ylham_gurbanaly
23.12.2023 16:31

Görerin diýseňiz.


Ady: 1 Gün (Одинь день) (16+)


Sýužeti: Romantika/ Triller


Wagty: 1sag 47min

32
471
ylham_gurbanaly
23.12.2023 00:17

Gelerin, görerin diýseňiz!

Belki, şahyrlaryň gyzykly gürrüňlerini diňlärsiňiz! (Arman , özümä ýok)

34
196
ylham_gurbanaly
21.12.2023 03:05
Ýandagyň güli, tikeni, kökem adam üçin derman. Ýöne ol ekiniň içinde gögerse adamlar ony köki-damary bilen aýyrmaga
howlugýarlar.

* * *

Süýji iýip dişini agyrdan kişiniň, ajy bilen dişini bejerdişinde many köp.

* * *

Obadan oljasy oňan şagal gapanyň hininiň agzynda gurulaýmagynyň mümkindigini unutdy.

* * *

Ner ýüküniň üstüne öz gaňňasynyň
atylanyny gören eşek: «Indi-hä, maýrylaýsaň gerek» diýip, hynçgyran bolupdyr.

* * *
Awuny şire aldyran böri açlykdan zeýrenmez.

* * *

Gül gurandan soň onuň baldagyndaky tikenleri has berdaşly görünýär.

* * *

Maýmyna tans etmegi öwrenýänçä
süýji berdiler.

* * *

Gamşa saz etdirip bilýän bagşa sungatyň nämedigini düşündirjek bolmagyň geregi barmyka?!

* * *

Jyzlanyň ömri gysga bolsa-da, ol
ýazda ýaşaýandygy üçin ömründen razy bolmaga çemeli.

* * *

Ejesi uran çaganyň: «Eje» diýip aglamasy durmuşyň iň gowy filosofiýasyny özünde jemleýär.

* * *

Pişigiň doklugyny syçana ynandyryp
bolmaz.

* * *

Daşynda tor gurulýan siňek: «Düşdüş daşymdan pyrlanýar» diýip, monça bolup otyr.

* * *

Ak kebelegiň ganatlaryndaky gara
tegmili görüp, siňek: «Wah, görgüli, garaljak bolup garalybam bilmändirdä» diýip wyzzyldapdyr.

* * *

Şärikli şamlyk şagallaryň ogurlygynyň
üstüni açdy.

* * *

Aýy dostlugyna ynanan garynja bilen
piliň gaty bir tapawudam ýok ýaly.

* * *

Leýlisaç dik össe beýle owadan bolmasa-da bolmazdy.

* * *

Gaty peslän bürgüde garga-da haýbat atar eken.

* * *

Eşege düýe ýüküni urup, «Hany, indem
bir eşekligiňi et-dä, göreli» diýip güldüler.

* * *

Maksadyna ýeten tilki, armanly arlaýan şiriň dişi agyrýandyr öýtdi.

* * *

Solan güle gonan bilbile garga-da
ses goşar eken.

* * *

Yzçyny aldandyryn öýden tilki, awçynyň
üstünden bardy.

* * *

Awy oňan syçançy, bady gaýdan bürgüde
ýylgyran bolýar.

* * *

Bazardan gaýdyp öwrenen geçiniň eýesiniň guşagyndaky gezligem gözüne ilmedi.

* * *

Ammarda ýaşaýan syçan gyşa azyk
ýygnasa geň görmäň.

* * *

Bilýäniň köpeldigiçe takadyň azalýar.

* * *

Arabaly awlanan towşanyň armanyna
ynanmasaň-da bolar.

* * *

Egri ösen agajy miwesinden tanap
bilýän bagbana, aperin.

* * *

Nyşana gelen bürgüt garganyň gagyldysyna
baş galdyrmadygyna puşman
edibem ýetişmedi.

* * *

Bilbil bilen bir bagda ýaşaýan garga
özüne atylan kesegi bilbili kowmak üçin atylandyr öýtdi.

* * *

Eşege ýüklenip getirilen ýorunjanysygra döküp, eşege ýandak atýas.

* * *

Irkilen çopany hemmeden öň geçi
görermiş.

* * *

Akmagy tanamaýanyň özi akmakdyr
welin, tanabam gaçmaýana näme baha berersiň?!

© Çary KULYÝEW,
filologiýa ylymlarynyň kandidaty.

GARAGUM žurnaly 03/2020.
102/103-nji sahypa.

Çeşme. edebiyat.clan.su
34
76
ylham_gurbanaly
19.12.2023 09:45

Alys-alys adalara,

Ýol ugramaz ýodalara,

Üzülip men güzerimden,

Synsa ýaşym, siňse derim,

Giderin men,

Men giderin

Seniň bilen

Ýa-da sensiz.


Söýgiňden bir Güneş döret,

Söýýän bolsaň eger-de sen.

