yurek
21.02.2024 12:16
Yaz gûnleriniñ bir guni men oz halasyan gyzym bilen gezelenc etmegi yuregimize dûwdûk, ertesi gûni gezelenc etmek ucin naharhanalaryñ birine baryakak óñûmizden bir gelin masgala cykdy.Ol mana seylebir icgin seretdi hamana meniñ bilen bir syrly meselesi bar yalak,hatda gecip giden soñ hem yzyna gañrylyp - gañrylyp seredyar, men hem seretdim welin soygûlim " Nama seredyañ" diydi- de elime kakyp goywerdi.Soñra naharlandyk yene-de aylandyk.Mayany oylerine ugratdym.Ertesi gûn irden dayym gelip "Yegen eliñ bosmy, bos bolsañ sahere magazine gidip gelelile, masyna bir say almaly diydi men gûrrûñi bolmaz dayy onuñ hazir geyineyin diydim.Soñ dayym bilen sahere baryarkak yagys yagyp baslady.Saherin gyrarak koceleriniñ birinde gidip baryarkak bir, eli cagaly gelin masgala yagysa ezilip elini galdyryp duran ekeni.Men hem yagysa ezilmesin barjak yerine yol ugry bolsa taslayaryn diydimde yanky geliniñ yanynda durdum,górsem duynki icgin seredip gecen gelin " Gayrat ediñ meni balnidsa taslayy!da hayys sizden cagajygym yaranok gayrat ediñ" diyip seylebir ozelenip yalwaryar gorguli, bizem ugrumuza dal dogan, bolya mûnûñ taslap gaydayarysda diydik.Sonra hassahana bardyk welin yanky gelin " Bir minutjyk saklayyñda balajygymy men hajathana girip cykayyn " diyip oglanjykmy gyzjagazmy bilmeyan cagajygynyñ yuzunden tayly ogsap bize goyup gitdi.Menem bolya dogan diyip cagajygy saklap durdum , 5 minut gecdi yanky gelin hic cykanok, 10 minut gecdi cykanok yarym sagat gecdi cykanok ahyr dayym masyndan cykyp " Ol gelin na cykanok, ya bir bolmasyz is bolaydymyka, belki yaraman yykylan bolaymasyn" diydi. Menem "mumkin dayy yor ony bileli" diyip, ayal masganyñ birini hajathana gormek ucin ugratdyk.Az wagtdan yanky ugradan ayal masgala dolanyp gelip :"Mena gelin masgala gormedim bir iki sany gyz bar" diydide oz isine gitdi.Ondan son name etjegimizi bilman basladyk, mena gorkup basladym cagajygy goyubam gidip bolonok, olom bir aglayar cyñsap indi naderkam oye eltsemem bir bolgusyz is edip gelen yaly gorunyar.Agsam dusdi nametjegimizi bilemizok biri birimize name etsek gowu bor diyip durs dayym:" Hi ol gelin cagasyna nebsi agrap gelmezmika?" Men biriniñ cagasyny goltugymda goterip duranymamy namemi erwet gorkup basladym.Cagajygam ejesini kuysap erwet inrap aglayar muna dagyn gaty erwet bolup ellerim sandyrap ugrady,ejem bilse naderkam diyip birhili howp basyp yuregim calt urup gorkujymdan yana sandyrap basladym ,birdenem arkama biri elini goyan yaly boldy seretsem ejem.
--Tur oglum wagtyn boldu bar isden gija galayma!diyip cykyp gitdi, gorup otyrsam hemme zat duysum ekeni....
--okap baha bermegi unutman!
28
164
yurek
20.02.2024 08:21
Gadymy Merwiñ usdunden gecyan Beyik yupek yolunuñ ugrunda kicenrak bir oba bardy.Muña Nazar awcynyñ obasy diyyarler.Bu tówerekdaki obalara garanyñda bu obañ gelimi gidimi-de kópdi.Obañ ortasynda pagsadan salnan mesjide diñe bir namaz ucinem daldi.Oba adamlary geñes etjegem bolsalar sol yere yygnanyardy.Obanyñ deñinden gecyan kerwenlerem dûslap gecen soñ her kim zeruruny satyn alyp, dokan haly palasdyr baganalaryny satyp pullayardylar.
