Ownujak zatlary agzap durmalyň.
Aýlar geçip, ýyllar aýlanyp dursun.
Toýlar toýa, ýaslar ýasa meňzesin
Ak gün depämizde sallanyp dursun.
Her paslynyň ýagdaýy-rejesi bar.
Her zadyň özüniň derejesi bar.
Adamyň agy bar, garajasy bar,
Ýagşylar ýamandan saýlanyp dursun.
Meň kemimi öz içinde saklan däl,
Görüp durus, her diplomly lukman däl.
Bileňokmy-bilýän diýmek hökman däl.
Bilmeýän bilýänden öwrenip dursun.
Ýap boýunda tallar yransyn herýan,
Sülmüresin deňiz, çyrpynsyn derýa.
Sepilen tohumlar bolmasyn yrýa,
Ýaýlalar ýagmyrdan suwlanyp dursun.
Öý öýdür üzügi, durlugy bilen,
Adamy tanarlar ýerligi bilen,
Säheriň çygy dek terligi bilen,
Gyz çyksyn, ýigitler öýlenip dursun.
Ogullarmyz ata ýumşun bitirsin,
Her kes diňe öz ornunda otursyn,
Gelen özi bilen döwlet getirsin,
Gidenler yzyna köwlenip dursun.
Ýigit ýalnyz dogulmasyn dörände,
Hossar bolsun, dost ýar bolsun degräňde,
Bili guşap bir tarapa ugraňda,
Işimiz mydama şowlanyp dursun.
Biderek gitmesin berlen öwütler,
Goý yetişsin garga däl-de, bürgütler,
"Häh!" diýeňde "Mäh!" diýäýjek ýigitler,
Çapyljak at ýaly şaýlanyp dursun.
Bolsa-da adamlar beýikli-pesli,
Maýda-ha bolmandyr türkmeniň asly,
Oguz hanyň yzy, göroglyň nesli,
Ownama how, murtuň towlanyp dursun.
B.Hudaýnazarow