king_tm
30.09.2023 19:28

Ýokarlygyna (belentlige) bökmek boýunça rekord 1996-njy ýylda Atlantada geçirilen Olimpiýa oýunlarynda 2,39 metr bökmegi başaran türgen Çarles Austine degişlidir.

***

2008-nji ýylda Pekinde geçen Olimpiýa oýunlarynda 100 metr aralyga ylgamakda rekordy 9,69 sekunt wagt bilen görkezen ýamaýkaly türgen Usain Bolt täzeledi. Şonda Bolduň tizligi sagatda 37 km barabar boldy.

***

Olimpiýa rekordsmeni: 10000 metr aralyga ylgamakda rekordy efiopiýaly ýüwrük Kenenisa Bekele täzeledi. Ol 2008-nji ýylda geçen Olimpiýa oýunlarynda bellenen aralygy 27:01.17 (27 minut 1 bitin ýüzde 17 sekunt)  wagtda geçmegi başardy. Bekeläniň tizligi ortaça sagatda 20 km deňdir.

***

Geçirilýän sport duşuşyklarynyň, ýaryşlaryň netijeleriniň janköýerlere, hatda tutuş halk köpçüligine-de güýçli täsir edýän halatlary az bolmaýar. 1998-nji ýylda dünýä çempionatynyň çärýek finalynda Argentina bilen Angliýanyň toparlarynyň arasynda bolan duşuşygyň netijesi on bir metrlik jerime urgularyna bagly bolup galdy. Iňlisleriň topary «gyzyl petek»  alan Dewid Bekhamsyz galypdy, netijede-de argentinlerden utuldylar. Bu ýakymsyz netije şol gün we şondan soňky ençeme günüň dowamynda Angliýada ýürek agyry zerarly hassahana düşýänleriň sanynyň 25 göterim artmagyna getirdi.

***

Dünýäde iň köp gazanç eden türgen golfçy Tiger Wudsdur. Ol ýylda 78 million ABŞ dollary, ýagny her sekuntda 148 dollar gazanç edýär.

***

Futbolyň taryhynda ilkinji milli toparlaryň duşuşygy 1872-nji ýylyň 30-njy noýabrynda bolýar. Şol gün Angliýa bilen Şotlandiýanyň milli ýygyndylary duşuşýarlar. Oýun 0:0 hasap bilen tamamlanýar.

***

Uzak aralyga bökmek boýunça rekord 1968-nji ýylda Meksikada geçen Olimpiýa oýunlarynda täzelendi. Amerikaly atlet Bob Bimon 9 metr uzaga böküp dünýä rekordynyň eýesi boldy.

33
123
senorita
30.09.2023 06:25
Badminton sportuň irki görnüşleriniň biri hasaplanýar we Gadymy Gresiýada, beýleki Ýewropa döwletlerinde, Ýaponiýada we Hindistanda meşhurlyk gazanyp ugraýar.

XIV asyrda badmintonyň has-da kämilleşdirilmegine tarap saldamly ädim ädilýär, ýagny şol döwürde ýaponlar badmintonda häzirki wagta çenli peýdalanylýan raketkalary oýlap tapypdyrlar.

1872-nji ýylda Beýik Britaniýada badminton oýny häzirki döwürdäki görnüşine gutarnykly şekilde eýe bolýar. 15 ýyl mundan soň, 1877-nji ýylda badminton oýuny söýüjileriň ilkinji klub gurnagy, ýene-de birnäçe ýyldan bolsa Badminton boýunça dünýäde ilkinji assosiasiýa döredilýär.

1905-nji ýyly badminton oýnunyň ösüş taryhynda aýgytlaýjy sene hasaplap bolar, çünki şonda, birinjiden, bu oýnuň kadalaýyn ýörelgeleri işlenip taýýarlanýar we ykrar edilýär; ikinjiden bolsa, Beýik Britaniýanyň badminton oýny boýunça birinjiligi almak ugrundaky çempionatlary yzygiderli geçirilip ugraýar.
21
24
tmyigit76
30.09.2023 00:17

