flowers_
26.05.2025 03:00
DUÝGULY DÜNÝÄ
Ýyllara meňzetdim, ezizim, seni,
Hut şolar deý geçip gitdiň deňimden.
Ýüregime ýagan garlar eredi
Ýa söýgiňden, ýa-da otly demiňden.
Berjaý edip söýgiň talaplaryny,
Kimligiňi tanatmadyň, ah, neçüýn?!
Gördüm diňe oňat taraplaryňy,
Tikensiz güllerem bolýar ahbetin.
Goýup giden yzlaryňda, dözmezim,
Söýgiň ýylan bolup daşym orap dur.
Şol yzlarda balkyldadyp gözlerin,
Günäkär çaga dek düýnüm garap dur.
Barkaň unudypdym asmanda Aýy,
Bu gün bolsa senden daşlaşmak gerek.
Seni unutmakçy boldugym saýy
Aglaýar, ýene-de aglaýar ýürek.
Bilmän unutjagmy, unutmajagmy
Boşadyp gideňsoň ýüregmiň törün,
Ahmyr bilen ýatlap gyzgyn gujagňy,
Duýguly dünýämde aýlanyp ýörün.
Belki-de dönersiň yzyňa dünýäm...
Meniň salgym: köne Duýguly Dünýä.
Mukam Muhamow.
8
85
flowers_
25.05.2025 23:17
Ýagyş çisňäp dur çalaja, gum-gukluk,
Düýnki pişigem ýok lapym keç eden.
Göýä häzir saç däl, beýnim ezilýär,
Pikirlemem akyp barýar köçeden.
Goý, aksynlar, häzirlikçe derkar däl,
Goý, gitsinler, ýerlemäge ýer taýyn.
Öz-özüme başym yrap, hä diýip,
Aýdyp barýan, Ezizowyň “Serpaýyn”.
Gulagymda bolsa türküçe aýdym,
Gözlerimde Pikassonyň suraty.
Ruhum asman sary äkidip barýar,
Fantastika!
Sumrug guşuň ganaty.
Barlyk şowhun, a men ony söýýärin,
Ýöne şu hal zaryn çekýän özgäniň.
Häzir ýagdaýymy soramaň menden,
Men barybir size ýalan sözlärin.
Maksatmyrat Çaryýew
6
48
awadan
25.05.2025 20:38
Hakyky söýgi ( Bolan waka esaslandyrylyp ýazylan) 1-nji bölüm
Mundan iki aý öñ bir obada şeýle waka bolýar. Bir gyz bilen bir oglan birek birege göwün berip bir birlerin çyn ýürekden söýýär ekeni. Günleriñ birinde gyz söýýän oglanyndan habar almak isläpdir. Muny oglanyñ bir dostundan haýys edipdir oglanadan habar tutmagyny haýyş edipdir. Gyz oglandan habar gelmegine esli wagtlap garaşypdyr aradan bir hepde geçenden soñra ýañky oglanyñ dosty gelip gyza bir habar getirýär. Ýöne bul habar öran gynançlydy we muny gyza nädip aýtjagyny bilmändir. Gyz oglanyñ dostundan sorapdyr men söýen ýarymadan ne habar, ne halda, ne ýagda aýdaý oglan aradan geçen bir hepde men ýüregimde geçen bir asyr boldy a sen bolsa gelipde ýeke söz sözlämäni dursuñ! Ýañky oglan söze şýle başlaýar:
Seniñ söýeniñ aýdan sözlerin men dilim baranak dostumdan sana şeýle habar bar ýöne
Bagda açan gyzyl gülüm
Men terk eýläp gidip baryan bu jahandan,
Halymdan halarsyñ bir habar hatyr ,
Ýöne men bu jahany terk eýläp barýan,
Bu sözler eşdip gülüm aglarsyñ,
Agla gülüm ýöne şul sebäpden agla.
Söýenim men terk etdi diýip däl,
Söýenimden aýra düşdüm diýip agla.
