yurek
28.02.2024 14:55
Óñûnde belent dag, serinde duman,
Deñizden òwûser yeli Gûrgeniñ
Bulut oynap, baran dolsa çaylara
Akar boz bulanyp sili Gûrgeniñ


Tokaylary bardyr gargy- gamysly
Gózelleri bardyr altyn-kûmûsli
Boz gûsbent,gyr yylky, gara gàwmisli
Argaly gàw bolar ,maly Gûrgeniñ


Hatarlanysyp duran iner, mayalar
Agyr bezirgenli tûçjar eyeler
Señriklàp abanyp duran gayalar
Óñi-ardy, sagy- soly Gûrgeniñ


Begleri bar,tirme çalar biline
Yorga mûnûp ,tarlañ gondyr eline
Ak gówsûn biyr , jeren deñiz yeline
Maleyir maraly, çóli Gûrgeniñ


Magtymguly, ilden ile aralar
Hijran tygy bilen bagryn paralar
Golun sallap, maral gabak periler
Iner olumundan dàli Gûrgeniñ.
23
15
yurek
27.02.2024 14:27
Beyge galsañ dusman boljak tapylar
Puluñ bolsa dostlaryñam kópeler
Kyn gûnûñde hemme gapy yapylar
Yalançyda gowu gezmek kyn eken.

Bir sóz bilen ynsan gówûn yykarlar
Gowy geyinmeseñ, pes diyip bakarlar
Sada bolsañ, yersiz. tóhmet yaparlar
Yalancyda yasap gezmek kyn eken.
24
31
yurek
27.02.2024 08:24
Gûrrûñ bermeklerine górà bir gûn Lew Tolstoydan:
- Goja sen name ûcin adamlara gosulman yeke yasayarsyñ?
Yalñyzlykdan yadamadyñmy? - diyip sorapdyrlar

Tolstoy:
-Meniñ isim basymdan agdyk- diyipdir-de gûrrûñ bermage durupdyr.
-Men iki gyrgyny, iki bûrgûdi we bir yylany terwiyelemeli.Iki towsana gówûnlik bermeli,bir esegi gózegcilikde saklamaly we iñ soñunda-da bir yolbarsa bas ówretmeli.
Adamlar:
-Biz-á seniñ dasyñda gezip yóren jandar góremizok.Hany olar nirede? diyip soranlarynda
Tostoy:
-Sol jandarlar biziñ icimizde yasayar - diyipdir-de gûrrûñini dowam etdiripdir:
-Iki gyrgym góren zadyna topulyar.Men oña erwet bilen gowyny,yagsy bilen yamany biri- birinden saygarmagy ówretmeli.
Sol iki gyrgy -- meniñ gózlerim

Iki bûrgûdim penjesine ilen zady parçalamak bilen bolyar.Men olara penjeleri bilen hiç zady parçalamazlygy, harlamazlygy ówretmeli.Sol iki bûrgût-- meniñ ellerim.

Iki towsanym bar, olar sáhel zatdan gorkup,ziñkildàp durlar.Men olaryñ gównûni galkyndyrmaly.Olara kynçylykdan gaçmagy dál- de,kynçylykdan bas alyp çykmagy ówretmeli.Sol iki towsan-- meniñ ayaklarym.

Yylany terwiyelemek bolsa iñ kyny.Men ony kapasada, gulpuñ astynda saklayaryn.Emma sáhel ahmal bolsañ,ol awusyny pûrkjek bolup durandyr.Sonuñ ûcin men ony asla gózden salamok,ony berk gózegcilikde saklayaryn.Sol yylan meniñ - dilim.

Esek hem nàme, kejir jandar bolyar.Esek - meniñ bedenim.Bedenim yaltalygy gowy góryàr, oz wezipesini berjay etmek islemeyár.Men oña zyyanly icgilerden gaça durmalydygyny, artykmaç kóp iymeli dàldigini,hemise galjañ bolmalydygyny, ózûne mydam serenjam bermelidigini, mydama sûkûr etmelidigini yatladyp durmaly.