Meşhur Peleniň hakyky ady



◉ 29 ýaşyndaka 1000-nji pökgüsini derwezä girizen dünýäniň iň meşhur türgenlerinin biri bolan braziliýaIy rowaýaty futbolçy Peläni köpler tanaýar. Yöne bu futbol ussadynyň Pele adynyň onun çyn ady däldigini bilyänler welin, köp bolmasa gerek. Hakyky ady "Edson Arantis du Nasimentu" bolan Pelä 11 ýaşynda futbola ýañy başlan wagtlary deň-duşlary tarapyndan dakylan bu at soňlugy bilen bütin dünýä tarapyndan

ulanylypdyr. Ýeri gelende bellesek, Pelänin özi bu lakamyndan hoşal däl eken. Bu barada nemes gazetleriniň birine beren söhbetdeşliginde Edson Arantis du Nasimentu portugal dilinde hiç hili many anlatmaýan, hälki bir heniz gürläp bilmeýän bäbejikleriň çykarýan seslerine çalym edyän bu lakamy dakandyklary sebäpli ilkibaşlarda deň-duşlary bilen gaharlanyşan ýerleriniň hem bolandygyny aýdypdyr. Bu at soňlugy bilen bütin dünýä tarapyndan

ulanylypdyr. Ýeri gelende bellesek, Pelänin özi bu lakamyndan hoşal däl eken. Bu barada nemes gazetleriniň birine beren söhbetdeşliginde Edson Arantis du Nasimentu portugal dilinde hiç hili many anlatmaýan, hälki bir heniz gürläp bilmeýän bäbejikleriň çykarýan seslerine çalym edyän bu lakamy dakandyklary sebäpli ilkibaşlarda deň-duşlary bilen gaharlanyşan ýerleriniň hem bolandygyny aýdypdyr.

36
122
senorita
22.09.2023 07:04
Küşt oýny tutuş dünýä ýüzünde iň meşhur intellektual oýun hasaplanylýar. Çünki küşt oýnamak intellektual ukyby ösdürýär diýlip hasaplanylýar. Şeýle-de küşt oýny akyl-paýhas, zehiniňi ýiteldýän täsirli oýundyr. Häzirki wagtda bu oýun dürli ýaşdaky adamlar tarapyndan uly gyzyklanma eýedir. Onuň peýdaly aýratynlyklary örän köpdür:

♟️Aragatnaşyk endigini ösdürýär.
Häzirki zaman dünýäsinde aragatnaşyk endikleri esasy rol oýnaýar. Bular adamlara aňsatlyk bilen täze aragatnaşyk gurmak ukybyny, islendik söhbetdeşligi goldamak we gürleşmek ukybyny öz içine alýar. Bu endikler ýaş ýetginjeklikde işjeň küşt oýnuny oýnamak arkaly bilen ösdürilýär. Bu olaryň jemgyýetçilik gatnaşyklaryny giňeldýär, doly hukukly, öz-özüňi beýan etmek üçin täze mümkinçilikleri açýar we iň esasysy, özüňi tanap bilmekligi, özüňe bolan hormaty artýar. Şeýle hem, küşt sapaklary aragatnaşygy pes çagalara izolýasiýany ýeňip geçmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, sözleýiş endikleri işjeň ösýär: çünki oýnuň dowamynda beýniniň dil bilmek we aragatnaşyk üçin jogapkär ýerleri işjeň gatnaşýar. Küşt ýetginjekleriň agressiwligini peseldip, sagdyn bäsdeşlik ruhuna öwrüp biler.

♟️Sagdyn pikirlenmek ýokarlanýar.
Küşt çylşyrymly köp derejeli logika we özboluşly kanunlar we düzgünler boýunça işleýän özboluşly oýun dünýäsine esaslanýan oýun. Emma onuň esasy hadysasy, adaty däl pikirlenmäni işjeň höweslendirmekdir. Mysal üçin, oýunçylaryň biri öz ukyby bilen, garşydaşyň hüşgärligini peseldýär we aýgytly pursatda iki ýa-da üç ädimde küşt tagtasyndaky ýagdaýy düýpgöter üýtgedýär. Mysal üçin, garşydaş üçin duzaklary we garşylyklaýyn hüjümleri taýýarlamak, öz oýun meýilnamalaryňyzy gizlemek we ş.m. Netijede ýetginjeklerde sagdyn pikirlenmek ukyby ýokarlanýar.

