flowers_
25.05.2025 23:17

Ýagyş çisňäp dur çalaja, gum-gukluk, 
Düýnki pişigem ýok lapym keç eden.
Göýä häzir saç däl, beýnim ezilýär,
Pikirlemem akyp barýar köçeden.

Goý, aksynlar, häzirlikçe derkar däl,
Goý, gitsinler, ýerlemäge ýer taýyn.
Öz-özüme başym yrap, hä diýip,
Aýdyp barýan, Ezizowyň “Serpaýyn”.

Gulagymda bolsa türküçe aýdym,
Gözlerimde Pikassonyň suraty.
Ruhum asman sary äkidip barýar,
Fantastika!
Sumrug guşuň ganaty.

Barlyk şowhun, a men ony söýýärin,
Ýöne şu hal zaryn çekýän özgäniň.
Häzir ýagdaýymy soramaň menden,
Men barybir size ýalan sözlärin. 

Maksatmyrat Çaryýew

6
49
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.