Salam eje bu yene men. Seni seyle gujaklasym gelyar yone duygudyr pikirlerden gursap alan basymy sypalap sen nam ucin agladynkan? Gozunden yekeje duwme gacyryp sonam bir gysym bolup otursyny hic unudyp bilemok. Ynanay gozlerini yeke gezegem yasly gormamson bu menin ucin gen bolup gorunyar. Men su gune cenli eje aglamayar diyen pikirdedim. Men yene sol pikirime galayynda senin hic hacan aglamajakdygyna ynanayyn. Muny hem totanden daman gozyas hasap edeyin.
Eje agym tutyar sen yer sermesen
Ya hasany tapyp bilman kosensen
Bagyslaman meni sessiz agladyp
Ah sowsyzlyk yollarymda kesersen.
Men barde diyyana men barde eje
Bu bolsuna dunyam sarsyar gozgyny
Ynanyan gorjegne yuregimdaki
Seni soyyan diyen yazgyny.
Bolsa-da men muny gowluga yordum. Senin name ucin aglanlygyna sahelce bolsa hem dusunmage basladym. Allajan dirikam bir yagty jahany gormekden mahrum etme diyyan dileglerini yadyma saldym. Bu senin gormekden galyp baryan gozlerini alada edip her gunki edyan dileglerindi. Oten agsam duys gorupdurin. Duysumde sen gapynyn agzynda bukulipjik yatyrmysyn. Menem eje beydip yatmasana men sana torden yer salyp duruna diyyamisim. Sujagaz goren duysum goz onumde surat bolup galdy. Ejem yene syrkawlayjakmyka diyip azara galdym. Sen syrkawlamagada ahli zada kayyl dine gorer gozlerim gorup dursa bolyar diyyarsin. Gormekden galyp baryan gozlerin aladasy bilen yasayarsyn. Men bolsa seni su sozlerim bilen kosesdiryarin. "Huday kalby perisdanki yaly adamlary ynjytmaga dozmez. Ejejan sol gezekde dusunmedigem bolsam senin name ucin aglanlygyna indi dusunjek bolyaryn kabam! Sen yagsy yamany gore gore gelyan gozlerinden hic hacan jyda dusmersin. Kalbyndan gelyan yagtylykdan konul gozlerin elmydama acyk bolup yollaryn yagty bolar. Ol hokman seyle bolar, kabam!