♟️Intellektual başarnyk artýar.
Küşt oýnunda adam beýnisiniň iki ýarym şary hem gatnaşýar we logiki we abstrakt pikir bir wagtyň özünde ulanylýar. Mundan başga-da, küşt logikany ajaýyp ösdürýär. Eger oýunçyda küşt tagtasyndaky ýagdaýlara baha bermek mümkinçiligi bolmasa, mundan beýläkki hereketleriň meýilnamasyny pikir etmek mümkinçiligi hem bolmaz. Durmuşda hem edil şol bir zat bolup geçýär: alýan maglumatlarymyzy seljerýäris, maksatlarymyza ýetmäge mümkinçilik berýän ýalňyşlyklarymyzyň üstünde işleýäris. Küşt iň möhüm intellektual başarnyklaryň artmagyna peýdaly täsir edýär. Küşt adamyň ýadyny ösdürýär. Çünki oýunçy indiki ädimlerini ýatda saklamaly, garşydaşyň birnäçe hereketini hasaplamaly, adaty pozisiýalary ýada salmaly. Bularyň hemmesi aşa intensiw intellektual işjeňligi talap edýär. Küşt oýny çagalaryň hem, ulularyň hem aň-düşünjesini ösdürýär. Her bir biperwaý hereket ýa-da goýberilen säwlik bir mümkinçiligiň ýitmegine ýa-da ýeňilmeklige sebäp bolup biler. Küşt oýny adamy kem-kemden terbiýeleýär, tagtadaky ýagdaýy göz öňünde tutup, ädimleriň logiki zynjyrlaryny nädip gurmalydygyny öwredýär. Bu oýun oýunça bar bolan çäklerden geçmäge, gözýetimleri giňeltmäge we çylşyrymly hereketleri döretmäge mümkinçilik berýär.

♟️Ünsli bolmaklyga ugrukdyrýar.
Her oýunçynyň maksady küşt oýnunda garşydaşy ýeňmek, munuň üçin duşmanyň garaşylmadyk hüjümlerinden goranmak, oýnuň iň möhüm pursatlarynda hem tolgunmazlyk we ünsi jemlemek ukyby çaganyň häsiýetine oňyn täsir edýär. Ol isleýän zadyňyza ýetmegiň iň gysga ýoluny tapmak ukybyny ösdürýär. Şeýle hem aň-paýhasy ýiteldip, pikirlenişi güýçlendirýär. Umuman, küşt oýnunyň ynsan üçin, aýratyn hem ýaş ýetginjekler üçin peýdasy diýseň köpdür. Şonuň üçin ýetginjekleri eýýäm çagalykdan başlap küşt oýnamaklyga höweslendirmek geljekde oňyn netijelere getirip biler.


🔵 Kũşt oýny barada gyzykly maglumatlar:

🔹 Küştde 1 oýunyň dowamlylygynda teoriki taýdan iň köp 5870 göçüm amala aşyryp bilner;

🔹 1090-njy ýylda ak we gara küşt tagtasy döräpdir;

🔹 Iň uzyn dowamly küşt oýuny 1989-njy ýylda Belgrad-da bolupdyr. Bu oýun 269 göçümden soň deňe-deňlik bilen tamamlanypdyr;

🔹 Piyonlaryň bir göçümde 2 aw awlap bilmek pikiri 1280 – nji ýylda ispaniýada döräpdir;

🔹 Iki eplenýän kitap görnüşli küşt tagtasyny bir ruhany tarapyndan küşt oýnuna çäklenme getirilmegi bilen oýlanyp tapýar;

🔹 «Şah mat» sözi parslardan gelip çykyp , ol «patyşa öldi» manysyny berýär;

🔹Küşt tagtasynda atyň 122 million göçümi bardyr;

🔹Küşt oýnunyň başlanmagy bilen, iki göçümden soň mat etmegiň sekiz ýoly , üç göçümden soň mat etmegiň 355 ýoly bardyr;

🔹Küşt oýnamak üçin niýetlenen ilkinji kompýuter 1951-nji ýylda Alan Turing tarapyndan döredilipdir;

🔹Ilkinji mehanik küşt sagady 1883-nji ýylda Thomas Wilson tarapyndan döredilipdir. Häzirki döwürdäki sagady bolsa, ilkinji Veenhoff tarapyndan 1900-nji ýylda ýüze çykarylypdyr;

🔹 Dünýä ýüzinde häzirki wagtda 600 000 000 adam küş oýnuny oýnap bilýär;
21
77
senorita
20.09.2023 08:04

Topuň döreýiş taryhy gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýar. Top dürli ýerlerde dürli ýasalypdyr. Mysal üçin, gadymy rimliler haýwan derisini injir miwesinden dolduryp, topuň ýeňil we oýnamak üçin amatly bolmagynyň ýoluny oýlap tapypdyrlar.


