Köp janly görnüşler üçin ýaşaýyş üçin esasy ýer bolup hyzmat edýän uly we çuň ummanlar syrlardan doly. Ummanlar taryhy döwürlerden bäri adamzadyň ünsüni özüne çekip gelýär. Hat-da ummanlaryň täsir galdyryjy we syrly gurluşy, dünýä belli alymlary hem oýa batyryp gelýär. Ummanlar hakda henizem jogapsyz soraglar örän kän.
Ummanlar baradaky käbir gyzykly maglumatlar:
- Ýagtylyk diňe ummanyň üstünden 200 metr çuňluga düşüp biler. Ummanlarda 200 metrden aşakda garaňkylyk höküm sürýär;
- Ummanlaryň 95%-i entek doly açylmadyk. Gözleg yzygiderli dowam etse-de, ululyklary sebäpli ummanlaryň diňe 5%-i doly öwrenildi;
- Ummanlarda gözlegleri kynlaşdyrýan iň möhüm faktorlaryň biri, suwuň basyşydyr. Sebäbi soňky tehnologiýalar hem birnäçe kilometr çuňlukdan soň öz işini bes edýär;
- Ummanlar janly bakteriýalardan doly. Köpüsi zyýansyz. Ýöne ummanda adamlara zyýanly bakteriýalar we wiruslar has köp;
- Gynansagam, ummanlarda millionlarça tonna zibil we galyndy bar. Aslynda zyýanly bakteriýalaryň köpelmegine şu hapalar we galyndylar sebäp bolýar;
- Ummanlar görnüşi ýaly asuda däl. Munuň tersine, olaryň gorkunç sesleri bar. Näçe çuňluga gitseň, sesler şonça-da gaty eşidilýär;
- Ummanlarda 20 million tonnadan gowrak altyn bar;
- Ummanlar alýan kislorodymyzyň takmynan 70% -ini öndürýär.
Begençmyrat PÄLWANOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.