geçdi. Enejanjan bir ýaşady .
Doglan günunde üsti başyny görer ýaly etmedi diýip men ony uly legene suw salyp içinde otyrtdym welin ol suwyň içinde çyrpynyp ýüzýar. Gaýnymy çagyrdym. Oda muny geň görüp birden hem ihhhhhhh edip içini çekdi
-näme boldy enesi, diýip ýüzlendim
-Jenýam gorkma sen meni bagyşla men ozal hem guman etdim, bu ýöne möne çaga däl, haçanda saňa aş saýyň aşa agyr bolanda maňa, gelniňe ýylan etini gowrüp ber, emi ýomy şo bolar we gelniň hem sagdyn bolar diýdiler. Menem soň ýylan tutýançy tapyp ony soýdyryp arassaladyp saňa gowrup berdim
Indäm muňa seret diýip Enejany eline alyp arkan ýatyrýa welin aglaýar, a ýüzün ýatyrýa welin öýiň içinde sünüp, süşenekläp ýör
Men näme diýjegim bilmedim
Ertesi lukmana barlatdyk. Hiç hili kesel ýok gaýtam sagdyn gowy ösüş kemi yok diýip goýberdi.
Bolman gyzym kesel däldi, ol bir gezek hem kesellemedi, onyň bir kem ýeri ýüzün ýatyraňda we suw görende şoňa bolan höwesi güýçlidi
Bu syry diňe gaýnym bilen men bilýädim...
Aý gün geçip durdy. Şu wagt gyzym 5 ýaşynda. Ony gaýnym suwda ýüzmäge höwesek sportyň suwda ýüzmek görnüşine gatnatdy.
Ol 5 ýaşynda bolsada eýýam iki gezek öz ýaşy boýunça geçirlen suwda ýüzmek boýunça ýaryşda birinjiligi alyp geldi
Gyzym ykbaly nä bolar bilmedim, ýöne ol suwda ýüzmek boýunça geçirilýän ýaryşlaryň birinjiligini welin hiç kime bermejegini, gaýnym bilen men bilýän......!?
~~~soňy~~
7
69
Yesterday trends
Most trends posts yesterday
basladykmy
10.03.2025 00:50

••••••••••••Näme üçin smartfon jübüde gyzýar?
Smartfon jübüsinde gyzyp biler, mehaniki taýdan zeper ýetip biler ýa-da batareýanyň nädogry bolmagy sebäpli ot alyp biler.
Gyzgynlyk köplenç agyr ýük wagtynda — nawigasiýa ýa-da kamera ulanyp çylşyrymly programmalar işledilende ýüze çykýar. Esasanam yssy bolsa ýa-da suw geçirmeýän eşik geýseň erbet gyzýar.
Mehaniki zeper ýeten ýagdaýynda töwekgelçilik has uludyr: eger telefon güýçli urga ýa-da basyşa sezewar bolsa (mysal üçin arka jübüsinde), gysga utgaşma we hatda ýangyna sebäp bolup bilýän batareýanyň görnüşi üýtgäp biler.
Goşmaça töwekgelçilik faktorlary:
Çişen batareýa, aşa gyzmagyna sebäp bolup biljek içki zeperiň anyk alamatydyr.
Köne batareýa — wagtyň geçmegi bilen batareýa durnuklylygyny ýitirýär, himiki reaksiýalary az täsir edýär.
Garaşylmadyk ýagdaýda aşa gyzmak — telefon zarýad bermezden gyzsa ýa-da birden öçse, batareýanyň ýagdaýyny hem barlamaly.
Anyk däl komponentler — arzan zarýad berijiler we elektrik üpjünçiligi howpsuzlyk standartlaryna laýyk gelmezligi mümkin.
Batareýanyň sebäpsiz çişýändigini ýa-da gyzýandygyny görseňiz, enjamy derrew barlaň — bu sizi howply netijelerden gorap biler.
12
146
Weekly trend
Last week trend posts
Dusia
09.03.2025 00:43
С новым годом! 😋
30
541
See All Posts