Çyglyp ýörmek nämä gerek,

Zyňan süňküň gemirmesem?!

Irsem bir gün iňirdiden,

Gulaçlam almasa gerim,

Giderin men,

Men giderin

Seniň bilen

Ýa-da sensiz.


Bu bir gury haýbat däldir

Ýa däldir sözlem warsaky.

Ýürek daşa dönmän tändi,

Dagdan bolmansoň arkasy.

Ýagyr bolup göterimden,

Ýol ýasansoň gökden berim,

Giderin men,

Men giderin

Seniň bilen

Ýa-da sensiz.


Dürli reňke boýanyp sen,

Bolduň indi jynmy-peri?

Ýat düşekde oýanyp sen,

Seniň söýgiň çynmy beri?!

Bilip bilmän öterin men,

Aglap galar bergilerim,

Giderin men,

Men giderin

Seniň bilen

Ýa-da sensiz.


© Sungat Gurbangeldi

çeşme. edebiyat.clan.su

30
37
ylham_gurbanaly
17.12.2023 13:59
Çala eşdip, çatma gurýarka güňler
Düýşlemde döredip bir gerçek keşbi,
Tesbiň dänesi deý tirkeşen günler
Ýagmazak bulut deý ahmyrly geçdi.

Söz açmadym içim gemren ýaradan,
Topraga öýkünip – içim hümledip.
Maňa menden belet beýik Ýaradan
Neçüýn meni ýaratdyka düňle edip?

Ak ýollarda jylaw çekmän gowzaýyn,
Indi, meni mundan artyk egleme.
Gözüm ýumsam – ýolum baglar öwzaýym,
Nirä baksam x, y – deňleme.

Ak daňlaryň ak alnyna baglaryn
Gün çogunda mäjum bolan öýmäni.
Orta ýolda yza bakyp aglaryn,
Soňky ýolda öwrenerin söýmäni

© Sungat GURBANGELDIÝEW
25
49
ylham_gurbanaly
16.12.2023 14:09
Kastyňda däl,
Kastymda sen
Aslynda
Waspyňda
Gijede
Güýjedip
Duýgulary
Duý şulary
Diýip ýazdym
Diýip pozdum
Ençe sany
Mençe barmy
Söýen seni
Köýen teni
Bejerjek sen
Getirjek sen
Arzuwlary
Al suwlary
Didelemden
Dideleň seň
Ummandan çuň
Sözlerim gum
Gözlerňi ýum
Bumm.
Aýylganç seda.
Ählisi pida.
Gözýaşsyz agy.
Gutardy bary...


Ylham GURBANALYÝEW
2023
26
73
ylham_gurbanaly
16.12.2023 11:02
Saklama kalbyňda kine, ezizim!
Söýgi diňe güýç goşýandyr güýjüme.
“Meňziň saralypdyr” diýme, ezizim!
Solgun reňkler ýaraşýandyr güýzüme.

Tyg ýara salmasyn gyna, ezizim!
Sözler bogazyňa bolmasyn tegek.
Sen meniň ýüregmi gyna, ezizim!
Görjek görgülerim bolmasyn telek.

Uýma özge küýe, dine, ezizim!
Gara basan düýşleriňden el çek sen.
Ýör, göçüp gideli düýne, ezizim!
Ikimize ýer galmandyr geljekden.

© Sungat GURBANGELDI
25
57
ylham_gurbanaly
15.12.2023 09:12

Sowuk bilen oňuşyp bilmän peji gujaklap ýatan Öwrenmeliniň ähli agzalaryna gyzgynjak salam ýollamak bilen kiçiräk arakesmeden soň "Tanyşmak aýyp däl" atly virtula tanyşlyk gepleşigimiziň 11-nji sanynda siziň hemmejäňizi hoş gördük. Gepleşigimiziň bu sany öz aýratyn myhmany bilen has-da aýratyndyr. Sebäbi gepleşigimizde ilkinji sapar gelneje agzamyz bolan, " Öwrenmeliniň ilkinji gelnejesi" bolan @gulshatayewa97 agzamyz myhmançylykda. Hoş gördük. Geliň, geçiň oturyň.


Gepleşigiň hemaýatkäri: "Sowukda gözellik hökman däl" diýýän gyzlar jemgyýeti.

Başlalyň onda.

@mawy iliň çagasy bela diýmede kameraň öňünden aýryl hany.


Ine boldy. Başladyk.


1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa, başardygyňyzdan doly aýdyň, at, familýa, doglan ýer, ýyl).

2. Nikiňiziň döreýşi barada kelam agyzjyk... Bu ilkinjimi ýa başgada bardymy?

3. Öwrenmelä haçan we näme maksatda geldiňiz?

4. Öwrenmelide iň ýakyn dostuňyz/joraňyz kim?

