yanabayeva
10.10.2023 08:16

Ol gyzy bir oturlusykda gorupdi. Gaty owadan gyzdy. Hemme oglanlar onun bilen tanysjak bolyardy. Oturlusyk gutaranyndan sonra ol gyzy kofe icmage cagyrdy. Gyz oglany tanamayardy. Ona kan uns hem bermandi. Emma oglanyn eden teklibine naziklik bilen bolyar diydi. Olar kocanin gyrasyndaky cayhanada kofe icmek ucin oturdylar. Emma oglan gyzyn yanynda gaty aljyrayardy. Sebabi gyza gaty asyk bolupdy. Gyz bu yagdayda kan oturman oyune gaytmagy yuregine duwende oglan ofisanty cagyrdy we ondan duz isledi. Kofeme atmak ucin diydi. Muny esiden beyleki musderiler hem gen galyp ona seredisdiler. Oglan utanjyndan yana cym gyzyl boldy. Yone hic zat bolmadyk yaly duzy kofesine atyp icmage baslady. Gyz hem hayran galyp uytgesik agyz tagamynyz bar diydi. Oglan bu yagdayy seylerak dusundirdi. Cagakak denzin kenarynda yasayardyk. Hemme wagtymy denizde we kenarynda geciryardim. Deniz suwunyn tagamyna owrenisdim. Duz tagamy bilen ulaldym. Sondan bari hem kofeme duz atyp icyarin. Hacan seydemde cagalygym yadyma dusyar we ene-atamy yatlayaryn. Enem-atam su wagt hem sol yerde yasayar. Olary su wagt hem gaty goresim geldi. Gyz oglanyn gurruninden tasirlenipdi. Gyz oglanyn acyk yurekli, gowunjen masgalasynyn aladasyny edyan we masgalasyna eye cykyan biridigine goz yetirdi. Oglan gurrunini sonlandyranyndan sonra gyz hem oz durmusy barada, cagalyk yyllary barada, masgalasy barada gurrun berdi. Bu yerde gyz bilen oglanyn arasynda gyzykly sohbet bolupdy. Ikisi hem biri-birine ysnysypdylar. Gyz bilen oglan yene dususmaga dowam etdiler. Enceme dususykdan sonra biri-birilerini halamaga basladylar. Esli wagtdan sonra bolsa durmus gurup toy etdiler we omurboyy agzybirlikde yasadylar. Ayaly hacanda adamsyna kofe tayyarlanda onun kofesine duz atyp berdi. Bu yagday 40 yyl dowam etdi. 40 yyl son adam yaraman yatdy we oljegini bildi. Oljek wagty ayalyna olenimden sonra ac diyip bir hat goydy. Ayaly hem adamsy oleninden sonra ol haty acyp okady. Hatda:Ezizim! Meni bagysla. Butin durmusymyzy bir yalan bilen dowam edenligim ucin meni bagysla. Sana omrumde yekeje yalan aytdym. Ol hem duzly kofe. Yadyndamy ilkinji gezek dususanymyz. Sonda aljyranlyk we utanjymdan seker diyjek bolup durkam agzymdan duz sozi cykdy. Sen we beylekiler mana seredip durkanyz utanjymdan tazeden seker diymage cekindim we omurboyy bu yalan bilen dowam etdim.

Sana hakykaty aytmak ucin nace dyrjasdym emma sen menden uzaklasarsyn oydup aydyp bilmedim. Emma indi gorkara zat yok sebabi men olyarin. Hakykaty islesen men durmusymda duzly kofeni hic halamayaryn. Iceninde yuregini bulayan tagam bar. Emma seni tanamagyma we senin men yanymda bolmagyma sebap bolanlygy ucin duzly kofeni omrumin sonuna cenli icdim we muny icenimde yekeje gezek hem pusman bolmadym sebabi senin bilen bolmak menin ucin in uly bagtdy. Men bu bagt ucin duzly kofa borcludyryn. Dunya tazeden gelsem we yene-de seni tanap duzly kofe icmeli bolsam senin bilen bagtly bolmak ucin duzly kofe icerdim

41
172
yanabayeva
09.10.2023 20:36

Nadip sowadayyn yurek howrumy,

Ansat yetilyan zat yog-a dogrymy?!

Kicigowun hemem sada ogluny,

Ka kisiler pes gorya-le, Ejemjan


Gorenlerimin tagmasy yok yuzumde,

Bukdum hacan gozum yasa ezemde.