Hawa iñ soñunda yolbars galdy.Ol hókman ózûniñ ak diyeni ak, gara diyeni gara bolmalydyr óydyàr.Ol seyle bir ulumsy welin hamana bûtin àlem onuñ dasynda perwana bolup aylanmalymysyn.Men ine seyle yolbarsa bas ówretmeli.
Sol yolbars- men- menligim.
Górsûñiz yaly, meniñ isim basymdan agdyk.

Hut su sebàpden geliñ biz hem kàte yeke galyp, óz- ózûmizi elekden geçireliñ, óz agramymyzy ólçàp góreliñ.Durmusda aladamyz nàce kop hem bolsa, ózûmiz bilen yûzlesmage hokman wagt tapalyñ!
28
104
yurek
26.02.2024 14:01
Bir galanyñ dasyny dusman gawap alypdyr we oba baryan suwy basga tarapa sowupdyr.Galanyñ icindàkiler tomsuñ jówzasynda suwsuzlykdan helàk bolup baslanlar.Ine birdenem gabalan galanyñ icinden kûyzeli bir ayal cykyp, das tôweregindàki dusmanlardan, yagyp duran oklardan heder etman, góni galany gaban hanyñ cadyryna tarap ugrayar.Esgerler ony tutup hanyñ yanyna alyp baranlar.Han ondan:
-Ey , zenan , sen meniñ yanyma gelmage neneñ het edip bildiñ?Meniñ gazabyma dóz gelen yokdur ! diyeninden ayal
-Ey Han, men seniñ zalymdygyñy bilyàn.Yóne eziz balasynyñ suwsuzlyk belasyndan helàk bolup baryandygyny góren ene, ol ólyàncà garasyp durup bilermi?Ol ejiriñ yanynda seniñ zalymlygyñ nedir, ine su kuyzani doldurup, meniñ ganymy alda , soña derek suw ber diyen.
Su sôzleri esiden hanyñ óz enesi yadyna dûsúp " Eger menem seyle agyr gûne dûssem, ejem meni ólûmden gutarmak ûcin janyndan gecip, seyle merdanalyk ederdi" diyip akylyna aylanypdyr. Son galanyñ dasyndan óz gosununy ayyryp, suwy ónki akaryna sowdurypdyr.
28
84
yurek
26.02.2024 08:17
Etmeli diyseler birine gadyr,
Hókman tówerekden gozleme Hydyr
Bilgin sylamaly baylygyñ sudur
Olor saña iñ màhriban adamdyr
Ol bir ejeñ beylekisem kakañdyr.


Yykylañda dyzyñ ópmese yeri
Awunmadyk bolsa soyulan deri
Dolup- dasan wagty dûnyàñ heseri
Olar degjek urgulary dadandyr
Ol bir ejeñ beylekisem kakañdyr.