Gadymy hytaýlylar bolsa, topy haýwan derisine guşuň ýelegini, haýwan ýüňlerini salyp ýasapdyrlar. Müsürliler top ýasamak üçin alan derileriniň içine guran agajyň gabygyny ýa-da gumdur çäge salmagy adat edinipdirler. Türkmen halkynyň XI asyra degişli ajaýyp edebi ýazuw ýadygärligi «Kowusnama» kitabynyň ýörite bir bölümi, ýagny fazyly «Çöwkan oýny hakynda». Çöwkan oýny atly-abraýly, barjamly adamlaryň at üstünde topy taýak bilen urup, topar bolup oýnaýan oýnunyň ady.


Mälim bolşy ýaly, kitaby ýazan Keý-Kowus öz ogly Gilan şaha çöwkan oýnuny oýnamak bilen bagly atalyk pentlerini ýazypdyr. Munuň özi türkmen halkynda hem topuň gadymdan bäri meşhurdygyna şaýatlyk edýär. Toplaryň birnäçe görnüşi bar: ýagny, futbol pökgüsi, woleýbol pökgüsi, basketbol pökgüsi, tennis pökgüsi, regbi pökgüsi, golf oýnundaky topjagaz we ş.m. Futbol pökgüsi 12 sany gara bäşburçlukdan we 20 sany ak altyburçlukdan ybarat.


Futbol – «Foot» – «aýak» we «ball» – «pökgi» sözlerinden ybarat. Basketbol pökgüsi bolsa narynç reňkde. «Basket» – «sebet» diýmek. Sebäbi bu oýny tapan bedenterbiýe mugallymy Jeýms Neýsmit erik salnan adaty sebedi alyp ýokarda goýupdyr we talyplaryna topy şol sebede salmakda bäsleşik gurapdyr. Bu oýun gysga wagtda meşhurlyk gazanypdyr.


Tennis pökgüsi açyk ýaşyl reňkde bolup, onuň agramy 56,7 gram. Woleýbol sözündäki «woleý» bölegi uçup gelýän topy urmak manyny berýär. Bir ýylda üç ýüz million tennis pökgüsi öndürilýär. Örän güýçli we başarjaň oýunçy golf oýnunda golf pökgüsini 275 metr uzaklyga çenli urmaga ukyply.

16
45
king_tm
13.09.2023 07:40

Meşhur «Forbes» neşiri dünýäniň iň gymmat sport klublarynyň reýtingini yglan etdi. Bu sanawda 7 sany futbol kluby orun aldy.

Top-15 iň gymmat klublar:


“Dallas Kovboys” (NFL) – 9 mlrd dollar;


“Nyu-York Yankis» (MLB) – 7,1 mlrd dollar;


3-4. “Golden Steyt Uorriors» (NBA) – 7 mlrd dollar;

3-4. “Nyu-Inglend Petriots” (NFL) – 7 mlrd dollar;


“Los-Anjeles Rems” (NFL) – 6,9 mlrd dollar;


“Nyu-York Jayents» (NFL) – 6,8 mlrd dollar;


“Chikago Bears” (NFL) – 6,3 mlrd dollar;


“Las-Vegas Reyders” (NFL) – 6,2 mlrd dollar;


9-10. “Nyu-York Niks» (NBA) – 6,1 mlrd dollar;

9-10. ”Nyu-York Jets” (NFL) – 6,1 mlrd dollar;


“Real Madrid” (La Liga) – 6,07 mlrd dollar;


“Vashington Kommanders” (NFL) – 6,05 mlrd dollar;


“Manchester Yunayted” (APL) – 6 mlrd dollar;


“San-Fransisko Forti Nayners” (NFL) – 6 mlrd dollar;


“Los-Anjeles Leykers” (NBA) – 5,9 mlrd dollar.


