yurek
20.02.2024 08:21
Gadymy Merwiñ usdunden gecyan Beyik yupek yolunuñ ugrunda kicenrak bir oba bardy.Muña Nazar awcynyñ obasy diyyarler.Bu tówerekdaki obalara garanyñda bu obañ gelimi gidimi-de kópdi.Obañ ortasynda pagsadan salnan mesjide diñe bir namaz ucinem daldi.Oba adamlary geñes etjegem bolsalar sol yere yygnanyardy.Obanyñ deñinden gecyan kerwenlerem dûslap gecen soñ her kim zeruruny satyn alyp, dokan haly palasdyr baganalaryny satyp pullayardylar.
Bir gunem oyle namazyndan soñ kerwene garasyp otyrkalar yasy bircene baran ak sakal goja salam berip esegini saklady- da:
--Nazar awcynyñ obasymyka su oba diyip sorady.
Owaldanam atly-atly baylaryñ ady tutulman Nazar awcyñ obasy diyilyanine goriplik edip yoren baylaryñ biri goja bakyp:
--Biza Nazar awcyñ obasy bar diyip senden esidyas.Gara nebsi ucin oban toyunu yasyny terk edip yoreniñem bir obasy bolar ogusya.Idawerin taparsynyz diyip sesine bat beribrak yerliksiz myjabatlar atyp jogap berdi.
Onyanca bir cetde otyran yasulularyñ biri turup salamlasdyda
--Hawa sakaldas, su oba bolmaly.Sol diyip gelen bolsanyz oglanlañ birini gosup goywereyin alyp barar diydi.
Onyanca halki bay yerinden turup:
--Siz su Nazar balaja diyip gelen bolsanyz gidip otyrmañ.Biz ony barik cagyraly diyip otyrdyk.Hany yigitler sonu oky--hyrlysy bilen alyp geliñ!
Aydylanna mahetdel iki sany atly yigitler almaga gitdiler.Bay
--Aw eden bolup towerekde tohumluk goymady how adamlar!Bu zatlañ hasaba bardyr.Munun usdesinede Plan awcyn obasy diysip obada bir sayhally adam yok yaly. Ata- baba gelyan Seyrap duzuñ-à ady yitdi.
Onyancada hyrlysyny eseginin gaññasyndan dik asyp ,idip gelen Nazar awcy, incerak sesi bilen salam berip marekañ deninde saklandy.Yas oglanlaryñ biri eseginin boynundan tutdyda anyrrakda danyp geldi.Bay aga awcyñ salamyny aldyda
--Nazar gelen bolsañ, ilki hol otyran myhmanyn hawaryny al.Soñ biz bilen gurlesersin diydi.Nazar awcy agraslyk bilen saglyk amayk sorasdyda
--Bay aga, myhman men diyip gelen bolsa oyde cay - corek beremson hawaryny alar otyryn.Siziñ menlik namisiniz bolsa aydyp otyryñ!
Bay aga oña alarlyp:
--Aytsam sen su gunden beylak hyrlyñy goymaly bolarsyñ.
--O na beyle hókum,sebabini aydyñ , bay aga?
--Sebabini bilesiñ gelse gulak as!Gara newsiñ bilen obandan bizar bolup, tohumluk goymadyñ, keyikde gulanda.Bihasap zat yokdur, awcy.Geljek yaza cenli hyrlyñ sesini esitmayin.Su otyranlañam gelen karary sû!
--Ha bolar bay aga. " Il oñlasa atyñy soy" diyipdirler.
Ol elini agzyna yetirdi- de dislerini gorkezip:
--Bu degirmeni beren Alla bugdayyny hem berjekdir , bay aga
Bay:
--Berse nesip etsin.Sen diyleni et!
Edil sol wagt, ayaklarynyn asagy gyzgyn cagede bisip dawanlary cokayyn otlañyndanam galñap giden yarym- yalañac iki sany yortmanca oglanlar awcyny tanap dogry yanyna baryp salam berdilerde, ara salym salman:
-- Nazar aga!Biza sizin yanynyza iberdiler.Hol bizin obamyzdan Palwan agañ gelyan jumada kyrkyny berjekler. "Soña sówuslik aw edip bersin.Ozlerem cûl - caga bolansoñ elleri yuka,gayrat etsin diydiler.Joganynyzy esitsek garanka galman gaytmakcy diyip pert - pert hawaryny aytdylar.
Indi hemme zat dusnukli boldy.Bay aga durup bilman:
--Hanh ol obañ bayy- begi yokmusunmy? awca guni galdymy?!
Oglanjyk cekinman:
--Baylarada bizi iberdiler weli onki bergisini bersin diydi.Onsañ barik geldik diydi.
Bular bilen cekelesip durman,awcy oglanlara " bolar" diydi-de halden bari garasyp otyran myhmanynam alyp oyune gaytmakcy boldy.Myhman awcydan ûzûr sorap:
--Awcy aga manada rugsat berayin.Meniñem hayysym sol awdy "Dówletliñ yanyndan suwly yap gecer, bidówletiñ yanyndan yowu yetik yol gecer" diyleni boldy.Alada ucin alyp goyan malymyzy aldyrdym.Bu gun erte cakylygym.Sona bir aw edip berseñiz diyip gelsimdi.Siz halki oglanlaryñ yumsuny bitiriweriñ.Hemme zat bahbide yazdy.Name ucin obaña Nazar awcyñ obasy diyilyanine góz yetirdim.Alla size abray bersin diyip oyune gaydyberyar.
Nazar awcy hyrlysyny taslap esegine mundi-de cole tarap yola dusdi.
Ertesi gun ikindin ara oba oglanjyklaryñ:
-- Nazar awcy gelyar.Keyik tutupdyr, keyiik diyip jar cekyan seslerine halki bay hem yaranlaryny alyp garsylap:
--Yeri awcy hyrlysyz, darisiz nadip tutup bilyañ?! diyen batnyksyz soragyna Nazar awcy:
-- Bay aga! Siz meniñ elimdakini alsanyzam alnymdakyny alyp bilmersiniz diyip jogap beripdir.

Asyr Salyh ogly.
26
51
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.