yurek
28.02.2024 14:55
Óñûnde belent dag, serinde duman,
Deñizden òwûser yeli Gûrgeniñ
Bulut oynap, baran dolsa çaylara
Akar boz bulanyp sili Gûrgeniñ


Tokaylary bardyr gargy- gamysly
Gózelleri bardyr altyn-kûmûsli
Boz gûsbent,gyr yylky, gara gàwmisli
Argaly gàw bolar ,maly Gûrgeniñ


Hatarlanysyp duran iner, mayalar
Agyr bezirgenli tûçjar eyeler
Señriklàp abanyp duran gayalar
Óñi-ardy, sagy- soly Gûrgeniñ


Begleri bar,tirme çalar biline
Yorga mûnûp ,tarlañ gondyr eline
Ak gówsûn biyr , jeren deñiz yeline
Maleyir maraly, çóli Gûrgeniñ


Magtymguly, ilden ile aralar
Hijran tygy bilen bagryn paralar
Golun sallap, maral gabak periler
Iner olumundan dàli Gûrgeniñ.
23
15
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.