Bir gunem oyle namazyndan soñ kerwene garasyp otyrkalar yasy bircene baran ak sakal goja salam berip esegini saklady- da:
--Nazar awcynyñ obasymyka su oba diyip sorady.
Owaldanam atly-atly baylaryñ ady tutulman Nazar awcyñ obasy diyilyanine goriplik edip yoren baylaryñ biri goja bakyp:
--Biza Nazar awcyñ obasy bar diyip senden esidyas.Gara nebsi ucin oban toyunu yasyny terk edip yoreniñem bir obasy bolar ogusya.Idawerin taparsynyz diyip sesine bat beribrak yerliksiz myjabatlar atyp jogap berdi.
Onyanca bir cetde otyran yasulularyñ biri turup salamlasdyda
--Hawa sakaldas, su oba bolmaly.Sol diyip gelen bolsanyz oglanlañ birini gosup goywereyin alyp barar diydi.
Onyanca halki bay yerinden turup:
--Siz su Nazar balaja diyip gelen bolsanyz gidip otyrmañ.Biz ony barik cagyraly diyip otyrdyk.Hany yigitler sonu oky--hyrlysy bilen alyp geliñ!
Aydylanna mahetdel iki sany atly yigitler almaga gitdiler.Bay
--Aw eden bolup towerekde tohumluk goymady how adamlar!Bu zatlañ hasaba bardyr.Munun usdesinede Plan awcyn obasy diysip obada bir sayhally adam yok yaly. Ata- baba gelyan Seyrap duzuñ-à ady yitdi.
Onyancada hyrlysyny eseginin gaññasyndan dik asyp ,idip gelen Nazar awcy, incerak sesi bilen salam berip marekañ deninde saklandy.Yas oglanlaryñ biri eseginin boynundan tutdyda anyrrakda danyp geldi.Bay aga awcyñ salamyny aldyda
--Nazar gelen bolsañ, ilki hol otyran myhmanyn hawaryny al.Soñ biz bilen gurlesersin diydi.Nazar awcy agraslyk bilen saglyk amayk sorasdyda
--Bay aga, myhman men diyip gelen bolsa oyde cay - corek beremson hawaryny alar otyryn.Siziñ menlik namisiniz bolsa aydyp otyryñ!
Bay aga oña alarlyp:
--Aytsam sen su gunden beylak hyrlyñy goymaly bolarsyñ.
--O na beyle hókum,sebabini aydyñ , bay aga?
--Sebabini bilesiñ gelse gulak as!Gara newsiñ bilen obandan bizar bolup, tohumluk goymadyñ, keyikde gulanda.Bihasap zat yokdur, awcy.Geljek yaza cenli hyrlyñ sesini esitmayin.Su otyranlañam gelen karary sû!
--Ha bolar bay aga. " Il oñlasa atyñy soy" diyipdirler.
Ol elini agzyna yetirdi- de dislerini gorkezip:
--Bu degirmeni beren Alla bugdayyny hem berjekdir , bay aga
Bay:
--Berse nesip etsin.Sen diyleni et!
Edil sol wagt, ayaklarynyn asagy gyzgyn cagede bisip dawanlary cokayyn otlañyndanam galñap giden yarym- yalañac iki sany yortmanca oglanlar awcyny tanap dogry yanyna baryp salam berdilerde, ara salym salman:
-- Nazar aga!Biza sizin yanynyza iberdiler.Hol bizin obamyzdan Palwan agañ gelyan jumada kyrkyny berjekler. "Soña sówuslik aw edip bersin.Ozlerem cûl - caga bolansoñ elleri yuka,gayrat etsin diydiler.Joganynyzy esitsek garanka galman gaytmakcy diyip pert - pert hawaryny aytdylar.
Indi hemme zat dusnukli boldy.Bay aga durup bilman:
--Hanh ol obañ bayy- begi yokmusunmy? awca guni galdymy?!