Towerege ka yylgyryp gezemde.

Aladasyz mes goryarler Ejemjan.


Cur depamde dunyan gara buludy,

Dusunyan az, dusunmeyan surudi.

Netim-palim yagmyrlardan durudy,

Illen gozi pos gorya-le Ejemjan,

Iller bizi pes gorya-le Ejemjan...

38
140
yanabayeva
28.09.2023 18:32

1. Gyzlan oyunde gap-gaclar nahar iylenden son yuwulyar, oglanlarda bolsa nahardan on yuwulyar.

2. Oglanlaryn banyasynda in esasy 5 sany zerur zat bolyar dis cotka sabyn sampun sakgal syrylyan we sakgal syrmak ucin kopurjik. Gyzlan banyasynda ortaca 50a golay zat bolyar ol zatlaryn kopusinin name gerekdigini oglanlar bilmeyarem.

3. Gyzlar iki gunde bir kir yuwyarlar, oglanlar bolsa in sonkyja esigi hapalanandan son hemmesini bir masynka oklayarlar.

4. Gyzlar pisikleri gowy goryarler, oglanlaram pisikleri gowy goryandiklerini aydyarlar emma gyzlan yok yerinde pisigi depyarler.

5. Gyzlar dukana gidende ise gidende nira gitsede egin-esigine uns berip bezenyar, oglanlar bolsa dine toya gidende bezenyarler.

6.Gyzlar biri-birine goujam gulum akylym balym diyip yuzlenyarler, oglanlar gujuk wank esek usan yaly sozler bilen yuzlenyarler.

7. Dort oglan bir yerde nahar iyende hasap 15 manat bolsa oglanlan hersi 5 manat oklap gaytatgysyna garasman turup gidyarler, gyzlar telefonyn kalkulyatoryndan 15/4 edyarler.

8. Ayal masgalan her yere gitmek ucin yorite kowsi bolyar, erkeklerde bolsa yekeje kowus bolyar hemme yere sony geyyarler.

50
236
yanabayeva
26.09.2023 19:29
Salam eje bu yene men. Seni seyle gujaklasym gelyar yone duygudyr pikirlerden gursap alan basymy sypalap sen nam ucin agladynkan? Gozunden yekeje duwme gacyryp sonam bir gysym bolup otursyny hic unudyp bilemok. Ynanay gozlerini yeke gezegem yasly gormamson bu menin ucin gen bolup gorunyar. Men su gune cenli eje aglamayar diyen pikirdedim. Men yene sol pikirime galayynda senin hic hacan aglamajakdygyna ynanayyn. Muny hem totanden daman gozyas hasap edeyin.


Eje agym tutyar sen yer sermesen

Ya hasany tapyp bilman kosensen

Bagyslaman meni sessiz agladyp

Ah sowsyzlyk yollarymda kesersen.


Men barde diyyana men barde eje

Bu bolsuna dunyam sarsyar gozgyny

Ynanyan gorjegne yuregimdaki

Seni soyyan diyen yazgyny.


Bolsa-da men muny gowluga yordum. Senin name ucin aglanlygyna sahelce bolsa hem dusunmage basladym. Allajan dirikam bir yagty jahany gormekden mahrum etme diyyan dileglerini yadyma saldym. Bu senin gormekden galyp baryan gozlerini alada edip her gunki edyan dileglerindi. Oten agsam duys gorupdurin. Duysumde sen gapynyn agzynda bukulipjik yatyrmysyn. Menem eje beydip yatmasana men sana torden yer salyp duruna diyyamisim. Sujagaz goren duysum goz onumde surat bolup galdy. Ejem yene syrkawlayjakmyka diyip azara galdym. Sen syrkawlamagada ahli zada kayyl dine gorer gozlerim gorup dursa bolyar diyyarsin. Gormekden galyp baryan gozlerin aladasy bilen yasayarsyn. Men bolsa seni su sozlerim bilen kosesdiryarin. "Huday kalby perisdanki yaly adamlary ynjytmaga dozmez. Ejejan sol gezekde dusunmedigem bolsam senin name ucin aglanlygyna indi dusunjek bolyaryn kabam! Sen yagsy yamany gore gore gelyan gozlerinden hic hacan jyda dusmersin. Kalbyndan gelyan yagtylykdan konul gozlerin elmydama acyk bolup yollaryn yagty bolar. Ol hokman seyle bolar, kabam!
39
118
yanabayeva
25.09.2023 19:51