Söýenim ýeke goýdy diýip däl,
Söýenimiñ güli soldy diýip agla.
Diýip sözlerin tamamlaýar we gyzyn şol bada gözünden ganly ýaş akýar. Oglanyñ dosty ganly ýaşlary görüp aljyrap näme etjegin bilmeýär. Gülzada sana näme boldy diýip soraýar. Gyzyn oglana jogap bermän öýe gelyär.
Öýe gelende gyzyñ halyny ejesi görýär we gyzyndan soraýar. Gyzym senin haly niçik gyzym gözlenden akýan ýaşlar näme gyzym bul hala salan zad näme diýip gyzyna ýüzlenýär. Gyzy ejesine esli wagtlap jogap bermän gezýär , emma şol gyzyn gözündäki ganly ýaşlar akmasyny bas etmeýär. Ejesi gyzy uly alada etýär. Gyzy ne iýýärdi , ne içýardi, nede wagtynda ukusyn alýardy onun gözüñ dyngysyz ganly ýaşlarynyñ sebäbini bilmekçi bolup gyzyna kop soraglar berýärdi. Ýöne gyzy bul sorglaryn hiçisine jogap bermeýardi. Dolanaý gijesi bul gyz galmaz hasalyga satýar. Gyz galmaz hassa bolup 3 ýatýar. Ejesi gyzyna gije gündiz gynanyp derdine çäre tapjak bolup uly aladalar etýär. Gyzyny dünýäniñ köp ýerine alyp gitýär, emma gyzyn derdine çäre tapylmaýar. Ejesi gyzyndan soñky gezek ýene soraýar gyzym sen ne üçin bu halda diýip.
Gyz:
Ejejana ejajan kalbymyñ ýeke söýeni bardy ony menden aldylar açylmadyk gülüm soldy gören gözlem gan aglaýar eje men derdimiñ dermany ýeke sol eje ony menden aldylar men bu dünýäde ýaşamaga sebäbimdi eje ol diýýär.
Dowam bar ☘️
11
135
awadan
25.05.2025 12:32
Duýgur göwnüň küýsegi 11-nji bölüm SOŇY
Özüm ondan gowy görülýändirin diýen pikir bar küýümi alypdy. Sesimi çykarman, Aýnur ahyrynda ýüregime melhem boljak şol sözi aýdar diýip, ondan gözümi aýyrman seredýärdim.
— Näme üçin toý etmediňiz?
Men nähilidir bir ýakymly söz eşitmelidim. Bu göwnümiň islegidi.
— Ol düýbünden başga adam ekeni. Men ony tanaman, bilmän gowy görüpdirin. Hat-da onuň bilen toý etmäge razylyk hem berdim.
Rüstem bolmak pikiri başymy alanyndanmy:
— Saňa näme diýdi? Göwnüňe degdimi? — diýdim, gaharyň ýüregime kürsäp urmasy şol pursat özüme-de geň görnüpdi, barha ekezlenip, sesimem endiredi.
— Nirede şol Aşyr? Meň bilen gürleşdirsene şony. Hany, Aşyr?
Aýnuruň garaýşyndaky geňirgenme şol pursat ýüregimdäki harasaty ýom-ýok edipdi.
— Indi giç, Aşyr ýok. Neressäniň ömri gysga ekeni.
— Näme boldy oňa. Bagyşla, Aýnur!
Men boýnumy aşak saldym.
— Ýüreginde dogabitdi bir kemçilik bar ekeni, ahyrynda bir günem…
— Lukmanlar… — Men oňa nämedir bir zatlar diýmekçidim. Aýnuruň bagtly bolmagyny isleýärdim.
— Ejem maňa Aşyry ýatlasam: «Ajaly ýetene alaç ýokdur» diýýär. Hassahanada ýatyrka, onuň ýanyna her gün barmalydym, ýagdaýyny soramalydym. Ejap etdim. Ol ýogsam her gün meni soraýan ekeni. Indi ökünýärin, soňuna çykyp bilemok.