5. Ýadyňyzdamy meniň programma ilkinji gelen günlerim maňa ilkinji tankyt eden sizdiňiz. (Tankydyňyza minnetdar, dogrysy tankytlar bilen taplandyk. Häzirki "şahyrlar"-a ýekeje tankyt etseň, peşeden pil ýasaýýa) Siziň soň-soňlar tankytlarňyza gabat gelmedim. Näme sebäp boldy? Ýa barybir peýdasy ýokdugyny bildiňizmi?

6. Durmuş näme? Öz şahsy düşünjäňiz bilen beýan edäýseňiz.

7. Semizlige näme sebäp bolup biler? (Kim semrese-de men semremerin. Şonda-da bilip goýaýyn)

Horlanmak üçin nämeler etmeli? (Sizde üýtgeşme bar diýipdim)

8. Häzirki galyň sistema barada kelam agyz. Häzirki edilýän zatlar göz çykaryjymy ýa entek o derejä ýetenokmy?

9. Kino bilen araňyz nähili? Haýsy kinolary görýäňiz? Özüňizi haýsy aktrisa meňzetýäňiz?

10. Kontaktyny belläp ýekeje sapar jaň etmedik adamyňyz barmy? (Meselem, siziňki mende bir döwürlerden bardy.)

11. Tikinçilikden başga, boş wagtyňyz nämeler bilen meşgul?

12. Bir zady edip uludan öküne ýagdaýyňyz barmy?

13. Söýgüden soň dostluk galyp bilermi?

14. "Öwrenmeli" programma nähili garaýşyňyz bar? Programmany ösdürmeklige nähili pikirlerňiz bar?

15. Gepleşigiň indiki sanynda haýsy agzanyň bolmagyny isleýäňiz?

16. Goý, Siziň janyňyz sag, durmuşda şowlulyklar ýar bolsun! Güler ýüzüňiz hemişe gülüp dursyn.

56
1 065
ylham_gurbanaly
14.12.2023 14:12
Ajymy? Geçmedi, diňe öwrenişdim.

*****
Men bu şäherde iň köp seni söÿdüm.

*****
Haýsysy has kyn? Jennetdäki bir bagtsyz bolmakmy ýa-da jähennemdäki bir bagtly?

*****
Gorkyny ÿeñmäge çalyshma. Sebäbini ÿok etmegi bil.

*****
Ýolumdan dönmedigim üçin däl, seniň bilen hiç bir ýolda ýöremejegimi bilýänim üçin gidýän. Ýer ýüzüniň bütin söÿgüleri seniňki we meni unudyp bilersiň.

*****
Ajynyň täsiri, size güýçli bir häsiýet sowgat etmegidi.

*****
Ýalňyzlygym ahy-perýatdy, hemmäňiz kerdiňizmi?!

*****
Nähili geň. Içimdäki hasratlar sendiň, olary diňdirjek bolan-da.

*****
"Unutmak" diýmegiň nämesi kyn-a; asyl unutmak mejburyýetinde galmak ÿykar adamy.

*****
Yşkk barlygyň däl ÿoklugyň ýitgisidir.

*****
Beýik söýen ýüregiň ajysy kiçi bolmaz.

*****
Hemme zat geçmişde galýar, ýöne hiç bir zat geçmeÿär.

*****
Görmeýän göz däl, ynsandyr aslynda we gözler dodaklar gymyldamasa hem sözleşip biler.

*****
Mesele şu; durmuşy ýaşap düşünmekmi, ýa düşünip ýaşamakmy?

*****
Ynjanjak hal galmady mende. Saňa bir maslahat; hoshlaşygymyz sowuk bolar, galyňrak geýin.

*****
Söýgi, ynsanyň öz kemligini başgasynda tamamlamak islegidir. Terk edilmek bolsa kemliginiň
has-da kemelip yzyna tabşyrylmasydyr.

*****
Uly hyýallaryň döwükleri-de uly bolar, ýöne nädeýin ÿyldyzlar hem diňe özüni ýakyp bilýän wagtynda ÿyldyzdyr.

Kahraman TAZEOGLU

Çeşme: edebiyat.clan.su
23
108
ylham_gurbanaly
11.12.2023 09:02

Özümi mydama aldawa salýan,

Tekrarlap ýagdaýmyň oňatlygyny

"Göz üçinem" galyň geýinen bolýan,

Aýyrman dünýämiň doňaklygyny


Sen kem-kemden uzaklaşýaň,

haýaldan,

ünjä berip gursagymyň çar ýanyn

Ýöne ilki arzuwlardan, hyýaldan,

Eräp gitdiň bir gysymlyk gar ýaly


Seret, ýene gar ýagýar-a söwdügim

Ümür bilen kütek gözler garjaýar

Senli doly ýatlamalaň sandygyn,

Güýzde ýagyş, gyşda garlar dörjeýär...



Ylham GURBANALYÝEW

36
70