Oglanjyk cekinman:
--Baylarada bizi iberdiler weli onki bergisini bersin diydi.Onsañ barik geldik diydi.
Bular bilen cekelesip durman,awcy oglanlara " bolar" diydi-de halden bari garasyp otyran myhmanynam alyp oyune gaytmakcy boldy.Myhman awcydan ûzûr sorap:
--Awcy aga manada rugsat berayin.Meniñem hayysym sol awdy "Dówletliñ yanyndan suwly yap gecer, bidówletiñ yanyndan yowu yetik yol gecer" diyleni boldy.Alada ucin alyp goyan malymyzy aldyrdym.Bu gun erte cakylygym.Sona bir aw edip berseñiz diyip gelsimdi.Siz halki oglanlaryñ yumsuny bitiriweriñ.Hemme zat bahbide yazdy.Name ucin obaña Nazar awcyñ obasy diyilyanine góz yetirdim.Alla size abray bersin diyip oyune gaydyberyar.
Nazar awcy hyrlysyny taslap esegine mundi-de cole tarap yola dusdi.
Ertesi gun ikindin ara oba oglanjyklaryñ:
-- Nazar awcy gelyar.Keyik tutupdyr, keyiik diyip jar cekyan seslerine halki bay hem yaranlaryny alyp garsylap:
--Yeri awcy hyrlysyz, darisiz nadip tutup bilyañ?! diyen batnyksyz soragyna Nazar awcy:
-- Bay aga! Siz meniñ elimdakini alsanyzam alnymdakyny alyp bilmersiniz diyip jogap beripdir.
Asyr Salyh ogly.
26
51
yurek
16.02.2024 11:19
Yigidiñ gózleri Arzygûli jadylan yaly yalydy.Ol tà oyûne baryanca óyûne baran soñom yylgyryp gezdi.Ertesi duralgada sol oglany gordi.Oglan gyzyñ yanyna gelip:
-Eden komegiñize yene bir sag boluñ.. men su golayda isleyan.Eger garsy bolmasañyz tansarys.Meñ adym Dawud diyip gyza seretdi.
- Men ine su edarada isleyàn adym Arzugûl diydi.Dawut cagalykdan yetim galan ekeni.Ol obada dayzasynyñ elinde terbiyelenipdir. Su yylam gullugy dynyp, sahere ise gaydypdyr.Arzygûlem oz durmusy barada gurruñ berdi.Indi her gun Dawut duralgada Arzygûle garasyp durardy.Arzygûle Dawut bilen calajadan yórap durmus, soygi edebiyat hakda sóhbet etmek yarayardy.Gyz her gezek yigide bakanda, yûregini bir tasin duygy gaplap alyardy.Ol nace boyun almajak hem bolsa, ahyry boyun bolmaly boldy.Arzygûl Dawuda asyk bolupdy.Dawudyñ yuregindede gyza garsy tasin duygular oyandy.Duygusyny gizlasi hem gelmedi we gyza sóz aytdy.Yigit gyz sozuni almaz oydupdi.Arzygûlden razylyk sozuni esdende gowni al asmana ucypdy.Sona bilen Guljan bu hawary esidip tas dalirapdiler.
--Arzy a gyz Arzygûl kellañ bir yerindemi? Name edeniñi ozun bir bilyañmi? A gyz ona durmusa cyksan,okunup aglap gecirersin
--Arzy heniz wagt barka akylyna aylan.Eger sen zat diyip bilmeseñ biziñ ozumiz ol oglanyñ hakyndan geleris.Nadayersiñ gaydyp su towerekde garasy gorunayse --diyerdiler.Arzygûl olaryñ gylyk hasiyetlerine belet bolansoñ bu gurrunleri gulagynyñ dusundan gecirip goywererdi.Seyle gunleriñ birinde Arzygûl duralga tarap yorap baryarka bir gara renkli masyn onuñ onuni kesdi.Icinde obadan geynuwli yigit otyrdy.Ol masynyn aynasyndan gyza lak atdy:
--Gozel gyz yórûñ akideyin.Barmaly yerinize derrew bararsynyz.Arzygûl asla uns berman, oz soygulisiniñ yanyna bardy.Dawut goren bolmaly:
---Name ucin munmedin munmeli ekeniñ diyip sorady.Gyz biraz oykeli
--Name ucin munmeli? Awtobus her bas minutdan gelip dur
---Arzygûl eger gownunde bolsa ,sol oglan bilen tanysyp gurlesip bilersiñ.Men sana dusunerin gatam gormen.
