https://owrenmeli.app/74848-duguly-dn.html#comment
flowers_
26.05.2025 03:00
DUÝGULY DÜNÝÄ
Ýyllara meňzetdim, ezizim, seni,
Hut şolar deý geçip gitdiň deňimden.
Ýüregime ýagan garlar eredi
Ýa söýgiňden, ýa-da otly demiňden.
Berjaý edip söýgiň talaplaryny,
Kimligiňi tanatmadyň, ah, neçüýn?!
Gördüm diňe oňat taraplaryňy,
Tikensiz güllerem bolýar ahbetin.
Goýup giden yzlaryňda, dözmezim,
Söýgiň ýylan bolup daşym orap dur.
Şol yzlarda balkyldadyp gözlerin,
Günäkär çaga dek düýnüm garap dur.
Barkaň unudypdym asmanda Aýy,
Bu gün bolsa senden daşlaşmak gerek.
Seni unutmakçy boldugym saýy
Aglaýar, ýene-de aglaýar ýürek.
Bilmän unutjagmy, unutmajagmy
Boşadyp gideňsoň ýüregmiň törün,
Ahmyr bilen ýatlap gyzgyn gujagňy,
Duýguly dünýämde aýlanyp ýörün.
Belki-de dönersiň yzyňa dünýäm...
Meniň salgym: köne Duýguly Dünýä.
Mukam Muhamow.
8
88