“Barselona” futbol kluby 18-nji oruny (5,508 mlrd), “Liverpul” 20-nji oruny (5,288 mlrd), “Manchester Siti” 23-nji oruny (4,99 mlrd), “Bavariya” 24-nji oruny (4,86 mlrd) va “PSJ” 36-njy oruny (4,21 mlrd) eýeledi.

19
72
king_tm
08.09.2023 23:15

Olimpiýa oýunlarynyň taryhy 2800 ýyl töweregi bolup, Gadymy Gresiýada oňa gatnaşmak örän abraýly hasaplanylypdyr.


Miladydan öňki 776-njy ýyldan başlap b.e.öň 393-nji ýyla çenli 292 gezek olimpiýa oýunlary geçirilipdir. Şondan soňra 293-nji olimpiýa oýunlaryny geçirmeklik rim imperatory tarapyndan ýatyrylypdyr.


Gadymy grek akyldarlarynyň köpüsi Olimpiýa oýunlaryna gatnaşypdyr. Mysal üçin, grek filosofy Pifagor oňa ençeme gezek söweş sungaty boýunça gatnaşypdyr.


Häzirki zaman Olimpiýa oýunlary XIX asyrda täzeden janlanýar we 1896-njy ýyldan bäri her 4 ýylda bir egzek geçirilýär.


XX asyrda bolsa gyşky olimpiýa oýunlary geçirilip başlanýar. 1960-njy ýylda Paralimpiýa oýunlary döreýär.


XIX asyryň ahurlarynda olimpiýa oýunlarynda bary-ýogy iki sany esasy baýrak bardy we altyn medal düýbünden ýokdy. Ýeňijilerden birinji ýere diňe kümüş medal hem-de däp boýunça zeýtun şahajygy, ikinji ýere bürünç medal berilýärdi. 1912-nji ýyldan başlap bolsa biriniji ýeri eýelänlere altyn medal berlip başlandy.


Olimpiýa oýunlarynyň esasy nyşany bolan bäş sany reňkli halkalar ýer ýüzünde ýaşaýyş bolan bäş sany yklymyny (Antarktidany hasaba almazdan) aňladýar.


Häzirki wagtda olimpiýa oýunlarynyň wagty berk düzgünleşdirilendir. Geçmişde bolsa oýnuň wagty belli sebäplere görä üýtgäp durupdyr. 1900-njy ýylda geçen olimpiýa oýunlary alty aýa golaý wagtlap dowam edip rekord goýupdyr.


Dürli ýyllarda olimpiýa oýunlaryna gatnaşan türgenleriň iň ýaş we iň garry gatnaşyjylarynyň arasyndaky ýaş aratapawudy 62-ä deň. 1900-nji ýylda geçirilen oýunlara gatnaşyjy iň ýaş türgen bary-ýogy 10 ýaşyndaky grek gimnastikaçysy bolup, iň uly ýaşlysy 1920-nji ýylda gatnaşan şwesiýaly türgen hasaplanylýar.


Olimpiýa oýunlarynyň resmi baýdagy 1913-nji ýylda Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan döredildi.


Olimpiýa oýunlarynyň şygary Citius, Altius, Fortius, Communis diýen latyn sözlerinden gelip çykyp, “çalt, ýokary, güýçli, bilelikde” diýmekligi aňladýar.


Olimpiýa oýunlarynyň milli toparlarynyň parady 1908-nji ýyldan bäri geçirilýär.

15
51
king_tm
02.09.2023 12:26

Häzirki zaman tehnologiýanyň tagallasy esasynda, ekstrim sportlaryň (X-Sports) köp görnüşleri döredi. Kuwwatly enjamlaryň kömegi bilen biz fiziki başarnygymyzy has-da ösdürip bilýäris. Ýörite ýyrtylmaýan ýa-da döwülmeýän materiallar bizi howply ýagdaýlarda goraýarlar. Ýöne her näme bolsa-da, biz beýiklige ýa-da tizlige garşy durup bilmän gorkymyza ýeňilýäris. Emma gorka ýol bermän sportuň bu görnüşleri bilen meşgullanýan adamlar unudylmajak pursatlary başdan geçirip bilerler.

