Küşt oýny tutuş dünýä ýüzünde iň meşhur intellektual oýun hasaplanylýar. Çünki küşt oýnamak intellektual ukyby ösdürýär diýlip hasaplanylýar. Şeýle-de küşt oýny akyl-paýhas, zehiniňi ýiteldýän täsirli oýundyr. Häzirki wagtda bu oýun dürli ýaşdaky adamlar tarapyndan uly gyzyklanma eýedir. Onuň peýdaly aýratynlyklary örän köpdür:
♟️Aragatnaşyk endigini ösdürýär.
Häzirki zaman dünýäsinde aragatnaşyk endikleri esasy rol oýnaýar. Bular adamlara aňsatlyk bilen täze aragatnaşyk gurmak ukybyny, islendik söhbetdeşligi goldamak we gürleşmek ukybyny öz içine alýar. Bu endikler ýaş ýetginjeklikde işjeň küşt oýnuny oýnamak arkaly bilen ösdürilýär. Bu olaryň jemgyýetçilik gatnaşyklaryny giňeldýär, doly hukukly, öz-özüňi beýan etmek üçin täze mümkinçilikleri açýar we iň esasysy, özüňi tanap bilmekligi, özüňe bolan hormaty artýar. Şeýle hem, küşt sapaklary aragatnaşygy pes çagalara izolýasiýany ýeňip geçmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, sözleýiş endikleri işjeň ösýär: çünki oýnuň dowamynda beýniniň dil bilmek we aragatnaşyk üçin jogapkär ýerleri işjeň gatnaşýar. Küşt ýetginjekleriň agressiwligini peseldip, sagdyn bäsdeşlik ruhuna öwrüp biler.
♟️Sagdyn pikirlenmek ýokarlanýar.
Küşt çylşyrymly köp derejeli logika we özboluşly kanunlar we düzgünler boýunça işleýän özboluşly oýun dünýäsine esaslanýan oýun. Emma onuň esasy hadysasy, adaty däl pikirlenmäni işjeň höweslendirmekdir. Mysal üçin, oýunçylaryň biri öz ukyby bilen, garşydaşyň hüşgärligini peseldýär we aýgytly pursatda iki ýa-da üç ädimde küşt tagtasyndaky ýagdaýy düýpgöter üýtgedýär. Mysal üçin, garşydaş üçin duzaklary we garşylyklaýyn hüjümleri taýýarlamak, öz oýun meýilnamalaryňyzy gizlemek we ş.m. Netijede ýetginjeklerde sagdyn pikirlenmek ukyby ýokarlanýar.
♟️Intellektual başarnyk artýar.
Küşt oýnunda adam beýnisiniň iki ýarym şary hem gatnaşýar we logiki we abstrakt pikir bir wagtyň özünde ulanylýar. Mundan başga-da, küşt logikany ajaýyp ösdürýär. Eger oýunçyda küşt tagtasyndaky ýagdaýlara baha bermek mümkinçiligi bolmasa, mundan beýläkki hereketleriň meýilnamasyny pikir etmek mümkinçiligi hem bolmaz. Durmuşda hem edil şol bir zat bolup geçýär: alýan maglumatlarymyzy seljerýäris, maksatlarymyza ýetmäge mümkinçilik berýän ýalňyşlyklarymyzyň üstünde işleýäris. Küşt iň möhüm intellektual başarnyklaryň artmagyna peýdaly täsir edýär. Küşt adamyň ýadyny ösdürýär. Çünki oýunçy indiki ädimlerini ýatda saklamaly, garşydaşyň birnäçe hereketini hasaplamaly, adaty pozisiýalary ýada salmaly. Bularyň hemmesi aşa intensiw intellektual işjeňligi talap edýär. Küşt oýny çagalaryň hem, ulularyň hem aň-düşünjesini ösdürýär. Her bir biperwaý hereket ýa-da goýberilen säwlik bir mümkinçiligiň ýitmegine ýa-da ýeňilmeklige sebäp bolup biler. Küşt oýny adamy kem-kemden terbiýeleýär, tagtadaky ýagdaýy göz öňünde tutup, ädimleriň logiki zynjyrlaryny nädip gurmalydygyny öwredýär. Bu oýun oýunça bar bolan çäklerden geçmäge, gözýetimleri giňeltmäge we çylşyrymly hereketleri döretmäge mümkinçilik berýär.
♟️Ünsli bolmaklyga ugrukdyrýar.
Her oýunçynyň maksady küşt oýnunda garşydaşy ýeňmek, munuň üçin duşmanyň garaşylmadyk hüjümlerinden goranmak, oýnuň iň möhüm pursatlarynda hem tolgunmazlyk we ünsi jemlemek ukyby çaganyň häsiýetine oňyn täsir edýär. Ol isleýän zadyňyza ýetmegiň iň gysga ýoluny tapmak ukybyny ösdürýär. Şeýle hem aň-paýhasy ýiteldip, pikirlenişi güýçlendirýär. Umuman, küşt oýnunyň ynsan üçin, aýratyn hem ýaş ýetginjekler üçin peýdasy diýseň köpdür. Şonuň üçin ýetginjekleri eýýäm çagalykdan başlap küşt oýnamaklyga höweslendirmek geljekde oňyn netijelere getirip biler.
🔵 Kũşt oýny barada gyzykly maglumatlar:
🔹 Küştde 1 oýunyň dowamlylygynda teoriki taýdan iň köp 5870 göçüm amala aşyryp bilner;
🔹 1090-njy ýylda ak we gara küşt tagtasy döräpdir;
🔹 Iň uzyn dowamly küşt oýuny 1989-njy ýylda Belgrad-da bolupdyr. Bu oýun 269 göçümden soň deňe-deňlik bilen tamamlanypdyr;
🔹 Piyonlaryň bir göçümde 2 aw awlap bilmek pikiri 1280 – nji ýylda ispaniýada döräpdir;
🔹 Iki eplenýän kitap görnüşli küşt tagtasyny bir ruhany tarapyndan küşt oýnuna çäklenme getirilmegi bilen oýlanyp tapýar;
🔹 «Şah mat» sözi parslardan gelip çykyp , ol «patyşa öldi» manysyny berýär;
🔹Küşt tagtasynda atyň 122 million göçümi bardyr;
🔹Küşt oýnunyň başlanmagy bilen, iki göçümden soň mat etmegiň sekiz ýoly , üç göçümden soň mat etmegiň 355 ýoly bardyr;
🔹Küşt oýnamak üçin niýetlenen ilkinji kompýuter 1951-nji ýylda Alan Turing tarapyndan döredilipdir;
🔹Ilkinji mehanik küşt sagady 1883-nji ýylda Thomas Wilson tarapyndan döredilipdir. Häzirki döwürdäki sagady bolsa, ilkinji Veenhoff tarapyndan 1900-nji ýylda ýüze çykarylypdyr;
🔹 Dünýä ýüzinde häzirki wagtda 600 000 000 adam küş oýnuny oýnap bilýär;