Ol oglan gitmedik bolmaly:
--Dogry aytyar.Bular siz yaly owadan gyzlañ arzuwyny amala asyryp bilmez.Yogsada tanysmadyk-- adym Merdan diyip gozlerini oynadyp gyza seretdi.Arzygûl gaharly seredip:
---Gurrune gosulma! óz yolun bilen git diydi.Merdan bolmajagyny añan bolmaly, sesini cykarman masynyna munup gitdi.Dawut yenede:
-Howa sowuk...Sen meñ bilen barde usap dursun munaymeli ekeniñ..
-Boldy etsene Dawut.Eliñi ber seret señ eliñ meñ elimde.Mena usamok a sen? diyip Arzygûl yigidiñ elinden ilkinji gezek tutupdy.Soñam :
--Yanymda bolsañhic hili sowuk mana tasir edip bilmez diydi.Dawut yylgyrdy.Isden son her gun Merdan diyilyan yigit Arzyguli garagullap baslady.Lak atan bolardy gyz weli uns berman gecip giderdi.Gunlerde bir gun Dawut gyza jan edip oba gyssanmac gitmelidigini dayzasynyñ yarawsyz bolandygyny aytdy.Arzygûl yigidi dayzasynyñ sag aman gutulmagyny ozunin hem caltrak dolanmagyny dilap ugratdy.Merdan Dawudyn yoklugyndan peydalanyp bilini berk gusapdy.Gyza azar bererdi onunden cykardy, sowgat baryny isleyan yerine ugradardy.Arzygul ol sowgatlara elinem degirmezdi sowgatlara her gezek Sona bilen Guljan eye bolardylar.Merdanyn masynyna hem solar munip aylanardylar.Arzygul weli sol onkusu yaly awtobusa garasyp durardy.Bir gezek isden son Arzygulin onuni sol gara renkli masyn kesdi.Gyz hemise bolsy yaly gecip gitjek bolanda, ony tanys ses saklady.
--Arzygul saklansana-bu sozleri aytyan Dawutdy.Arzygul añk -tañk boldy.Yigit:
-Men bir bayyn ogly.Men ozume mynasyp gelinlik tapmak ucin seyle geyinmeli seyle gurlemeli boldum.Men ozuni gorkezyan baylyga ulumsy gurlap dine ozunj bilyan ulumsy gyzlardan yadadym.Meni pulum ucin dalde meni soyyan gyz gerek.Tanys bol bu menin dosdym Merdan diydi.
--Oynumyz ucin bagyslañ.Siz synagdan gecdiniz gelneje diyip Merdan yylgyrdy.Heniz bolyan zatlary aklyna sygdyryp bilman duran Arzygul;
--Gelneje o nahili gelneje?! diyip sorady Dawut gulup:
-- Men indi oz bagtymy sypdyrman balym diyip gyzyñ elinen tutdy.
