yslam7
07.10.2022 00:10
Manyly sözler.
18
82
yslam7
04.10.2022 06:22
Gamgyn göwnüm, gynanma,
Bu durmuş gelip geçer.
Pis ýanynda ýyglama,
Bu durmuş gelip geçer.
Gamlylyk çäre bermez,
Namartlar oýnap gülmez,
Ýekelikden är ölmez,
Bu durmuş gelip geçer.
Güýçli görüp daýanma,
Duşman ölse begenme,
Akyl etseň panyga,
Bu durmuş gelip geçer.
Döwlet diýr, nury didäm,
Ýüregime ornaş mäkäm,
Diýjek sözüm gitmäkäm,
Bu durmuş gelip geçer.
Ilkinji goşgym 2018ý.
9
101
yslam7
03.10.2022 06:15
Bu dünýä geldiň, ne amal kyldyň?
Diýse, Allahyňa ne jogap berjek?
İndi huzuryma näm üçin geldiň?
Diýse, Allahyňa ne jogap berjek?
Iki ýol görkezdim, hem akyl berdim,
Ýoluňy seçmäge erkiňe goýdum;
Rehmetimi zyňdyň, zuluma galdyň!
Diýse, Allahyňa ne jogap berjek?
Remezany berdim, oraza tutmadyň;
Agşam süýji-süýji ybadat etmediň.
Näme üçin dogry ýoldan gitmediň?
Diýse, Allahyňa ne jogap berjek?
Günäden gaçmadyň, tutmadyň emrim;
Bihuda ýerlerde geçirdiň ömrüň;
Gör, näçe köpelmiş dünýäde jümrüň!
Diýse, Allahyňa ne jogap berjek?
Azanlar okaldy, näme üçin duýmadyň?
Sen ne üçin Rahmana sežde kylmadyň?
Men hem saňa Jennetimi bermerin!
Diýse, Allahyňa ne jogap berjek?
Sowuk, yssy diýdiň, täret almadyň;
Men-men diýip gezdiň, namaz kylmadyň;
Günä işlerine garşy durmadyň!
Diýse, Allahyňa ne jogap berjek?
Gadyr gije berdim, näme üçin duýmadyň?
Ikı rekat bolsun, namaz kylmadyň,
Howaýy işlerden sen utanmadyň!
Diýse, Allahyňa ne jogap berjek?
Näme üçin täret alyp kylmadyň namaz,
Ýalbaryp Rebbiňe etmediň nyýaz;
Halk içinde çykmyş adyň 'binamaz'!
Diýse, Allahyňa ne jogap berjek?
Näme üçin terk edersiň parzy-sünneti?
Duýmadyňmy, Jähennemi, Jenneti?
Sen dälmisiň Muhammediň ymmaty?
Diýse, Allahyňa ne jogap berjek?
Men seni ýaratdym hoş güller kimin;
Göz berdim, gaş berdim sümbüller kimin;
Amalyňy sözle bilbiller kimin!
Diyse, Allahyňa ne jogap berjek?
Uly Pygamberi Men saňa berdim;
Jennetde Men saňa uly ýer goýdum;
Sen pany dünýäde ne üçin boş durdyň?
Diýse, Allahyňa ne jogap berjek?
8
77