okyyjy
Düýn, 01:56
Ýassyk

Saçyň ýaýyp irkilipsiň sen eýýäm,
Arkaýyn ýat, oturaryn ýanyňda.
Menem indi otuz dokuz ýyl bäri
Mydar etýän seň ýassygyň ýarynda.

Özgelere galdyramok gabagmy,
Bolýar maňa bir seň göwnüň hoş bolsa.
Bir haýyşym, aglamagyn turaňda,
Öz ýassygyň galan ýary boş bolsa.

Atajan Annaberdiýew
11
44
gula
Düýn 23:29 wagtda
Täsirli goşgy...👍🏻
geldiyevna
Düýn 23:18 wagtda
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.