Aýnuruň gözünde ýaş düwmelendi. Men ýerimden silkinip galdym.
— Aglamaň!
Meniň bu sözüm ony özüne getiren ýaly etdi.
— Şu zatlary ýatlamaýyn. Siz özüňiz hakynda köp zat gürrüň bereniňizden soň, menem aýdaýyn diýdim. Indem özüme gelip bilemok. Ýüregim ýalňyz. Ýanymda ejem bar, kakam, doganlarym daşymy gallap durlar. Gowy görýän adamyňy ýitirmek gaty erbet hasrat ekeni.
Ol ýene öňküsi ýaly ýylgyrmaga çalyşdy.
— Siz bagtly bolmaly gyz.
Meniň ony köşeşdiresim, gowy, mähirli sözleri aýdasym gelýärdi.
— Siz maňa durmuşa çykyň, men size ömür wepaly bolaryn. Sizi aýap saklaryn.
Böwet ýarylan ýaly bolup, dilimdäki ähli sözler aýdyldy…
Hawa, şeýdibem men Aýnura öýlendim…
Taňrymyň maňa şeýle bagty miýesser edendigine häzirem begenýärin. Bu ylahylykdyr.
Meniň halaýan gyzymyň Aýnurdygyny bilenlerinde bolsa, Aýgül gelnejem bilen Çary kakam sözaýdyjy gitmäge, tizräk garyndaşlyk açmaga howlukdylar. Mellegimizde soňky ekilen üzümler hem bu ýyl hasyl görkezip başlapdy. Çary kakamyň şolary görüp, egninden agyr ýük aýrylan ýaly, ýüki ýeňledi. Aýgül gelnejem ikisi toýuň şaýyny tutup başlady.
Men şol ýyl uniwersitetiň matematika bölümine okuwa girdim. Şol günlerden Aýnur bilen birleşen ykbalymyzyň taryhy başlandy. Ençeme ýyldan soň öýümiz ýene gelşigine geldi. Öýümiziň diwarlary gülküden hem şatlykdan ýylylyk tapýan ýaly, täzelendi. Onuň diňe tamymyzyň içini-daşyny abatlap, düşekleriniň täzeje bolandygy üçin däldi…
…Ertesi irden ýene öňkülerimiz ýaly «Sag-aman ördüňizmi?» gepleşigi ukudan oýardy.
Men süýji ukudan ýatan Aýnurumdan gözümi aýryp bilmän oturyn. Onuň diňe bir sesi däl, dem alşy hem meniň üçin bir zatlary aňladýar.
Şu günki ýaýlymda onuň sesinde nähilidir bir ünji bardygyny duýdum.
Şony welin alada edýärin.
Penjireden mellegimizdäki garaluw ýaly üzümler bulduraşyp görünýärdi…
Bägül ANNABAÝEWA
SOŇY...
9
56
awadan
24.05.2025 23:17
Duýgur göwnüň küýsegi 10-nji bölüm
Men özümiň dyngysyz gepläp duranymy, Aýgül gelnejemiň geňirgenip seretmesinden bildim. Inim Aýnur hakda gepleýänimi halamaýardy. Meniň bolsa, öz maksadym bardy. Şonda:
— Aýnur bilen okuwa girmek hakda maslahatlaşaýjakdym welin, şähere gidäýeýin?! — diýdim.
— Okuwa?
Çary kakam geň bir söz eşiden ýaly, maňa öwelip seretdi.
— Okuwa girjegiň-ä gowy. Kim boljak?! Merdan jan ýaly alymmy?! Ýa Merjen pahyryň ugruny saýladyňmy?!
Kakam bilen ejemiň ady tutulandan, ýüregim gyýlyp gitdi. Meniň okamagym öz mähribanlarymyň ruhuna hormatymdy, okap olara doga edýändigime ynanýardym.
— Takyk ugur öz-ä, görerin-dä.
Men heniz nähili okuw mekdepleriniň bardygynam doly bilemokdym.
