zolushka
21.11.2022 20:19
Enesiz bu durmuş geýdirer kepin,
Gözüňe dürtiler dikeni çetiň,
Eneler ýaşasyn ýeriň ýüzünde,
Hatda duşmanyňam galmasyn ýetim!
18
56
zolushka
21.11.2022 00:15
Gyzlaryň halaýan 3 sesi
1 Ejesiniň gülüşi
2 Guşlaryň saýraýşy
3 pasudany başga biriniň ýuwup duran sesi...🙈

🍃☘️🍃☘️🍃☘️🍃☘️🍃☘️🍃☘️🍃☘️🍃☘️🍃☘️

Öň gowudy köp ýazýady, häzir üýtgäpdir ýazanok😔
Borlaý ertir täze ruçka alaryn😆

☘️🍃☘️🍃☘️🍃☘️🍃☘️🍃☘️🍃☘️🍃☘️🍃☘️🍃

👸🏻 Nirde sen? Daşarda diýseň öldürerin😡
🤴 Öýde däl men😅😜

🍃☘️🍃☘️🍃☘️🍃☘️🍃☘️🍃☘️🍃☘️🍃☘️🍃☘️

Owodan gyzlaryň ady şu harplar bilen başlaýan eken
M,A,K,E,U,P🙈

☘️🍃☘️🍃☘️🍃☘️🍃☘️🍃☘️🍃☘️🍃☘️🍃☘️🍃

Bir zenan "Bääş minutdan taýyn bolaryn" diýse taýyn bolar.Ony her ýarym sagatdan "Tiz bol!" diýil gussamak gerek däl..


33
408
zolushka
20.11.2022 09:16
6.2003-nji ýylda stoluň üstünde oýnalýan tennis federasiýasynyň karary esasynda tennis topunyň diametri 2 millimetr ulaldyldy. Netijede oýun wagty topuň tizligi 15% peseldi. Bu karar muşdaklaryň telewizorda oýna tomaşa edeninde kynçylyk çekmezligi üçin çykaryldy.
7.Towşanlar we kengurular (näçe haýal hereket etseler-de) ädimläp ýöräp bilmeýärler, olar diňe bökýärler.
8.Sygyry basgançakdan ýokarlygyna mejbur edip mündirip bolýar, ýöne ýokarydan aşaklygyna düşürip bolmaýar.
9.Däneli ösümlikleriň içinde iň hasyllysy mekgejöwendir. Bugdaýyň bir sümmülinde adatça 30 däne bolýar, mekgejöweniň bir başynda bolsa müňe golaý däne bolýar.
10.Ýer şarynyň ilatynyň ýarysyndan köpüsi hiç haçan gary görmedikdir.
11.Hytaýda iňlisçe gürleýän adamlaryň sany Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndakydan kändir.
19
137
zolushka
20.11.2022 01:00
1.Dünýädäki iň uly garynja Merkezi Afrikada ýaşaýan “Dorylus” garynjalary bolup, olaryň bedeniniň uzynlygy 3 santimetre ýetýär. Iň kiçi garynja Braziliýada ýaşaýan “Mycetophylax” garynjasy bolup onuň uzynlygy 1 mm-den geçmeýär.
2.1983-nji ýylda meşhur iňlis ýazyjysy Barbara Kartlend bir ýylyň dowamynda 23 roman ýazdy. Ol bu üstünligi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Onuň ömrüniň dowamynda ýazan kitaplarynyň sany bolsa 600-den
3.1958-nji ýyldan bäri haýwanlaryň we ösümlikleriň ýitip barýan görnüşleri girizilýän Gyzyl kitapdan başga-da, Gara kitap hem bar. Gara kitaba adamlaryň weýran ediji hereketleri sebäpli Ýer ýüzünden ýitip giden ösümlikleriň we haýwanlaryň sanawy girizilen.
4.Dmitri Iwanowiç Mendeleýew “Himiki elementleriň periodik tablisasyny” hakykatdan hem düýşünde görendigini tassyklaýar. Ýöne Mendeleýew düýşündäki maglumatlary kagyz ýüzüne geçirmek üçin ömrüniň 25 ýylyny sarp etdi.
5.Nýutonyň kellesine gaçan alma hakynda Wolter Nýutona bagyşlap ýazan oçerkinde aýdypdyr. Nýutonyň özi bu wakany hiç haçan aýtmandyr.
20
180
zolushka
19.11.2022 15:34
“ Hiç kim leňňeje göni ýöremegi öwretmez”.
Aristotel
Her garaýşyň arkasynda bir pikir, her gijäniň arkasynda bolsa bir gündiz bardyr.
Her ýoklukdan bir barlyga, her päsgelçilikden bir mümkinçilige ýol açyp bilersiňiz.
Kynçylyklarňyzdan ders almagy başaryň. Işsizlik-güýçsizlikdir, mätäçlikdir, açlykdyr,
dertlilikdir, terk edilişdir, çäresizlikdir, ejir çekdirmek we ejir çekmekdir. Hiç kim işsiz
galmak islemez emma galaýanyňda-da çäresini gözlemek zerurdyr.
11
49
zolushka
18.11.2022 23:59
Seniň puldan başga bilýän zadyň ýok,
Pikiriňiz zikiriňiz pul, pul ýene pul.
Bolmasada bizde gul diýilýän zat
Sen gul! Haram pulyň elindäki gul!
K. Gurbannepesow.
17
80
zolushka
zolushka
17.11.2022 22:52
Wagt iň gowy synagdyr... Çyn we päk bolan duýgylara wagt täsir ýetirip bilmez Wagt diňe gözellige bolan höwesiň ejizdigni görkezýär!.
zolushka
zolushka
16.11.2022 21:46
Täze dogulan kirpijik🦔
zolushka
zolushka
15.11.2022 17:54
Ýüregňize artyk agramy salmaň, Geçirimli bolup unduň kä zady. Bir pursatlyk kinä bir ýyllap solmaň, Boluň mydam bagtly günleň şaýady. Şanazar Hydyrow.
zolushka
zolushka
13.11.2022 21:17
Siz bu barada nähili pikir etýärsiňiz?