ylham_gurbanaly
04.05.2022 04:50
Soraň, ony mana etjek
Haram bolsun käne ýetjek
Kyna galyp näme etjek?,
Her kim ýeňlin tapan boldy

Boýun bolduň täze pişä
Aldanma ol melgun iş-ä
Gark bolansoň iki çüýşä
Bar derdini ýapan boldy

Namyssyz öň beren teni
Galmady hiç onuň geňi
(Halk hyzmatda gezen lebi)
Gelin edip öpen boldy

Kä öňe, kä yza bakýan
Bolýan döwre içim ýakýan
Çopandy öň goýny bakýan
Indi goýun çopan boldy

Bilmen kaýda goýduk hata
Wyždan barýar barha gatap
Görüplikden içi tütäp,
Ýaş nahaly çapan boldy

Ene-ata sözi perman
Gezmekçi däl, geljek arman
Öz pyntygnyň göwnin bilmän
Del agaja sapan boldy

Köp geýmekçi çala geýmän
Köp iýmekçi çala iýmän
Halal-haram ýerni duýman
Öz nebsinden gopan boldy

Pikirler apat böwürde
Galmady takat sabyrda
Adalat diňe gabyrda
Hemmä-de deň kepen boldy


@ylham_gurbanaly
8
62
ylham_gurbanaly
4 May 2022
Zümrüt🌺, profiliňizdäki 3 goşga seretdim. Ideaýa, tema gowy, ýöne üstüne işlemek gerek, kapyýa pozulýan ýeri köpräk. Galanam özüňize bagly! Belki meň aýdanlarym size ýaramanam biler. Dogry netije çykararsyňyz diýip umyt edýän!
ylham_gurbanaly
4 May 2022
Zümrüt🌺, aýdyberiñ
ylham_gurbanaly
4 May 2022
Zümrüt🌺, Salam. Gowy, özüñ nahili?
ylham_gurbanaly
4 May 2022
Senem,Zümrüt🌺,Perman., 👏👏👏
unknown_12
4 May 2022
👍👍👍👍👍
Senem
4 May 2022
Hemisekiler yaly gaty govy gosgular👍👍👍❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.