Badminton sportuň irki görnüşleriniň biri hasaplanýar we Gadymy Gresiýada, beýleki Ýewropa döwletlerinde, Ýaponiýada we Hindistanda meşhurlyk gazanyp ugraýar.
XIV asyrda badmintonyň has-da kämilleşdirilmegine tarap saldamly ädim ädilýär, ýagny şol döwürde ýaponlar badmintonda häzirki wagta çenli peýdalanylýan raketkalary oýlap tapypdyrlar.
1872-nji ýylda Beýik Britaniýada badminton oýny häzirki döwürdäki görnüşine gutarnykly şekilde eýe bolýar. 15 ýyl mundan soň, 1877-nji ýylda badminton oýuny söýüjileriň ilkinji klub gurnagy, ýene-de birnäçe ýyldan bolsa Badminton boýunça dünýäde ilkinji assosiasiýa döredilýär.
1905-nji ýyly badminton oýnunyň ösüş taryhynda aýgytlaýjy sene hasaplap bolar, çünki şonda, birinjiden, bu oýnuň kadalaýyn ýörelgeleri işlenip taýýarlanýar we ykrar edilýär; ikinjiden bolsa, Beýik Britaniýanyň badminton oýny boýunça birinjiligi almak ugrundaky çempionatlary yzygiderli geçirilip ugraýar.