zolushka
20.11.2022 01:00
1.Dünýädäki iň uly garynja Merkezi Afrikada ýaşaýan “Dorylus” garynjalary bolup, olaryň bedeniniň uzynlygy 3 santimetre ýetýär. Iň kiçi garynja Braziliýada ýaşaýan “Mycetophylax” garynjasy bolup onuň uzynlygy 1 mm-den geçmeýär.
2.1983-nji ýylda meşhur iňlis ýazyjysy Barbara Kartlend bir ýylyň dowamynda 23 roman ýazdy. Ol bu üstünligi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Onuň ömrüniň dowamynda ýazan kitaplarynyň sany bolsa 600-den
3.1958-nji ýyldan bäri haýwanlaryň we ösümlikleriň ýitip barýan görnüşleri girizilýän Gyzyl kitapdan başga-da, Gara kitap hem bar. Gara kitaba adamlaryň weýran ediji hereketleri sebäpli Ýer ýüzünden ýitip giden ösümlikleriň we haýwanlaryň sanawy girizilen.
4.Dmitri Iwanowiç Mendeleýew “Himiki elementleriň periodik tablisasyny” hakykatdan hem düýşünde görendigini tassyklaýar. Ýöne Mendeleýew düýşündäki maglumatlary kagyz ýüzüne geçirmek üçin ömrüniň 25 ýylyny sarp etdi.
5.Nýutonyň kellesine gaçan alma hakynda Wolter Nýutona bagyşlap ýazan oçerkinde aýdypdyr. Nýutonyň özi bu wakany hiç haçan aýtmandyr.
20
180
aymekel
20 Noýabr 2022
Arylar barada maglumat beraýyn
olia
20 Noýabr 2022
Gara kitap Gyzyl kitapdan ulydyr onda
ideallider
20 Noýabr 2022
Diýmek 5 feýk maglumat barada👍
gulshatayewa97
20 Noýabr 2022
1 ýylda ýazylan 23 romanyň hemmesi many mazmunlymyka🤔
SerdarMyradov
20 Noýabr 2022
like👍👍🐧
atakulyyewa_humay
20 Noýabr 2022
👍👏👍👏👍👏🐨
Marýam
20 Noýabr 2022
Bilemokdym gyzykly maglumatlar eken🙃👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.