Kiçijik oglanlanlaryñ biri bazaryñ gaýra gyrasyndaky awtomat telefonlaryñ ýanyna barypdyr. Heniz boýy ýeterden ir bolanlygy üçin, şol ýerdäki sandyjagy telefon trubkasynyñ aşagyna süýşüripdir. Sandygyň üstüne münüp, telefon turbkasyny alypdyr we gerekli san belgilerini basyp aylapdyr. Telefonlara seredyan adam bu oglanjygyn edyan hereketlerine syny oturupdyr olaryn name gurlesyandiklerini bilmek islapdir.

Telefon turbkasyny gulagyna yetiren oglanjyk "Garry ene, men size ise durmak isleyarin belki-de bagynyzdaky otlary orup bererdim" diyipdir. Emma anyrdan yanlanan zenan sesi oglanjygyn bu islegini ret edipdir. Sag bol balam bizde bagymyzyn otuny orup beryan oglanjyk bar diyipdir. Yone mana sona toleyan pulunyzyn yarysyny tolesenizem bolyar diyip, oglanjyk erjellik bilen sozuni dowam edipdir. Anyrdan gurleyan zenan bu gezegem sol oglanjygyn edyan islerinden razydygyny onun yerini basga biri bilen calysmak niyetinin yokdugyny malim edipdir.

Men howlynyzyn das-toweregini howlyn onundaki telarinizi hem arassalaryn. Sizin howlynyz saherdaki in owadan bag-bakjaly howly bolar diyip ahli basarnygyny edip bilayjek islerini aydyp yetisipdir. Emma zenan yene bu oglanjygyn teklibine razy bolmandyr.

Oglanjyk uludan dem alypdyr-da, ozunden hosallyk bilen sadyyan yylgyrypdyr-da telefon trubkasyny goyupdyr. Bu gurrunleri dinlap oturan telefon eyesi oglanjygyn janayamazlyklygyna, gayratyna, zahmetden gacmayan isleg-howesine seredip "Han ogul sana gownum yetdi. Islesen men seni oz howlymyza islemage cagyryp bilerin" diyipdir. Oglanjyk teklibinize sag bolun yasuly men yone oz hojayynymyn menin edyan islerinden razydygyny ya-da daldigini bilmek ucin seytdim. Yanky zenanyn oyunde isleyan oglan menin ozum diyip jogap beripdir.



Kate bizem ozumizi dasyndan synap barlap durmaly. Barden gaydyan ya egrelyan yerimiz bar bolsa duzetmeli. Bu hem ozuni tanamagyn we taplap durmagyn bir yoly.

46
160
yanabayeva
21.09.2023 10:18

Ýönekeý zatlardan bahana gözläp,

Aýryşma ojakdan, yol berme hata!

Sana gelin, oňa ýoldaş tapdyrýar,

Çaga, tapdyrmaýar ene hem ata...



Öwezgeldi Taganow

31
73
yanabayeva
20.09.2023 17:29

Bu soraglar hemmeler ucin gyzykly bolsa gerek. Dunyanin in kop dil bilyan adamy Ziad Farzah bolup, ol jemi 59 dilde geplep bilyar. Gecirilen synaglarda onun 59 dildaki rayatlar bilen dusunisip we aragatnasyk saklap biljekdigi yuze cykaryldy. Bellenilisine gora, Fazhyn hazirki wagtda dunyanin in uly yasly poliglotydygy(kop dil bilyan) aydylyar.

Fazah 1954-nji yylda Liberiyada dogulyar. Liwanda ermeni dilini owrenenden son, kop dil owrenmek kararyna gelyar. Ol 1998-nji yylda 58 dilde geplap we okap bilyandigi ucin Ginnesin Butindunya rekordlar kitabyna in kop dil bilyan adam hokmunde hasaba alynyar. Fazah hazirki wagtda Braziliyada yasayar.

Yer yuzunde 7 munden gowrak dil bolup, olar ene dili, resmi diller, halkara diller yaly toparlara bolunyar. Taryhy maglumatlara gora, IX asyrda yasap gecen Al Farabynyn 70 dili suwara bilendigi aydylyar.



Hany indi kim nace dil bilyandigini teswire yazyp gecelin

51
391