Sóyûp eklejekdir çóreksiz wagtyñ
Sorap idejekdir dereksiz wagtyñ
Hat- da sen hic kime gereksiz wagtyñ
Hemme dagasa- da olar galandyr
Bir-à ejeñ beylekisem kakañdyr.
22
36
yurek
23.02.2024 14:29
Afrikaly oglan tarapyndan yazylan bu hekaya 2005 nji yylyñ iñ gowy gysga hekayasy ugrunda dalasgàr gorkezildi.
Men gara bolup dûnyà indim;
Men gara bolubam ulaldym;
Uzak wagtlap gûnesde bolanymda, gara bolyaryn;
Men ólenimdede gara bolaryn.
Aklar:
Dogulanda - gûlgûne;
Ulalanyñyzda - ak;
Gune gyzsañyz - gyzyl;
Sowuk bolanynda - gók ówûsyarsiniz;
Gorkanyñyzda - sary bolyarsyñyz;
Ózûñizi erwet duysañyz - gógeryársiñiz;
Siz óleniñizde - çal bolyarsyñyz;
Sen bolsa maña reñkli diyyársiñiz.
35
167
yurek
23.02.2024 07:40
Salam Öwrenmeli programmanyñ agzalary gadyrdan dostlarym tanayan we tanamayanlarym gadyrdan oglanlar mahriban goragcylarmyz men sizi 23 nji fewral guniniz bilen bayramcylygynyz bilen tuys yuregimden gutlayaryn! Gutlamak bilen Ayesha ( yûrek)
23
85
yurek
22.02.2024 13:44
Bir gyz bilen oglan bir birini cyn yûrekden sóyyardiler we tiz - tiz górûserdiler.Gûnlerde bir gun oglan gyza diyyàr:
--Biz ayrylysmaly...!
--Sebàp nàme? Biz bir- birimizi sóyyàsa..
--Çûnki men basgasyna óylenyàrin.Gyz ilki basda ynanmak islemedi, emma oglan ony ynandyrmana calysyady.
--Eger bilseñ meniñ yakynlarym hiç wagt saña óylenmage rugsat bermezler.Gyz góz yaslaryny saklap bilmeyardi we aglap ol yerden aglap uzaklasmana baslady..Onyanca oglan oña bu sozleri diyip bildi.
--Men senden basga hic kimi soymerin dine seni yalñyz seni! Seni óyûme gelin ederin!
Aradan bir yyl gecdi gyz bir oglan bilen tanys boldy..Oglan gyzy sóyyardi..gyzda oña ówrensip baslapdy..
Bilelikde bir niçe wagtdan soñra oglan oz masgalasyny gyzyñ óyûne ugratdy. Gyz da ózûnu taslap giden oglana gahar edip oña "Bor" diyyàr...Olor toy edyarler.
Bir gûn yoldasy gyza seredip"Bir yyl mundan óñ seni taslap giden oglan yadyñdamy?!"
--Howwa yadymda...name bolupdyr? Sen onu nirden tanayarsyñ?
--Ol meniñ uly doganymdy.Ol hic kim bilen oylenmandi, sadaja derdine dermansyz hastady we ólûmden bir gûn óñ menden saña óylenmegimi hayyst etdi...
Sebabi sana soz beripdi
Seni öyûme gelin ederin!
28
161
yurek
22.02.2024 08:12
Adam hemme zatdan doyar dûnyàde,
Erikden ,injirden, kismisden doyar
Gór nace buysançly, sûyji bolsada
Juda kóp yatlanan gecmisden doyar.


Adam hemme zatdan doyar dûnyáde
Gûlkûsi, satlygy malyndan doyar
Agyr gûne dûsse " gynaman al"diyip
Hatda Allañ beren janyndan doyar.


Yóne adam asla doymaz mähirden
Tesne yûrek mydam soña gyssanyar
Ôzem iñ yónekey, mugt zat welin,
Adam bir- birinden sonam gysganyar
27
54
yurek
21.02.2024 21:57
Aglady zenan - sóydûm sóymedi diyip
Aglady zenan - sóygim taslady diyip
Aglady zenan -bu gûn toy gûnûm diyip
Aglady zenan - men agyr ayak diyip
Aglady zenan - men ene boldum diyip
Aglady zenan - óye gic gelyàñ diyip
Aglady zenan -sàhelce zatlar ûcin
Begensede gynansada ol aglady
Cagasyna tiken cûmsede ol aglady
Góryan welin zenanlara mahsusmyka aglamak
Aglap aglap yûrek bagry daglamak
Hey górûpmidiñ aglamayan zenany
Góz yas bilen yenjek bolyar bar zady
Name ucin aglayar gozel zenanlar
Yada siz seylebir ejizmikàñiz
Yok ejiz hem dal yeri gelende
Dagy dasy eredip dur gozyaslar
Titreder zemini goz yasy bilen
Yone ejiz gorunsede onuñ das kesbi
Yeke damja nàhak daman goz yasy
Biliñ bûkûp yassyga goydyrar basy
Ejizleme zenan goragcyñ bardyr
Hayat kimin dasyñda seniñ galañ bardyr
Enaniñ sûydûn emen, adamzat ogly
Zenan gozyaslarna bergisi bardyr.
24
56