ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
11.05.2022 01:46
Söý ýa-da ýigren, Ikisem meniň tarapymda bolar... Eger sen meni söýseň, men hemişe seniň ýüregiňde bolaryn... Eger sen meni ýigrenseň, men hemişe seniň aňyňda bolaryn... William Şekspir
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
09.05.2022 06:45
Zalym, ýowuz uruş diýip Garry, ýaş-u - hemme gitdi Olaryň wepat bolmagy Halk üçin agyr ýitgi Gaýdyp gelen weteranlaryň, At-abraýy dünýä aşar Emma wepat bolanlar-da, Ýüreklerde baky ýaşar (2015) Uruş
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
08.05.2022 10:27
Şeýle baha berýär soňkyja nesil Daşky gözellige daşky durşuna Emma kümüş diýermisiň-ä asyl Hanha zyňlyp ýatan bölek gurşuna @ylham_gurbanaly #arhiwden (2015)
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
07.05.2022 06:12
Ownamaň adamlar, mert bolup ýaşaň! Durmuş agyr bolsa, akdyrmaň ýaşy Ownamaň adamlar, mert bolup ýaşaň! Bahar geler ötürseň aňzak gyşy Ownamaň adamlar, mert bolup ýaşaň! Hökümi zor bolsa, çözüler
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
07.05.2022 05:21
Götermäň sarpasyn serpaý-halatlyň Itermäň sarpasyn bir paý guratlyň Çalyşmasyn orny köýnek-balaklyň Ownamaň adamlar, mert bolup ýaşaň! @ylham_gurbanaly #goşgydanbölek #arhiwden
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
07.05.2022 05:02
Göwünde gunçalar baharyň güli Balam diýip dursa ejemiň dili @ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
04.05.2022 11:09
Gör niçeler durmuşyndan nalap ýör Sorasaň ykbal ýa Taňry günäkär Özinden günäni gözleýän ýok-da, Ilden welin agtarjaklar juda kän @ylham_gurbanaly #arhiw
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
04.05.2022 04:50
Soraň, ony mana etjek Haram bolsun käne ýetjek Kyna galyp näme etjek?, Her kim ýeňlin tapan boldy Boýun bolduň täze pişä Aldanma ol melgun iş-ä Gark bolansoň iki çüýşä Bar derdini ýapan boldy
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
01.05.2022 06:44
Baýyň aladasy tagt bilen täçdir Olaryň garny dok, gözleri açdyr Garyp diýme, öz günüňe şükür et Gör kimler, seniň günüňe mätäçdir @ylham_gurbanaly (2018)
ylham_gurbanaly
01.05.2022 06:40
Ene diýdi: - Oňaranok hiç iş gelinem
(Öň iş görmedik, indi urarmy elinem?!)
Kepjebaş deýin çykaryp zäherli dilinem
Her minnetde gaýynenesin jaýlap otyr...


@ylham_gurbanaly
#goshgydanbölek
#arhiwden (2015)
5
29