22
93
yurek
15.02.2024 13:21
Gys pasly hókûm sûryárdi.Das tówerek ak dona bûrenipdi.Howa sowukdy.Gózel paytagtymyzyñ duralgalarynyñ birinde owadan gyz awtobusa garasyp durdy.Gyzyñ ady Arzygûldi.Ol iseññir akylly gyzlaryñ biridi.Ol óyûñ uly gyzydy.Kakasy dasary yurtda gurlusukda isleyardi, ejesi weli yarawsyzdy, operasiya etmelidi.Ózûnden kici bàsnji sypda okayan gyz jigisi, 3 nji synpda okayan oglan jigisi hemem 3 yaslyja gyz jigisi bardy.Masgalañ kesiginj cekmegi oz usdune alypdy.Ol edaralaryñ birinde sûpûruji bolup isleyardi.Hepdàniñ dync gunleri bolsa kafeleriñ birinde gap- gac yuwujy bolup islardi.Eliniñ bos wagty bolsa, el isini ederdi, kóynek tikip gayma gayardy.Kakasyndan gelyan pullary ol ejesiniñ operasiyasy ucin yygnap goyyardy.Isleyan edarasynda yas gyzlardan Arzygûl hemem Gûljan bilen Sona bardy.Gûljan bilen Sonanyn boyunlarynda , ellerinde gyzyl- kûmûs bary bardy.Geyyan koynekleri gaty dardy, yûzûne calyan boyaglaram gaty kopdi.Arzygûluñ dine ejesiniñ sowgat beren gyzyl gulakhalkasy bardy. Boyag calyp ozûne seretmek hakda pikir etmezdi.Onuñ bar aladasy, ejesini ayaga galdyrmak,jigilerini okatmakdy.Kóplenc ucusi arakesme wagty gûrrûn ederdiler.Gûrrûñleriñ kópûsi bolsa Arzygûliñ geynisi hakda bolardy.
---A gyz Arzy ózûne azajyk uns bererler.Boya zat calyp,geyyan koynekleriñ hem biraz daralt.Bilip goy hic bir oglan señ icki dunyañ bilen gyzyklanmayar.Olor diñe dasky kesbe uns beryarler diyip Sona jibrinerdi.Onuñ sozuni Guljan alyp gotererdi.
--Sona dogry aytyar.Sen gyza biraz ozune seretmeli.Sen dync gunleri kafede isleyañ.Sol yere bay oglanlar baryarlar.Senem beyle geynuwli.Bu bolsuñ bilen sen oyde garrygyz bolup galarsy!-la.
--Gyzlar dusunyan yone meñ ejem..
-Bilyas bilyas.Sol puldan ozûñe biraz boyag ya koynek alsañ hic zadam bolmayar- diyip gurletmage goymazdylar.Olaryñ aytyanlarynyñ jany bardy.Bile ûc bolup oye gaydanlarynda her sapar oglanlar Sona ya Guljana lak atardylar.Arzygûl tarapa birem seretmezdi.Arzygûliñem koynek boyag alasy gelyardi.Yone her gezek eline aylyk alanda ya kakasyndan pul gelende gozunin onunde jigileri ,yarawsyz ejesi gelerdi.Ejesinin aytyan sozlerini gaytalardy."Hakyky gózllik icgi gozellikdir" Bir gezek isden gaydyp baryarkalar seylerak waka boldy.
Duralganyñ gapdalynda bir sadarak geynen yigit gyzlardan komek sorady
--Bagyslañ gyzlar.Men obadan islemage geldim.Men azyk harytlary almaga bazara gelemde,gapjygymy ogurladylar.Yasayan yerime gaytmaga pulum yok.Gaty uzakda-da olom.Gyzlar eger sizde...-yigidiñ sózûnin gutararyna hem garasman Sona bilen Guljan gygyryp: Towa etdim adam her zat gorjek utanmayañmy? seydip kocede gyzlardan pul soramaga?Puluñ yok bolsa yorap gidiwer.
- Bolmanam obadan gelip sûmûgini akdyryp yorseñ esigiñem ogurlap giderler.Ya-da owadan gyzlary górûp tanysmañ oynumy?Sen ozû! bilen bizi deneme -- diyip Sona bilen Guljan oglany utandyryp masgara etdiler.Arzygûl oglanyñ bolsuna nebsi agyrdy.Sesini cykarman gapjygyndan pul uzatdy.Oglan yuzuni galdyryp begencli yylgyrdy:
--Tañryyalkasyn size.Hudaydan gaytsyn.Bu eden komeginizi hic unutman- diyip awtobus duralga ylgap gitdi.
Dowamy ertir.
29
105