yslam7
04.10.2022 06:22
Gamgyn göwnüm, gynanma,
Bu durmuş gelip geçer.
Pis ýanynda ýyglama,
Bu durmuş gelip geçer.

Gamlylyk çäre bermez,
Namartlar oýnap gülmez,
Ýekelikden är ölmez,
Bu durmuş gelip geçer.

Güýçli görüp daýanma,
Duşman ölse begenme,
Akyl etseň panyga,
Bu durmuş gelip geçer.

Döwlet diýr, nury didäm,
Ýüregime ornaş mäkäm,
Diýjek sözüm gitmäkäm,
Bu durmuş gelip geçer.

Ilkinji goşgym 2018ý.
9
101
yslam7
17 Oktýabr 2022
mgm,sps
mgm
17 Oktýabr 2022
yslam7,Gowy bolupdur yone
yslam7
17 Oktýabr 2022
mgm,ilkinjim shul hem ustunde kop ishledim halypam komek etdi
mgm
17 Oktýabr 2022
Ilkinji gosgynam bolsa kapiyaly manyly bolupdyr mnkiler yaly bolugsyza dal
yslam7
4 Oktýabr 2022
RuníA,sagbol
RuníA
4 Oktýabr 2022
Dowamly bolsun, gowy ýazylan!
Гульжан
4 Oktýabr 2022
yslam7, bolÿa
yslam7
4 Oktýabr 2022
Гульжан,Salam...hudaya shukur, ozun gowmy?

yslam7,sagbol tankytyn ucin
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.