— Şähere gidenimizde «Takyk ylymlar» diýip ýazylgy ýeriň ýanyndan geçýärdik.
Ertesi irden Çary kakamyň özi meni ýola saldy. Ulagy bilen duralga çenli getirdi, inimi hem ýanyma goşup goýberdi. Soňam esli salym yzymyzdan seredip durdy.
Biziň keýpimiz kökdi. Şähere gelenimizden soň, seýilgähiň ýanynda Aýnur bilen görüşmelidik. Kiçeňräjik tegelek aýmançadaky stola elini diräp oturan Aýnuruň şol sypaty ömrem göz öňümden gitmez. Ol bizi gördi-de, ýylgyrdy. Men bolsa, onuň nämedir bir zat diýip özümize habar gataryna garaşýardym. Ädimim hem şol pursat haýallady. Onuň:
— Tüweleme! Siz uly oglan bolupsyňyz — diýen sözüne Serdar ikimiz biri-birimize seredişdik. Onuň hem örän gowy gyzdygyny aýdasym gelýärdi. Dilimden daş asylan ýaly aýdyp bilmeýärdim.
Biz oturdyk. Inim ynjalyksyzdy, bir zat aýtmagyň ebeteýini tapmaýana meňzeýärdi.
— Seýilgähi göresiň gelýärmi?
Men muny inim üçin ýöne oturmagyň gyzyksyz boljagyny aňanym üçin aýdypdym. Soň Aýnur ikimiz galdyk.
— Şu ýyl mekdebi tamamlaýaňyz-da onda?
Meniň gepläsim gelenokdy. Onuň ýanymdadygyny duýup, köp wagtlap oturasym gelýärdi. Geplemesemem Aýnur ýanymdan gider öýdüp hem janym çykyp barýardy.
— Neme, men şu ýyl okuwa girmeli, mekdebiň soňky ýylynda şu wagt. Matematikany erbet göremok. Edebiýatdan bäsleşige gatnaşanymda ýer aldym, şonda hekaýa ýazdym. Siz hakda-da ýazdym.
Men başly-baratsyz bir zatlar diýdim. Edebiýatdan bäsleşikde ýazanym ýogsam ejem jan hakyndady.
— Be-e, «Aýnur» diýen tema barmydy?!
Aýnuruň gözleri ýylgyrdy. Men ýedi gat Asmana çykan ýaly bagtlydym. Ol ýylgyrar ýaly söz tapanym üçinem bagtlydym.
— Siz alypbaryjylygy gowy gördüňizmi?
Men ol hakynda köp zat bilesim gelýärdi.
— Ýok-la, menem edil seniň ýaly, tötänden şu ýere geldim.
Men şonda oňa ilkinji gezek dikanlap seretdim.
Gyz meni ünsli diňleýärdi.
— Size şeýle bir seredesim gelýär. Gözlerime siňip gitseňiz, menem öýe baranymdan soň, şol gözümde galan Aýnur bilen ýaşasam…
Indi men oňa seretmeýärdim, gözüm ýerdedi. Munuň soňunyň nähili gutarjagy akylyma syganokdy.
— Ikimiziň näçe ýaş tapawudymyzyň bardygyny ýatladaýynmy ýa-da özüňem bilýärmiň?!
Aýnuruň sesi galagopludy.
Hawa, şondan soň çynlakaý tanyşlygymyz başlandy. Aýnur özüniň mekdebi tamamlan badyna, alypbaryjy edilip işe çagyralanyny, soň hem dil ugrundan okandygyny gürrüň berdi.
— …Ol meni şeýle bir gowy görýärdi, bir minut görmese, ýüregi ýarylyp barýardy — diýip, gürrüň berip başlady welin:
— Onuň söýgüsi meniňkiden güýçlüdir öýdýärmiň? — diýip, şu sözüň nädip dilimden sypanyny özümem bilemok. Aýnur başyny atdy.
— Seň bilen Aşyryň tapawudy örän uly.
Dowamy bar ☘️
8
43