yasyl
18.01.2024 14:16
adamlaryn wezipesine seretman
26
106
yasyl
28.12.2023 19:42
Adamlar size nesihatym gahardan daşda duryn.Hemme ajy zatlaryn icinde bir süýji bardyr .
17
83
yasyl
27.12.2023 01:19

Men adamlara bu ýüzden ynanasym gelenok.😢

27
222
yasyl
25.12.2023 14:31
AŞK demek işte bu❤️
24
97
yasyl
24.12.2023 12:48
Tylla balygy.
Bardym kenaryna bulanyk derýaň
Atdym girdabyna mekir çeňňegi.
Irizdi gowgasy gowgaly dünýäň,
Gazandym men diňe gysyr emgegi.

Galkan kimin gat-gat edip tolkunyň,
Derýa menden baýlygyny gizledi
Çeňňek açyp däli derýaň gulpuny,
Meniň arzuw-hyýalymy gözledi.

Çeňňege ildirip derýaň baýlygyn
Kenara çykardym, synladym durdum,
Tapabilmän şol arzyly balygym,
Men olary ýene suwa goýberdim.

Agdardym, düňderdim derýa şalygyn,
Aw oňmady, gaýtdym yzyma bakan.
Sen haýsy suwlarda, tylla balygym?
Ýa bireýýäm tutup goýberdimmikäm?!
21
21
yasyl
02.12.2023 17:58
Durmuş pikir edişimce däl eken kasi adam kasi yone san eken🥺🥺🥺🥺🥺
22
78
yasyl
01.12.2023 19:44

Durmusda şeýle bir adamlar bar ,olar ertiki bagtly etjek adamlary tapyp düýnki bagtly edip şu güne getiren adamlary unytýarlar...🥺🥺🥺

27
97
yasyl
30.11.2023 00:10
Bagyslap bolarmy😔😔😔
27
229
yasyl
29.11.2023 06:36
Men bu gün ýaplanyp ýatan ýerimde
Diňe öz-özümi diňläp oturdym.
Kelle diýdi:
— Kän zatlary gazandym,
Ýürek diýdi:
—Kän zatlary ýitirdim.

Kellä kakdym:
—Ýeri näme gazandyň?
Kelle diýdi:
—Dünýä akyl ýetirdim.
Ýürek diýdi:
—Ana, şonuň üçin-de,
Aýdýaryn-a men köp zady ýitirdim.

Kelle öňem hümläp duran halyna,
Ýokuş görüp özgäň azar berýänin,
Ýürege ýüzlendi: — Sen, goňşy, näme
Ýitiren zadyňy menden görýärmiň?

—Dagy näme? — diýip sojady ýürek —
Elbetde, baryna sen bolduň sebäp.
Men ýenjilýän bendä gol berjek bolsam,
Sen diýdiň:
—Köpeldi bipeýda sogap.

Bir günem bir kişiň gaçyran pulum
Eýesine berjek bolupdym men-ä,
Senem berdirmediň bilimlisiräp,
Diýdiň:
Güýçden gaçdy, köneldi günä.

Beýle gedem dälsiň ahyr birmahal,
Bilýänsiň, jedelden-gaýrydan daşdyň.
Men öňden ýörärdim, senem yzymdan,
Nä ýüz bilen meniň öňüme düşdüň?!

Kelle oýlanýardy, şonuň üçinem,
Meger, ol birbada bermedi jogap,
Soň diýdi:
—Gör, men-ä harsurup ýörün,
Onuňam bar işi günädir sogap.

...Men käte dikelip, käte ýaplanyp,
Öz-özümi diňläp oturdym biraz.
Ymyzganjak boldum, ýöne bolmady —
Çep gursak sorkuldap berýärdi azar.
32
44
yasyl
28.11.2023 00:41
Iş üstünde tragiki ýagdaýda
aradan çykan dostum, atdaşym
Gurbannazar Nepesowa.

Oýnadyp ýeserje gara gözleriň
Meň ýanyma geleniňde her gezek,
Ýazyp oturanmy görüp, diýerdiň:
«Men azar bermäýin, işlemek gerek!»

Ol gezegem şeýdip, çykdyň-da gitdiň,
Birküç sany wäşi sözüňi oklap.
Indem uzaklarda ümsüm ýatyrsyň,
Bütindünýä Ümsümligin gujaklap.

Eýýäm şu gün ýitiglerňi sanasaň,
Otuz ýaş asyr deý uzak görünýä.
Paýhaslanýas, hyjuwlarmyz köşeşýär.
Biz ýitirip düşünýäris bu dünýä.

Seniň baryp ýeten uzak ülkäňe
Otlular gatnanok, maşyn baranok.
Bu gün sen barada goşgy ýazýaryn,
Senem gelip, maňa azar bereňok.

Bu gün iňrik çöküp dagyň üstüne,
Gije göge seçeninde pişmesin,
Sen-ä gelip maňa azar bersediň,
Menem şu goşgyny ýazman geçsedim.
33
254