Zorbing (Zorb Sferasy)

Zorb – bu diametri 3 metr bolan çişirilýän sferadyr (şardyr). Onuň içinde ýüzlerçe neýlon taýajyklary bilen daşky sfera birikdirilen şar bolup, ol adamyň içine girmegi üçin niýetlenen. Zorbanawtlar (zorbyň içindäki adamlar) beýiklikden togalanyp gaýdanlarynda deňagramlygy ýitirmezler ýaly ýüp bilen bedenleri berk daňylýar.

Tigirli batbörek

Uly batbörekleriň kä halatlarda uly adamlary hem howa galdyryp bilýär. Sürüjiniň aýaklary tigirçege daňylýar. Tizlik we öwrüm diňe batböregi dolandyrşyňa we gapdala agram berşiňe bagly bolup durýar.

Köçe Lugasy

Beýiklikden pese düşýän ýerde sürülip, 115km/s tizlige çenli ýetýän skeýtbordyň (tigirli tagtaň) görnüşine köçe lugasy diýilýär. Lugany ýatan ýeriňde bir gapdala agram berip öwrüp bolýar. Luganyň tizligini peseldip biljek şemalyň garşylygy adamynyň aerodinamiki duruşyna bagly bolup durýar.

Super aýaklar

Super aýaklar adama 3m beýiklige çenli bökmäge we 30km/s tizlige çenli ylgamaga mümkinçilik berýär. Bu tehnologiýa ylham beren itergi kengurularyň aýaklary bolup durýar. Çünki Super aýaklar hem adama özüniň aýna süýmli pružiniň kömegi bilen kengurular ýaly ylgamaga ýa-da bökmäge mümkinçilik berýär.

Banjidan Böküş

Banji – lateks rezin bolup, ol reziniň berk, süýnme derejesi uly bolan, iň berk rezindir. Banjidan böküji aýagyny köprüden asylan lateks rezine daňyp dik aşaklygyna bökýär. Haçan-da banji süýnende ol edil pula oralýan reziniň inçelik derejesine çenli ýetip, böküjini yzyna çekýär. Haçan-da böküşiň tizligi iň soňky derejesine ýetende, ol bir az salym saklanyp, täzeden aşak-ýokaryk birnäçe gezek ýygrylyp ýazylýar.

24
129
dowrann
30.08.2023 22:41

Garaşýan haçan arzuwlara ýetiler

umydym sеn uzakda, ýa-da belki men

ýeñil göründi hemmе zat maña ilkiler

durmuşam maña gerek wagty irkiler

20
70
king_tm
25.08.2023 15:48

Ispaniýanyň zenanlar milli ýygyndysy futbol boýunça dünýä çempionatynyň finalynda Angliýanyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňip, taryhynda ilkinji gezek çempion boldy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň Awstraliýa bilen Täze Zelandiýanyň bilelikde gurnan zenanlar arasyndaky futbol boýunça dünýä çempionaty tamamlandy. Final duşuşygy Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Awstraliýa stadionynda geçirildi.

Final duşuşygynyň ýeke-täk goluny 29-njy minutda Olga Karmona öz adyna ýazydyrdy. Ispaniýanyň hem-de Angliýanyň milli ýygyndylary ilkinji gezek finala çykmagy başardy.

Ispaniýa ABŞ, Norwegiýa, Germaniýa we Ýaponiýadan soňra FIFA tarapyndan geçirilýän dünýä çempionatynda çempion bolup, arzyly kubogy gazanan ýurt boldy.

Dünýä çempionatynda üçünji orny Şwesiýa eýeledi.

Finalda çempion bola milli ýygynda 10 million dollar pul baýragy berildi. Ikinji orny eýelän Angliýanyň pul baýragy 7,5 million dollara deňdir.

Zenanlar arasynda her 4 ýylda bir gezek geçirilýän dünýä çempionaty ilkinji gezek 1991-nji ýylda geçirilip başlandy. Zenanlaryň arasyndaky çempionatda ABŞ-nyň ýygyndysy 4 gezek çempion boldy.

ABŞ-nyň ýygyndysy 1991-nji, 1999-njy, 2015-nji we 2019-njy ýyllarda çempion boldy. 1995-nji ýylda Norwegiýa, 2003-nji we 2007-nji ýyllarda Germaniýa, 2011-nji ýylda Ýaponiýa çempion bolmagy başarypdy.

Bu gezekki dünýä çempionatynda FIFA tarapyndan 110 million dollar milli ýygyndylaryň arasynda paýlandy.

28
84