ylham_gurbanaly
19.12.2023 09:45

Alys-alys adalara,

Ýol ugramaz ýodalara,

Üzülip men güzerimden,

Synsa ýaşym, siňse derim,

Giderin men,

Men giderin

Seniň bilen

Ýa-da sensiz.


Söýgiňden bir Güneş döret,

Söýýän bolsaň eger-de sen.

Çyglyp ýörmek nämä gerek,

Zyňan süňküň gemirmesem?!

Irsem bir gün iňirdiden,

Gulaçlam almasa gerim,

Giderin men,

Men giderin

Seniň bilen

Ýa-da sensiz.


Bu bir gury haýbat däldir

Ýa däldir sözlem warsaky.

Ýürek daşa dönmän tändi,

Dagdan bolmansoň arkasy.

Ýagyr bolup göterimden,

Ýol ýasansoň gökden berim,

Giderin men,

Men giderin

Seniň bilen

Ýa-da sensiz.


Dürli reňke boýanyp sen,

Bolduň indi jynmy-peri?

Ýat düşekde oýanyp sen,

Seniň söýgiň çynmy beri?!

Bilip bilmän öterin men,

Aglap galar bergilerim,

Giderin men,

Men giderin

Seniň bilen

Ýa-da sensiz.


© Sungat Gurbangeldi

çeşme. edebiyat.clan.su

30
37
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.